Bir ýylda iki aý akýan derýa
16-11-22
Bu derýanyň hakykatdan-da bardygyny köpçülik bilmeýär.Bu derýa Antarktidada ýerleşýär. Onuň ady Oniks derýasy bolup, ol Antarktidadaky iň uzyn derýa hasaplanýar.Uzynlygy 30 kilometre deň bolup hakykatdan hem Oniks derýasy ýylda iki aý akýar, ýylyň galan bölegini diňe buz halynda geçirýär.Oniks Wiktoriýa sebitlerinde ýerleşip öz gözbaşyny Braýnort kölünden alyp gaýdyp,Wanda kölüne guýýar.
Antarktida-da derýanyň akmaklygy gaty geň we täsindir.Derýa hakynda berilýän maglumatlara görä 1974-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda derýanyň ýerleşýän sebitinde 150C çenli howanyň gyzmagyna syn edilýär.Oniks derýasynda balyk bolmaýar.Käwagt balyklar howa gyzan mahaly buzluklar erände peýda bolýar, doňan wagty olar ýene-de ýok bolýar.
Antarktidada ýerleşýän täsin ýerleriň biri Mak-Merdo diýlip atlandyrylýar.Bu ýerde “Ganly şaglawuk “ýerleşýär.Şaglawuk Teýlor buzluklaryndan aşak akýar.Şaglawugyň reňki hakykatda-da gan reňkinde bolanlygy üçin oňa şeýle at berilýär.Onuň suwunyň şeýle reňkde bolmagy, düzüminde gereginden artyk demir elementiniň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.Bu şaglawuk 1911-nji ýylda geolog Griffit Teýlor tarapyndan öwrenilipdir.
Taýýarlan Selim BAÝATOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat howpsuzlygynyň menejimenti hünariniň 2-nji ýyl talyby .
Adam beýnisi barada
Beýni bedenimiziň 3 göterimini tutýar. Ýöne alýan kislorodymyzyň 20 göterimine eýeçilik edýär.
Näme üçin pallaýarys we pallamak näme üçin ýüze çykýar?
Adamlaram, haýwanlaram - her kimem pallaýar. Aslynda bu häsiýet, çaga düwünçejik ösüşiniň 12-nji hepdesinde başlaýar. Alymlar bu hadysany dürli sebäplere görä bolup biler we olaryň ählisinede howply däl diýip hasaplap bolmaýar diýip belläpdirler.
Reňkler barada
Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.
Telewizor hakynda
1931-nji ýylda telewizor önümçiliginde öňegidişlikler peýda bolupdyr. Elektron trubka arkaly şekilleriň görkezilip başlamagy bilen has ýokary hilli telewizor öndürmäge mümkinçilik döräpdir.
Täze ýyl baýramçylygy barada
Täze ýyl — ýagşy niýetleriň ýürege beslenilýän pursatlary-da golaýlap gelýär. Eger geljek ýyla gadam basylýan ajaýyp sepgitde nähili arzuwlary kalba düwjekdigiňizi mälim etmedik bolsaňyz şunuň ýaly usullara salgylanyp bilersiňiz. Bu gezek Siziň dykgatyňyza Demirgazyk hem-de Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan usullar ýetirilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.