Aragatnaşyk

01-01-20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Ata Watanymyzda il bähbitli özgertmeler durmuşa geçirilip, halkymyzyň abadan durmuşy üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary depginli ösüş gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar.

Üstümizdäki ýylyň hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda aýratyn many bardyr. Bu at ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji ýurt hökmündäki ornuny dabaralandyrmak bilen bir hatarda şu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň ýokary derejede toýlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza Ýer ýüzünde ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Türkmenistan hal kara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar.

2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyz ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligini Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýip kesgitledi. Şu karardan ruhlanyp aragatnaşyk pudagynyň işgärleri ýurdumyzda bu ugurda öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Ýurdumyz da ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär. Bu günki gün ýurdumyz halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde sebitde esasy baglanyşdyryjy merkezi emele getirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlaryny, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işi netijeli alnyp barylýar, optiki-süýümli magistral ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar. Döwletimiz diňe bir merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem Gündogaryň we Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsini emele getirýär. Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeter edildi.

Türkmenistan döwletimiz özüniň ilkinji «Türkmen Älem 52ºE» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen kosmosy öwreniji we özleşdiriji döwletleriň hataryna goşuldy. Indi ýurdumyz dürli görnüşli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we Ýer ýüzüniň beýleki onlarça döwletlerine hödürlemäge mümkinçilik aldy. Hormatly Prezidentimiziň ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenilmegi bilen maglumatlar eýýamyna gadam basan dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmek, sanly ykdysadyýete geçmek, elektron resminamalar dolanyşygyny gurnamak ýaly möhüm wezipeler aragatnaşyk pudagynyň paýyna düşýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzüminde «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Altyn Asyr», «Aşgabat şäher telefon ulgamy», «Türkmen hemrasy», «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri hereket edip, olar ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça giň mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilýän häzirki wagtynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Döwlet hyzmatlary» portaly döredilip, bu portal döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk maglumat ulgamyny üpjün edýär.

Kämil maglumat geçiriş ulgamyň bolmagy ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň barha artmagyna, elektron resminama dolanşygyna, maglumat geçirijiligine we netijede önümçiligiň ýokarlanmagyna getirer. Munuň özi pudak edaralaryna dürli görnüşli hyzmatlar bermeklige mümkinçilik döreder, ýagny ulag pudagy üçin ulag we logistika ulgamyny döretmeklige, söwda toplumy üçin internet söwdalaryny we internet marketing ulgamlaryny guramaklyga, bilim ulgamy üçin uzak aralykdan interaktiw-multimediýa okuwlary gurnamaklyga, saglygy goraýyş pudagynda Milli emeli hemranyň üsti bilen telemedisina ulgamy, internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmak bilen ilata maglumat arkaly maslahatlary bermek, şeýle hem, beýleki pudaklarda kämil aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge, maglumat geçirijiligini artdyrmakda giň mümkinçilikler berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup, ýurdumyzda pul dolanşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwrebap gurnalan aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak bilen ýurdumyzyň bank, söwda we beýleki toplumlaryna ýurdumyzda gurnalan köp sanly bankomatlaryň we terminallaryň üsti bilen ýurdumyzyň islendik ýerinden hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň töleglerini nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaklyga mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzda halkymyzyň internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Internet ulgamynyň göwrümi giňeldilip, daşarky ýokary tizlikli internet akymynyň tizligi hem yzygiderli artdyrylýar. Olaryň häzirki wagtdaky göwrümleri halkymyzyň we halk hojalygynyň dürli pudak edara-kärhanalarynyň Internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar.

Gelejekde, ýagny maglumat geçiriş ulgamlaryň göwrümleriniň has giňeldilip, daşarky eltiji Internet akymlarynyň sany we olaryň tizlikleri has-da artdyrylar. Häzirki zaman, sanly görnüşinde işleýän telefon beketler müşderileri diňe bir telefon gepleşikler bilen üpjün etmän, eýsem köp görnüşli goşmaça hyzmatlary hem berip bilýän amatlyklary döretdi. Olarda Asimmetrik sanly müşderi (ADSL-Asimetrik Digital Subscriber Line), Ýokary tizlikli sanly müşderi (VDSL-Verihigh data rate Digital Subscriber Line) ýaly tehnologiýalary gurnamak bilen müşderilere ýokary tizlikli Internet hyzmatlaryny hödürlemeklige mümkinçilik döredildi. Türkmenistanda internet ulgamy uly depginler bilen ösýär, internet ulgamyň göwrümi giňeldilýär we onuň hyzmatyndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany günsaýyn artýar.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Milli kosmos müdirligi hemra aragatnaşygyny gurnamak, kosmos giňişligini öwrenmek hem-de ýurdumyzyň çäginden emeli hemrany dolandyrmak wezipelerini ýerine ýetirýär. «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň milli operatory bolup durýar. Bu öýjükli aragatnaşyk ulgamy birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda bolup, häzirki zaman öýjükli aragatnaşygyň barha artýan ygtybarly hem-de elýeterli talaplaryna laýyk gelýär. Öýjükli aragatnaşygyň binýatlaýyn beketleriniň ähli ýerlerde gurnalmagy maglumatlary geçirmegiň ýokary tizlikli usulyny üpjün etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde ilatly ýerleriň ählisi diýen ýaly aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edildi. «Altyn Asyr» milli öýjükli aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan TMCELL haryt nyşany bilen 2G GPRS, 3G WCDMA we 4G LTE tehnologiýalary boýunça ykjam internet hyzmatlary hödürlenilýär. Hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak, şeýle hem olaryň ýaýrawyny artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada edýän talaplaryna mynasyp jogap bermek maksady bilen, Aşgabat şäher telefon ulgamy her bir raýata bir wagtda telewideniýe we internet hyzmatlaryny berip biljek IP-TV atlandyrylýan tehnologiýany durmuşa girizdi we onuň hyzmatlaryny şäher ýaşaýjylaryna hödürleýar. IP-TV ulgamynda hemra çanaksyz, telefon aragatnaşyk liniýalarynyň üsti bilen telewideniýe ýaýlymlaryny görmek we internet ulgamy hyzmatlaryny ulanmak bolýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda internet ulgamynyň hemmelere elýeterli bolmagy ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer» diýip belleýär. Şundan ugur alyp, ýokary tizlikli Internet ulgamyndan peýdalanýanlaryň sanyny artdyrmak we onuň elýeterliligini üpjün etmek üçin degişli işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, «Türkmentelekom» EAK we «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ tarapyndan internet trafikleriniň möçberiniň çäklendirilmedik görnüşindäki hyzmatlar üçin müşderi tölegleriniň yzygiderli arzanladyş çäreleriniň geçirilýändigini görkezmek bolar. Transaziýa — Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi ýurtlaryň we yklymlaryň arasynda aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmekde ähmiýetli wakadyr. Bu ähmiýetli gurluşygyň amala aşmagynda Türkmenistan döwletimiziň hem goşandy uludyr. Bu ulgam bilen birleşdirilen täze optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bolsa halkara telefon aragatnaşygyny we interneti, şeýle hem Russiýa, Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary tarapyna trafigi üstaşyr geçirmek mümkinçiligini hem goşmak bilen, öňden bar bolan transmilli aragatnaşyk ulgamlaryna ygtybarly we tiz çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy geljekde Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrar, sebitde söwda-ykdysady we maglumat-kommunikasiýa gatnaşyklary ulgamynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň, halklar arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy ýoly hasaplanylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan dünýä ähmiýetli işler, giň gerimli taslamalardyr özgertmeler milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň beýik sepgitleri nazarlap, olara üstünlikli barýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň resmi saýtyna ýüzlenip bilersiňiz:

https://www.mincom.gov.tm


2.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.