BALYKLAR HAKYNDA TÄSINLIKLER

15-06-22

Dünýäde iň uly balyk kit akulasy hasaplanýar. Ýer ýüzünde öň ýaşap, häzirki wagtda ýitip ýok bolup giden balyklaryň arasynda iň iri balyk-Megalodon balygydyr. Onuň ulylygy 16-18metre çenli ýetýär, häzirki wagtda hem olara bolan garaýyşlar jedellidir. Dünýädäki iň kiçijik balyk flippin öküzçesi diýip atlandyrylýar. Onuň iň uly görnüşi 7-9 millimetre ýetýär,ony suwda saýgarmak örän kyndyr. Sebäbi onuň teni aýna ýaly içi görünip durandyr.

Dünýäde suwuň iň çuň ýerinde ýaşaýan balyklara oňurgasyzlar degişlidir. Olar ýer şarynyň suwlarynyň ähli ýerlerinde gabat gelip, 330-dan gowrak görnüşi ylma bellidir. Bu jandarlar Ýuwaş okeanyndaky Marian çöketliginiň 8100 metr çuňlygynda gabat gelýärler. Uçýan balyklar sagatda 80 kilometr tizlik bilen suwdan 5 metr ýokarda 400 metr uzaklyga çenli hereket etmäge ukyply. Olaryň bu häsiýetleri alymlar üçin henizem näbelli.

Dünýä döwletleriniň birnäçesinde bu balyklar iýmit hökmünde ulanylýar. Ýaponiýada tutulýan balyklaryň 50 göterimi uçýan balyklara degişlidir. Bu jandarlar suwda ýaşaýanlaryň içinde ýeke-täk yzlygyna ýüzüp bilýän balyklara degişlidir. Häzirki döwürde balyklaryň içinde iň köp ýaşaýan görnüşi barada hiç kim doly we dogry pikire gelip bilenok. Ýöne ýalpyldawuk zagara hem-de bekre balyklaryň ýüzden köp ýaşaýanlygy belli. Olaryň ýüzgüçleri gury ýerde hereket etmegi üçin aýagyň etmeli işini ýerine ýetirýär. Olara dem almak üçin suw zerurlygy hökman däl, sebäbi olar howada dem alyp bilýärler.

Häzirki wagtda alymlara balyklaryň 32000-den gowragy belli. Geň galmaly ýeri bolsa, million ýyl mundan öň ýok bolup giden diýlip, hasap edilýän Latimeriýa balyklaryň janly görnüşi XX asyrda Indoneziýanyň kenar ýakasynda hasaba alyndy. Balyklaryň käbir görnüşi elektrik energiýasyny özünden öndürmek bilen ,ony özlerini goramak we garşydaşyna hüjüm etmek maksadynda peýdalanýarlar. Ol elektrik energiýa adamlary ysgynsyz edýär. Iň çalt hereket edýän balyk orkinosdyr (ýyly deňizde ýaşaýan ullakan wagşy balyk )sagatda takmynan 90 km tizlikde geçip bilýär. Iň köp mukdarda ýumurtga taşlaýan balyk umman güneş balygydyr. Bu balyk bir gezekde 30 milliona barabar ýumurtga taşlaýar.  

Nurşat ALTYBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Malina miwesi baradaky maglumatlar

Malina A, B, demir, kaliý, magniý, sink, kalsiý, ýaly peýdaly birleşmeleri öz içine alýar. Malina lukmançylykda işjeň ulanylýar esasanda, zyýanly maddalary ýok etmek üçin ulanylýar. Onuň miweleri  hoşboý ysly bolup ondan taýýarlanylýan içgi dermanlaryň tagamyny ýokarlandyrýar.  Lukmançylykda dümewden we sowuklamalardan we gyzzyrmadan ejir çekýän näsaglara malina iýmeklik  maslahat berýärler.


Meduzalar barada

Direliş we ölüm ähli janly-jandarlara mahsusdyr. Emma zoologlar ýer ýüzünde hiç haçan ölmeýän we hemişe täzeden döreýän jandaryň bardygyny tötänleýin tapdylar. “Turitopsis Nutricula” atly meduza, bu görnüş indi planetamyzda ýeke-täk ölmez jandar hasaplanýar. Meduza adamlar üçin düýbünden keseki jandar däl.


Tokaý fenegi

Tokaý fenegi-fenekler urugyna degişli bolan bu kiçi ýyrtyjynyň boýunyň uzynlygy 20 sm, guýrugy bilen hasap ediňde 65 sm barabar. Agramy 1,5 kg golaý bolýar. Onuň daşky keşbi örän gelşikli bolup, tumşugy we burny uzalan görnüşde bolýar.


Gara reňkli sarymsak­­­­­­­­

Gara reňkli sarymsak adaty  ak sarymsakdan bäş esse köp peýdalydyr. Bu adam saglygyna peýdaly hem-de  üýtgeşik tagamlydyr. Sarymsagyň sowuklamany bejermekde ulanylýan iň ýönekeý we ähmiýetli serişdedigini ählimiz bilýäris. Immunitet ulgamyny kämilleşdirýän, mikroplary ýok etýän we zerur bolsa wiruslardan goraýan güýçli tebigy antibiotikdir.


PAPAÝA AGAJY

Papaýanyň watany Merkezi we Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Papaýanyň miwesi “mämişi gün” diýip we ösýän agajy “çörek miwesi” agajy diýip atlandyrylýar. Papaýa agajy atanak güllüler maşgalasyna degişlidir. Papaýanyň agajy şahasy bolmadyk, inçe baldakly bolup baldagynyň uzynlygy 10 metre çenli ýetip bilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.