Habarlar / Seslenmeler
Seslenmeler
SANLY BILIM — BELENT ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.


PARAHATSÖÝÜJILIK ÝÖRELGELERINIŇ ÖZENI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.


SAGDYNLYGYň GÖZBAŞY

Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy ähli zatdan ýokarda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça kabul edilen maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini pugta berjaý etmekden ybarat bolup durýar.


sagdyn iýmit — sagDYNLygyň GIREWI

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr.


ÖSÜŞLER DÖWRÜNIň DOWAMATY

Halkara gatnaşyklary, dünýäniň köp döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar, ýolagçy hem ýük gatnawlary, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy — bularyň ählisi taryhyň beýik ýolunyň merkezi hökmünde dünýä äşgär bolan ýurdumyzyň ösüşleriniň yzygiderli beýany.


HEMIŞELIK BITARAPLYK — MILLI BUÝSANJYMYZ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy — diňe bir giň möçberli milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy bolup durýar.


Batly gadamlar — belent sepgitler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň esasynda iki gezek ykrar edilmegi we dünýä ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylmagy hem soňky ýyllarda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünliklere ýetilýändigini alamatlandyrýar.


Aragatnaşyk ulgamy ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aragatnaşyk ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ulgamyň rowaçlanmagy we hyzmatlarynyň geriminiň giňemegi ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär.


Konstitusion özgertmeler — döwrüň talaby

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasy metbugatda çap edilip, halk köpçüligi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar.


HALKARA HYZMATDAŞLYKLARYŇ GERIMI GIŇEÝÄR

Parahat asuda diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurt hem-de dünýä derejesinde durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga, şeýle hem dünýäde parahatçylygy, asudalygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilýär.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.