Italiýa barada

06-06-22

  • Italiýa döwleti özüniň baý ýädigärlikler toplumy bilen tanymaldyr. Olardan 50 sanysy ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen
  • Italiýanyň baýdagyndaky ýaşyl reňk – umydy, ak reňk – ynanjy, gyzyl reňk – söýgüni aňladýar.
  • Italiýada düýbünden ýetimler öýi ýok. Bu döwletde çagalary örän söýýärler we maşgalalar çagalary perzentlige almak üçin nobata durýarlar.
  • Ýewropa döwletleriniň içinde iň köp wulkanly ýurt  Italiýadyr.
  • Rimde raýatlaryň ömürleriniň uzaklygy ortaça 83 ýaş.
  • Italiýada ýurtda pişiklere degmek bolmaýar.
  • Rimde teatrlaryň ýüze çykmagy gadymy baýramçylyklar, esasan hem, hasyl toýlary bilen baglanyşykly bolupdyr.
  • Juda arassa köçeleri bolan Italiýada hek bilen ýollara surat çekmek gadagan edilen.
  • Juda köp açyşlar bilen bir hatarda termometriň oýlanyp tapylan ýurdy Italiýadyr.
  • Rim şäheriniň Tibr derýasynyň boýunda ýerleşmegi derýanyň üstünden köprüleri gurmagyň zerurlygyny döredipdir. Şonuň üçin Rimde daşdan birnäçe gadymy köprüler gurlupdyr.
  • Hat ýazylýan maşyny italýanlar oýlap tapýarlar.

 

Toplan Aýgül GURTJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

ARY BALYNYŇ GELIP ÇYKYŞY

Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda balarylar grekler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.


Giňdir dünýä, geňdir dünýä

Leonardo da Winçi, Albert Eýnşteýn... ýaly adamlar dünýäniň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşup, taryhda atlaryny goýup gitdiler. Şeýle ajaýyp zehinleriň biri-de saz sungatynyň ösüşini ilerletmegi başaran ajaýyp sazanda Lýudwig wan Bethowendir. Ol özüniň ajaýyp eserleri bilen adam duýgularyny — gynanjy, şatlygy täzeçe beýan etmegi başardy


Bir ýylda iki aý akýan derýa

Bu derýanyň hakykatdan-da bardygyny köpçülik bilmeýär.Bu derýa Antarktidada ýerleşýär.Onuň ady Oniks derýasy  bolup, ol Antarktidadaky iň uzyn derýa hasaplanýar.Uzynlygy 30 kilometre deň bolup hakykatdan hem Oniks derýasy ýylda iki aý akýar, ýylyň galan bölegini  diňe buz halynda geçirýär.Oniks Wiktoriýa sebitlerinde ýerleşip öz gözbaşyny Braýnort kölünden alyp gaýdyp,Wanda kölüne guýýar. 


Reňkleriň manylary we psihologik täsiri

Reňkler we olaryň manylary durmuşymyzda olar hemme ýerde irden gözümizi açýan wagtymyz bilen ýapanymyzda köp reňklere sezewar bolýarys. Agaçlar, jaýlar we hatda köçdäki adamlar hem reňklidir. Durmuşymyzda gaty köp bolan reňkler bize köp tarapdan täsir edýär.


1634c1fe17476c.jpeg
Älemgoşar – reňkleriň sazlaşygy

Älemgoşar eýýäm biziň üçin ýyly pikirleri özünde jemleýän täsin waka. Hakykatdan hem asmanyň ýüzüni gara bulut tutup ýagyş ýagandan soň bulutlar derrew dargaýar we asmanyň ýüzini köp reňkli zolak tutýar. Ol zolak adama umyt we bagt berýär. Adamlar älemgoşaryň reňkini elmydama gowy zat bilen baglanyşdyrýarlar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.