Habarlar / Seslenmeler
Seslenmeler
SANLY TEHNOLOGIÝALAR — OKGUNLY ÖSÜŞIŇ girewi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ussat hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Biziň ýurdumyzda halkyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply, ony barha çylşyrymlaşýan dünýäde öz yzyna düşürip, öňe alyp gitjek ýokary hünärli işgärler örän zerur”.


Türkmen ýol gurujylarynyň üstünligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamynda dünýä ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Beýik binalar, ajaýyp desgalar gurulýar. Bu babatda aýratyn guwandyryjy görkezijileriň biri hem gurluşyklaryň aglabasynyň türkmen işewürleri tarapyndan alnyp barylýandygydyr.


möwsüm işjeň dowam edýär

Döwrüň ýüzi hasaplanylýan döwürleýin neşirlerine, gazetdir žurnallaryna ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary uly höwes bilen garaşýan bolsa gerek. Ýurdumyzda bolup geçýän wajyp syýasy, ykdysady we medeni täzelikleri ilatymyza ýetirmekde möhüm orun eýeleýän neşirlerde ähli maglumatlary alyp bilýärler.


halkara gatnawlaryň ösüşi

Parahatçylyk, dostluk-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Garaşsyz Türkmenistan wajyp halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär. Türkmenistan iri ulag toplumlaryny, multimodal logistika merkezlerini gurmak bilen dünýä ulag giňişligine doly goşulyşýar.


EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — DERWAÝYS MESELE

​​​​​​​Ekologiýa howpsuzlygy, suwdan netijeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak ýaly meseleler üçünji müňýyllygyň global meselelerine öwrülýär. Ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Garagum sährasynda iri gidrotehniki desgalaryň birine öwrülen “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi.


PARAHATÇYLYGYŇ hem-de özara ynanyşmagyň ÖZENI

Hemişelik Bitaraplygymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli diplomatiýasy, ynsanperwerlik syýasaty parahatçylygy döretmek sungaty hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty döwletiň adam hyzmat edýändiginiň güwäsi bolup äleme ýaň salýar.


Ösüşiň täze belentliklerine

Häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalar, innowasion pikirlere daýanýan usullar peýdalanylýar.


Ýurdumyzda ulag-üstaŞyr ýükleriň dolanyşygyny artdyrmak ugrunda

​​​​​​​Paýtagtymyzda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan okuw maslahaty geçirildi. Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asudalygy, hoşniýetli we parahatsöýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär


WELOSIPED SPORTY — SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ NUSGASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär.


Nepis sungatyň sarpasy

Haly ene-mamalarymyzyň nesillerimize miras goýan senedidir, milli mirasydyr. Şeýle-de haly bedew atymyz, alabaý itimiz ýaly halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň diýseň nepis dokan halylaryny gören, synlan her bir adam oňa haýran galyp, bu inçe sungaty döredenlere sagbolsun aýdýar.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.