Reýhan otynyň peýdaly häsiýetleri

12-06-22

Reýhan (lat.Ocimum) — Ocimumlar maşgalasyna degişli bir ýyllyk otjumak ösümlik bolup,  saglyk üçin örän peýdaly ösümlikdir. Onuň 60 –dan gowrak görnüşi(käbir maglumatlara görä 150-den gowrak) tropik we subtropik sebitlerde ösdürilýär. Ýewgenol (O.gratissum)görnüşi Günorta Afrika, Hindistan, Şri-Lanka, Gruziýa, Russiýanyň Krasnodar ülkesiniň günorta sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Reýhan ýylylygy, çyglylygy, ýagtylygy halaýan ösümlik bellibir derejede gurakçylyga-da durnukly hasaplanýar.

Ýapraklary uly ýumurtga şekilli, gülleri ak ýa-da gülgüne reňkli bolýar.Ýaşyl massasynyň düzüminde 0,3% ondan-da köpräk efir ýaglary saklanýar.Tohumlary ir baharda  açyk meýdanda we ýyladyşhanalarda ekilýär. Hasyllylygy 40-80s/ga gök massa deňdir. Günorta Aziýadan gelip çykan O.basilicum (adaty reýhan) görnüşi Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň boýy 25-40 sm bolup, maý-oktaýbr aýlarynda gülleýär. Ýapragynyň reňkine we ösümligiň görnüşine baglylykda ak reýhan, çorba reýhan, sada reýhan, gara reýhan ýaly görnüşleri bardyr. Olaryň 300-den gowrak görnüşi mälimdir.

Himiki düzümi: Ösümligiň ýaşyl böleginde efir ýagynyň 1-1,5%-i  şeýle-de glikozidleriň, saponinleriň, minerallaryň, askorbin kislotasynyň, şekeriň, beloklaryň,  P witamininiň, A witamininiň başga-da peýdaly birleşmeleriň birnäçe görnüşleri saklanýar.

Onuň ähli bölekleri halk lukmançylygynda bejeriş maksatly giňden ulanylýar. Esasan-da gastrit,kolit, piýelit, üsgülewük, newroz, kelle agyry, bronhial demgysma, içege, we bagyr keselleri,garyn boşlugy, işdäň ýitmegi, gan basyşynyň peselmegi, böwrek we öt haltasynyň sowuklamasy, umumy sowuklama we dümew ýaly kesellerini bejermekde uly  ähmiýete eýedir. Ösümlik kamfor, ýewgenol, efir ýagynyň çeşmesidir.Bu önümler kosmetika önümçiliginde, azyk senagatynda tagam beriji serişde  hökmünde giňden ulanylýar. Eger-de ösümlik otag penjiräniň öňünde ösdürilse howadaky dürli infeksiýalardan ýokary derejede gorap saklamaga ukyplydyr. Şeýle-de bu otdan taýýarlanylan diş üçin niýetlenen serişdeler agyz boşlugynda bar bolan mikroplaryň 99%-ni ýok edýär. Bu ösümlik nerw ulgamynyndaky stresleri depressiýany ýok ediji häsiýete eýedir.

Reýhanyň kömegi bilen böwrek daşlaryna garşy göreşip bolýar. Onuň düzümi diuretiki sazlaýjy birleşmelere baý bolandygy sabäpli böwreklerdäki bar agyrylary aýyryjy we daşlaryny erediji serişde hasaplanylýar. Bu ösümlik üsgülewügi esasanam üasgülewükden dynmak isleýänler üçin ajaýyp netijäni berýär. Reýhan öýkeniň we dem alyş ýollarynyň dürli kesellerini bejermekde gowy serişdedir. Hatda inçekeseli bejermekde hem ulanylýar.Bu ösümlik ýürek kesli bolan adamlar üçin hem örän peýdalydyr.

Taýýarlan Döwletguly ALLAGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Peýdaly maslahatlar

Ýadawlyk duýgusy adamy tapdan düşürýär. Ýöne dynjyňy alanyňdan soň, durmuşyň dowam edýänligine göz ýetirýärsiňiz. Gynansak hem, käbir ýagdaýda umumy tapsyzlyk, ýadawlyk hiç aýrylmaýar. Şeýle bolanda energiýaňyzy çakdanaşa sarp etmegiňize getirýän käbir ýagdaýlardan saklanmak maslahat berilýär.


Pyýada ýöremegiň peýdalary

Biziň durmuşymyza gönüden-göni täsir edýän birnäçe faktorlar bar. Şolaryň biri-de günde näçeräk hereket edýänligimiz, has takygy, näçe ýöreýänligimizdir. Bu babatda lukmanlaryň we alymlaryň berýän käbir maslahatlary ýerine ýetirmek saglygymyza peýdaly bolup biler.


Reýhan otynyň peýdaly häsiýetleri

Reýhan (lat.Ocimum) — Ocimumlar maşgalasyna degişli bir ýyllyk otjumak ösümlik bolup,  saglyk üçin örän peýdaly ösümlikdir. Onuň 60 –dan gowrak görnüşi(käbir maglumatlara görä 150-den gowrak) tropik we subtropik sebitlerde ösdürilýär. Ýewgenol (O.gratissum)görnüşi Günorta Afrika, Hindistan, Şri-Lanka, Gruziýa, Russiýanyň Krasnodar ülkesiniň günorta sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Reýhan ýylylygy, çyglylygy, ýagtylygy halaýan ösümlik bellibir derejede gurakçylyga-da durnukly hasaplanýar.


El telefonynda gürleşmegiň käbir düzgünleri

Köpçülikde el telefonda gepleşilende adamlary oňaýsyz ýagdaýa goýmazlygyň, birahat etmezligiň hem düzgünleriniň bardygyndan habarlysyňyz. Degişli hünärmenler bu ugurda birnäçe maslahatlary hödürleýärler.


Aşa semizligiň döremeginiň sebäpleri

Aşa semizligiň döremeginiň sebäpleri köp — nesil yzarlamak, sosial, psihologiki meseleler, nerw dartgynlygy, fiziki işjeňligiň pesligi bilen bagly nädogry durmuş ýagdaýy... Bedeniň kadaly agramyny saklamak üçin hünärmenler aşakdaky görkezmeleri ýerine ýetirmegi maslahat berýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.