Adam beýnisi barada

08-06-22

  • Adam beýnisi 80-100 milliarddan gowrak nerw öýjüklerinden (neýronlardan) durýar.
  • Beýniniň çep tarapynda sag tarapa seredende 200 million köp neýron bar.
  • Adam beýnisindäki neýronlaryň ululygy bary-ýogy 4-100 mikrometr.
  • Alymlaryň geçiren gözleglerine görä aýallaryň beýnisinde erkekleriňkä garanyňda çal reňkli maddalaryň köpdügi anyklanyldy.
  • Akylly adamlaryň beýnisinde beýlekilere seredende çal reňkli maddalar has köp bolýar.

  • Çal dokumalar adam beýnisiniň 40% -ini tutýar.
  • Adam beýnisindäki ak maddalar  beýniniñ meýdanyň 60 göterimini tutýar.
  • Ýag adam ýüregine zyýanlydyr.  Emma beýni üçin gaty peýdaly.
  • Adam beýnisiniň ortaça agramy 1, 3 kilogram.
  • Beýni bedenimiziň 3 göterimini tutýar.  Ýöne alýan kislorodymyzyň 20 göterimine eýeçilik edýär.
  • Beýni özünden gaty köp mukdarda elektrik energiýasyny öndürýär.  Aslynda, uklaýan beýniniň elektrik togy 25 wattlyk lampany ýakyp bilýär.
  • Beýniň ululygy biziň akyl derejämizi kesgitlemeýär.  Muny alymlar subut etdiler.  Mysal üçin, Eýnşteýniň beýnisiniň ululygy ortaça derejeden kiçidi.
  • Ukymyz tutanda beýni salkyn çekýär.  Ukusyzlyk we ukyň ýetmezçiligi beýniniň temperaturasyny ýokarlandyrýar.
  • Alymlaryň pikiriçe, adam beýnisinde  günde ortaça 70,000 sany pikirler aýlanýar.
  • Beýniniň içindäki maglumatlar sagatda 1,5-den 440 kilometre çenli islenýän nokada iberilýär.

  • Lukmanlar beýniniň ösüşiniň 25 ýaşa çenli dowam edýändigini aýdýarlar.
  • Ikinji beýni diýilýän zat adamyň aşgazanynda höküm sürýär.  Keýpiňi we işdäňi dolandyrýar.
  • Mindalin beýniniň bir bölegi bolup, onuň işi gorky duýgusyny dolandyrmakdyr.  Ol aýyrylsa, adam gorkynyň nämedigini bilmez.
  • Adam näçe akylly bolsa, beýni bilen baglanyşykly keseliň döremek howpy şonça pesdir.
  • Beýnimizdäki ak maddalaryň 70% -ì we çal maddalaryň 84% -ì suwdyr.
  • Beýniñi ýokary derejede işletmek üçin has köp suw içmeli.
  • Adam bedeni beýniden öñ turýar.
  • Her minutda adam beýnisinde 750 millilitr gan aýlanýar.
  • Adam beýnisiniň 60% -i ýaglardan durýar.
  • Maglumatlary ýatdan çykarmak beýnimize oňyn täsir edýär we nerw ulgamynyň çeýeligini ýokarlandyrýar.
  • Jübi telefonlaryny aşa köp ulanmak beýniniň düwnük keseline sebäp bolýar.
  • Adam beýnisi hiç wagt dynç almaýar.  Hatda ukuda-da işleýär.
  • Çagalar bilen köp gürleşmek we kitap ýa-da gazetleri  sesli okamak beýniniň ösmegine kömek edýär.
  • Beýnimiziň çep ýarym şary bedeniň sag tarapyny, sag ýarym şary bolsa bedeniň çep tarapyny dolandyrýar.
  • Beýni 6 minutlap kislorodsyz ýaşap bilýär.

Taýýarlan Azat ÖMÜRSÖÝUNOW,
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 18-nji orta  mekdebiniñ 11-nji synp okuwçysy.

Bütindünýä Kosmos hepdeligi

Bütindünýä Kosmos hepdeligi — ynsanyýeti kämilleşdirmek üçin ylmyň we tehnologiýanyň goşantlarynyň halkara çäreler bilen bellenilýän hepdeligidir.


ILKINJI TIKIN MAŞYNY HAÇAN DÖREDILDI?

Ilkinji tikin maşynlarynyň XIV asyrda Gollandiýada peýda bolandygy aýdylýar. Bular galyň matalary tikmek zerur bolanda, ýelken tikmekde ulanylýan gaty täsirli ölçegli tigirli mehanizm bolupdyr. Bu tikin maşyny ne oýlap tapanyň ady, ne-de bu mehanizmleriň şekili saklanylmandyr.


Energiýa barada gyzykly maglumatlar

Bilşiňiz ýaly, energiýa dürli usullar bilen döredilip bilner. Häzirki wagtda adam elektrik toguny ulanman doly durmuşy göz öňüne getirip bilmeýär. Şeýlelik bilen, energiýa hakynda iň gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:


Kitaphanalaryň taryhyndan...

Akyl-paýhasyň, bilimiň çeşmesi bolan kitaplar ähli döwürlerde hem özüniň gymmatyny, ähmiýetini ýitirmän gelýär.  Arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan dünýädäki ilkinji kitaphanalar IV asyra degişlidir. Gadymy Assiriýanyň Ninewi şäherinde tapyldy. Bu ýerde tapylan tapyndylarda 30 müňe golaý palçykdan ýasalan grammatika, astronomiýa, taryh, lukmançylyk boýunça köp dilde ýazylan ýazgylar bar.


Kartoşka çipsileri hakynda

Uzak wagt bäri saglyga zyýanly we semizlige sebäp bolýan önümleriň arasynda kartoşka çipsileri öňdebaryjy bolup gelýär.  Onuñ düzümindäki ýag, krahmal, şeker, duz we gowurmak prosesi sebäpli bu önümi halaýanlar gysga wagtyň içinde ýürek-damar kesellerine, artykmaç agramyna, dem gysmagyna we beýleki kynçylyklara duçar bolýarlar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.