Reňkleriň manylary we psihologik täsiri
31-10-22
Reňkler we olaryň manylary durmuşymyzda olar hemme ýerde irden gözümizi açýan wagtymyz bilen ýapanymyzda köp reňklere sezewar bolýarys. Agaçlar, jaýlar we hatda köçdäki adamlar hem reňklidir. Durmuşymyzda gaty köp bolan reňkler bize köp tarapdan täsir edýär.
Bu täsirleriň iň möhüm we agdyklyk etmegi psihologik täsirdir. Reňkiň köp manysy bar we bu manyda esasy psihologik sebäpler bar. Bu ýagdaýa köplenç üns bermeýäris, ýöne reňkler bize köp täsir edýär. Köp ýagdaýda reňkleriň täsiri astynda ömrümiziň dowamynda edýän hereketlerimiz, bir mesele boyunça kararlarymyz degişli. Käbir reňkler beýlekilerden has göze tiz ilýär, ünsi özüne çekýär we psihologiýamyza has täsirli täsir edýär. Käbir reňkler bize has fiziologiki ýa-da psihologiki taýdan täsir edýär. Mysal üçin okuwymyzda ulanylýan reňklerimiz öndürijiligimizi artdyryp ýa-da peseldip biler.
Gara reňk - köp adamlar gündelik durmuşynda gara reňkleri gaty köp ulanýarlar. Mebel önümlerinde, eşiklerde we esbaplarda gara reňkleri görmek bolýar. Bu reňk asylly adamlary, zatlary ýa-da gurşawy aňladýar. Şeýle bolsa-da gara reňkiň manysy barada jedeller köp. Käbir adamlar gara reňkli güýçleri, jenaýatlary we erbetligi aňladýar diýip pikir edýärler. Başga bir bölegi tersine, çydamlylygy, paýhaslylygy we ygtybarlylygy alamatlandurýar
Goňur reňk - içgysgynlygy aňladýar, hyýaly güýçlendirýär we adamlarda rahatlyk duýgularyny oýarýarýar.
Mämişi reňk - bagtyň, gaýduwsyzlygyň, janlylygyň we ynamyň nyşany hasaplanylýar.
Gülgüne reňk - bu reňk janlylyk, rehimdarlyk we söýginiň nyşanydyr. Mysal üçin adamyň köplenç gülgüne äheňleri halaýandygy we söýgi zerurlygy hökmünde düşünilýär.
Reňkleriň manylary adamlaryň kararlaryna we psihologiýasyna gönüden – göni täsir edýär. Guramalar we kompaniýalar köplenç müşderileri işjeňleşdirmek ýa-da baha bermek üçin reňkleri ulanýarlar. Durmuşyňyzyñ manysyny gowy reňklerden gözlemegiňizi dileýäris.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Bagtiýar SALIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Adam beýnisi barada
Beýni bedenimiziň 3 göterimini tutýar. Ýöne alýan kislorodymyzyň 20 göterimine eýeçilik edýär.
Näme üçin pallaýarys we pallamak näme üçin ýüze çykýar?
Adamlaram, haýwanlaram - her kimem pallaýar. Aslynda bu häsiýet, çaga düwünçejik ösüşiniň 12-nji hepdesinde başlaýar. Alymlar bu hadysany dürli sebäplere görä bolup biler we olaryň ählisinede howply däl diýip hasaplap bolmaýar diýip belläpdirler.
Reňkler barada
Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.
Telewizor hakynda
1931-nji ýylda telewizor önümçiliginde öňegidişlikler peýda bolupdyr. Elektron trubka arkaly şekilleriň görkezilip başlamagy bilen has ýokary hilli telewizor öndürmäge mümkinçilik döräpdir.
Täze ýyl baýramçylygy barada
Täze ýyl — ýagşy niýetleriň ýürege beslenilýän pursatlary-da golaýlap gelýär. Eger geljek ýyla gadam basylýan ajaýyp sepgitde nähili arzuwlary kalba düwjekdigiňizi mälim etmedik bolsaňyz şunuň ýaly usullara salgylanyp bilersiňiz. Bu gezek Siziň dykgatyňyza Demirgazyk hem-de Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan usullar ýetirilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.