Kompýuter syçanjygynyň taryhy

13-06-22

Häzirki zaman enjamlarynyñ tehnologiýalarynyñ köpüsini synlanymyzda aňymyzda onuň nähili döränligi baradaky pikir peýda bolýar. Mysal üçin, kompýuter syçanjygy. Ol bolmasa kompýuteri ulanyp bolmaýar diýen ýaly. Aslynda kompýuter syçanjygyny kim, haçan  döretdikä?

1968-nji ýylyň 9-njy dekabrynda kompýuter ylymlary boýunça geçirilen maslahatda amerikaly oýlap tapyjy Duglas Eginbart ekranda obýektleri görkezmek üçin  manipulýatory köpçülige hödürleýär. Duglas Eginbart şeýle ajaýyp tehnologiýa enjamy bolan syçanjygy belli bir derejede  kämilleşdirdi. Onuň adynyň syçanjyk diýilmeginiň esasy sebäbi enjamyň siminiň bolmagydyr. Ol oýlap tapyja adaty syçany ýatladypdyr we onuň ilkinji görnüşi ýekeje düwmeli agaç bölejik bolupdyr.  

                                                                                 

Kompýuter syçanjygy 1980-nji ýylda meşhurlyga eýe bolyp başlaýar. Syçanjygyň önümçiligi üçin “Apple” kompaniýasy patent alyp, ony  has ýönekeý görnüşe getiripdir. 1996-njy ýylda “Microsoft” kompaniýasy resminamalaryň bir sahypasyndan beýleki sahypasyna geçmäge mümkinçilik berýän, we suratlary ulaldyp bilýän aýlaw tigirli syçanjygy köpçlüge hödürledi. Ony ýörite halyçasyz hem ulanyp bolýar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen syçanjyklaryň simli simsiz görnüşleri gitdigiçe artýar, sebäbi olar kompýuteri baglanyşyksyz ulanmaga ýardam berýän ýeketäk tehnologiýalardyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Abdyjepbar ABDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.