Dünýädäki iň ajaýyp bazarlaryň nirededigini bilýärsiňizmi?

04-10-22

Bangkokdaky ýüzýän bazarlar

Taýlanda syýahat etmek isleýän adamlar bu ýerde bolanlarynda  ýüzýän bazarlar hakynda hökman eşidendirler. Ýurduň sebitleri beýleki megalopolisler ýaly tertipli klublary we ajaýyp restoranlary bilen däl-de, eýsem Taýland söwdagärleriniň dürli önümleri ýüklenen gaýyklaryň ýüzýän gadymy bazarlary bilenem meşhurdyr. Bu ýerde millionlarça önümiň görkezilmegi syýahatçylary özüne çekýär. Aziýanyň asuda häsiýeti her burçda duýulýar - suwda ýuwaşja çaýkanýan gaýyklarda, söwdagärler önümlerini satýarlar we iýýärler, çagalaryny özleri bilen alyp gidýärler we biri-biri bilen habar alyşýarlar. Bu ýüzýän bazarlarda tapyp bolmajak zat ýok. Şeýle hem miweleri, eşikleri, ýadygärlik sowgatlaryny, gyzgyn iýmitleri satýarlar. Şeýle gadymy bazara baryp gören adam ömrüniň ahyryna çenli ony ýatdan çykaryp bilmez.

Amsterdam suwdaky gül bazary

Gollandiýadaky bu bazar hem suwuň üstünde ýerleşýär, ýöne bu ýerdäki atmosfera düýbünden başga. Bu bazarda ekzotikizm düşünjesiniň yzy-da ýok, ýöne muny öz gözüňiz bilen görmek hakykatdanam ajaýyp täsir galdyrmaga sebäp bolýar. Müňlerçe gül dükany Singel derýasynyň boýunda ýerleşýär. Hut şu ýerde reňkli gül ýapraklaryny, çigildemleri, Gollandiýanyň iň gowy görýän gülüni we başga-da köp gülleri tapyp bilersiňiz. Adaty binalaryň öňünde ýerleşýän bazar gaty owadan we üýtgeşik görnüş döredýär. Bu ýerde seýrek duş gelýän çigildemleri, söýgüliňiz üçin düýbünden garaşylmadyk sowgat boljak buketleri satyn alyp, gadymy dükanlaryň öňünde ýadygärlik sowgatlaryny alyp bilersiňiz.

Parižiň balyk bazarlary

Häzirki wagtda Parižiñ açyk bazarlary has döwrebap görnüşe eýe boldy. Bu ýerde Ýewropanyň gadymy zatlaryny we moda dünýäsi bilen baglanyşykly dürli zatlary tapyp bilersiňiz. Dükanlaryň daşky görnüşi döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgedi. Parižiñ hakyky gözelligini görmek isleseňiz, Wernezon bazaryna gidiň. Bazar 20-nji asyryň başynda esaslandyryldy we agaç üçekleri, dar ýollary we dürli harytlar size köne Fransiýanyň ýagdaýyny ýada salyp berer.

Goa şäherindäki gijeki bazar

Goanyň gijeki bazarlary hindi medeniýetiniň we täsin däpleriň garyndysy. Bazarda söwdagärleriň sesleri we söwda edýän adamlaryň sesi köp. Bu ýerde diňe bir arzan önümleri däl, eýsem meşhur dizaýnerleriň, senetçilik önümleriniň, gymmat bahaly zatlaryň we meşhur hindi şaý-sepleriniň ýokary hilli köýneklerini hem satyn alyp bilersiňiz.

Taýýarlan Hangeldi ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

ARY BALYNYŇ GELIP ÇYKYŞY

Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda balarylar grekler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.


Giňdir dünýä, geňdir dünýä

Leonardo da Winçi, Albert Eýnşteýn... ýaly adamlar dünýäniň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşup, taryhda atlaryny goýup gitdiler. Şeýle ajaýyp zehinleriň biri-de saz sungatynyň ösüşini ilerletmegi başaran ajaýyp sazanda Lýudwig wan Bethowendir. Ol özüniň ajaýyp eserleri bilen adam duýgularyny — gynanjy, şatlygy täzeçe beýan etmegi başardy


Bir ýylda iki aý akýan derýa

Bu derýanyň hakykatdan-da bardygyny köpçülik bilmeýär.Bu derýa Antarktidada ýerleşýär.Onuň ady Oniks derýasy  bolup, ol Antarktidadaky iň uzyn derýa hasaplanýar.Uzynlygy 30 kilometre deň bolup hakykatdan hem Oniks derýasy ýylda iki aý akýar, ýylyň galan bölegini  diňe buz halynda geçirýär.Oniks Wiktoriýa sebitlerinde ýerleşip öz gözbaşyny Braýnort kölünden alyp gaýdyp,Wanda kölüne guýýar. 


Reňkleriň manylary we psihologik täsiri

Reňkler we olaryň manylary durmuşymyzda olar hemme ýerde irden gözümizi açýan wagtymyz bilen ýapanymyzda köp reňklere sezewar bolýarys. Agaçlar, jaýlar we hatda köçdäki adamlar hem reňklidir. Durmuşymyzda gaty köp bolan reňkler bize köp tarapdan täsir edýär.


1634c1fe17476c.jpeg
Älemgoşar – reňkleriň sazlaşygy

Älemgoşar eýýäm biziň üçin ýyly pikirleri özünde jemleýän täsin waka. Hakykatdan hem asmanyň ýüzüni gara bulut tutup ýagyş ýagandan soň bulutlar derrew dargaýar we asmanyň ýüzini köp reňkli zolak tutýar. Ol zolak adama umyt we bagt berýär. Adamlar älemgoşaryň reňkini elmydama gowy zat bilen baglanyşdyrýarlar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.