Älemgoşar – reňkleriň sazlaşygy
16-10-22

Älemgoşar eýýäm biziň üçin ýyly pikirleri özünde jemleýän täsin waka. Hakykatdan hem asmanyň ýüzüni gara bulut tutup ýagyş ýagandan soň bulutlar derrew dargaýar we asmanyň ýüzini köp reňkli zolak tutýar. Ol zolak adama umyt we bagt berýär. Adamlar älemgoşaryň reňkini elmydama gowy zat bilen baglanyşdyrýarlar.
Älemgoşar günortanyna seýrek ýüze çykýar. Älemgoşaryň emele gelmegi üçin gün şöhlesi, ýagyş damjasyna takmynan 420С burçda degmeli. Käbir ýagdaýlarda garaňky düşende hem älemgoşary görmek bolýar. Bu hadysa “Aý älemgoşary”diýilýär.Bu ýagdaýda Gün şöhle saçanda däl-de, Aý şöhle saçanda ýüze çykýar. Alymlaryň pikirine görä iki adamyň şol bir älemgoşary görüp bilmejekdigini belleýärler. Käbir ýagyş damjalaryna düşen ýagtylyk, her bir adam üçin dürli-dürlidir. Munuň netijesinde bolsa gözelligiň başga bir keşbini görýäris.
Älemgoşaryň reňkleri barada aýdylanda bolsa, älemgoşaryň 7 sany reňki bolup adamlar onuň diňe takmynan 3 ýa-da 4 reňkini görüp bilýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Reýimbaý TÄJIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyñ 2-nji ýyl talyby.
Adam beýnisi barada
Beýni bedenimiziň 3 göterimini tutýar. Ýöne alýan kislorodymyzyň 20 göterimine eýeçilik edýär.
Näme üçin pallaýarys we pallamak näme üçin ýüze çykýar?
Adamlaram, haýwanlaram - her kimem pallaýar. Aslynda bu häsiýet, çaga düwünçejik ösüşiniň 12-nji hepdesinde başlaýar. Alymlar bu hadysany dürli sebäplere görä bolup biler we olaryň ählisinede howply däl diýip hasaplap bolmaýar diýip belläpdirler.
Reňkler barada
Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.
Telewizor hakynda
1931-nji ýylda telewizor önümçiliginde öňegidişlikler peýda bolupdyr. Elektron trubka arkaly şekilleriň görkezilip başlamagy bilen has ýokary hilli telewizor öndürmäge mümkinçilik döräpdir.
Täze ýyl baýramçylygy barada
Täze ýyl — ýagşy niýetleriň ýürege beslenilýän pursatlary-da golaýlap gelýär. Eger geljek ýyla gadam basylýan ajaýyp sepgitde nähili arzuwlary kalba düwjekdigiňizi mälim etmedik bolsaňyz şunuň ýaly usullara salgylanyp bilersiňiz. Bu gezek Siziň dykgatyňyza Demirgazyk hem-de Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan usullar ýetirilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.