Sarymsak baradaky gyzykly maglumatlar

17-06-22

1. Botaniki nukdaýnazaryndan sarymsak sogan bilen bir maşgala degişlidir.4912549

2. Sarymsak gadymdan bäri Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän ekindir.

3. Tohumçylyk boýunça alymlar sarymsagyň bölünmez görnüşini  döretdiler.

4. Sarymsak çorbasy Fransiýanyň Gaskon sebitinde bişirilýär.  Şeýle-de bolsa, beýleki halklaryň wekilleriniň bu çorbany içip bilmejekdikleri düşnüklidir.

5. Sarymsak köp kesellere garşy halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.

6. Dünýäde iň köp sarymsak iýýän ýurtlar Hytaý, Koreýa we Italiýa.  Bu ýurtlardaky adamlar günde ondan gowrak sarymsak iýýärler.

7. Gadymy Hindistanda sarymsak derman hökmünde ulanylýar.  Emma ysy sebäpli ony hiç wagt nahara salmaýarlar.

8. Sarymsagyň antibiotiklere baýlygy XIX asyrda alymlar tarapyndan açyldy.

9. 2009-njy ýylda Hytaýda doňuz dümewiniň ýaýramagyndan soň halk lukmançylygynyň wekilleri bu keseli sarymsagyň kömegi bilen bejerip başladylar.  Şol döwürde Hytaýda sarymsagyň bazar bahasy öňküsinden 40 esse ýokarydy.

10. Sarymsak aslynda köp kesel döredýän bakteriýalara degişlidir.

11. Gadymy döwürde sarymsagy erbet ruhlary getirmezlik üçin hem  peýdalanypdyrlar.Olar guradylan sarymsagy jaýlaryň deşiklerine, gapylaryň ýokarsyna asypdyrlar.

12. Gadymy Rimde  esgerleriň iýmitine sarymsak goşulypdyr. Sarymsak diňe bir keseli ýok etmän, esgerlere batyrlyk we goşmaça güýç beripdir.

13. 1720-nji ýylda Fransiýada bir kesel ýüze çykýar.  Şol wagt sarymsaga sirke garyşdyryp, näsaga beripdirler.Gysga wagtyň içinde sarymsak Fransiýada bu keseliñ ýok bolmagyna sebäp bolupdyr.

14. Sarymsagyň immuniteti ýokarlandyrmak we gany suwuklandyrmak häsiýeti bar.  Mundan başga-da, düzüminde kaliý, demir, kalsiý, magniý, marganes we beýleki peýdaly iýmit maddalary bar.

15. Alymlar sarymsagy köp iýýän adamyň ýürek keselinden ejir çekmeýändigini anykladylar.

Taýýarlan Orazgeldi ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.