Ýelpewaç şekilli Madagaskar Rawenala agajy

08-06-22

Madagaskaryň kenarýakalaryny umman şemallaryndan goraýan goragçysy bolan Rawenala agaçsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.Bu agaçlar Madagaskar adalaryna syýahata we dynç almaga barýan syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän tebigy gözellikleriň biridir. Kenarýakasyndaky ägirt uly rawenala agajyny görenler bu agajy palma agajy diýip ýalňyşýarlar. Irki döwürlerde bu agajy ilki bananlar maşgalasyna soňra, palmalar maşgalasyna degişli edipdirler. Aslynda rawenalar Strelitziýa maşgalasyna degişli görnüşdir we ýer ýüzünde iň owadan agaç hasaplanýar. Madagaskar kenarlarynda bu maşgala degişli ýene 4 görnüş ösýär.

Rawenala agajynyň dürli reňkli baldaklary bar. Olaryň reňkiniň açyk ýa-da goňur reňkde bolmagy baldagyň ýaşaýyş dowamlylygy bilen kesgitlenýär. Agajyň umumy uzynlygy 15 metre çenli ýetýär. Ol agaç we gyrymsy agaç görnüşinde duş gelýär.