ARY BALYNYŇ GELIP ÇYKYŞY
03-12-22
Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda balarylar grekler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.
Balaryçylygy senagat taýdan ösdürmekligiň düýbüni tutujy Awram Ýewlampiýewiç Titow (1873-1942) hasaplanylýar. XIX asyrda balary maşgalasynyň biologiýasyny düýpli öwrenmekde ony saklamak, köpeltmek bilen bagly üýtgeşiklik bolup geçýär. Bal almak we saklamak üçin ulanylýan balary gutusy kämilleşdirilýär. Baly aljak bolanlarynda arylary tüsse berip kowupdyrlar. Soňra güýç bilen gysyp, balyny alypdyrlar hem-de çykan baly elekden süzüpdirler. Ary baly iýmitlik, dermanlyk, berhizlik üçin ulanylýar.
Biziň ýurdumyzda balaryçylyk bilen meşgullanyp başlanylanyna 100 ýyldan gowrak wagt geçdi. Balary maşgalasy ilkinji gezek Garrygala obasyna getirilendigi barada maglumatlar bar. 1981-nji ýylda TSSR Ministrler Soweti balaryçylyk uprawleniýesini döretmegi ykrar edýär.
Adamlar balarynyň berip biljek peýdasy barada täze-täze açyşlar edýärler. Balarynyň peýdaly önümlerinde: balynda, mumunda, ary ýeliminde, gül tozgajygynda, ary süýdünde, zäherinde kesel beriji häsiýetleriň bardygy ýüze çykaryldy. Balarylary oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmakda, olaryň hasyllygyny ýokarlandyrmakda we gowulandyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin, her bir adama öndürijilikli zähmet çekmäge, halal zähmetiň rehnedini görmäge ähli şertler döredilýär.
Taýýarlan Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ mugallymy.
Adam beýnisi barada
Beýni bedenimiziň 3 göterimini tutýar. Ýöne alýan kislorodymyzyň 20 göterimine eýeçilik edýär.
Näme üçin pallaýarys we pallamak näme üçin ýüze çykýar?
Adamlaram, haýwanlaram - her kimem pallaýar. Aslynda bu häsiýet, çaga düwünçejik ösüşiniň 12-nji hepdesinde başlaýar. Alymlar bu hadysany dürli sebäplere görä bolup biler we olaryň ählisinede howply däl diýip hasaplap bolmaýar diýip belläpdirler.
Reňkler barada
Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.
Telewizor hakynda
1931-nji ýylda telewizor önümçiliginde öňegidişlikler peýda bolupdyr. Elektron trubka arkaly şekilleriň görkezilip başlamagy bilen has ýokary hilli telewizor öndürmäge mümkinçilik döräpdir.
Täze ýyl baýramçylygy barada
Täze ýyl — ýagşy niýetleriň ýürege beslenilýän pursatlary-da golaýlap gelýär. Eger geljek ýyla gadam basylýan ajaýyp sepgitde nähili arzuwlary kalba düwjekdigiňizi mälim etmedik bolsaňyz şunuň ýaly usullara salgylanyp bilersiňiz. Bu gezek Siziň dykgatyňyza Demirgazyk hem-de Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan usullar ýetirilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.