SANLY ULGAM — giň MÜMKINÇILIKler

03-05-21

Ylmyň hem tehnologiýanyň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe birnäçe döwletleriň ykdysadyýetiň sanly sektoryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, elektron senagatyň we IT-tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmekleri milli ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sanly ulgamyň möhümligini tassyklaýar. Dünýäniň ykdysady giňişligine amatly goşulyşýan baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem bu ugruň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly «böwsüş» Türkmenistanyň bu ählumumy hadysa goşulyşmagyna zerurlyk döretmek bilen möhüm döwlet syýasaty hökmünde sanlylaşdyrmak işini milli ösüşiň meýilnamasyna girizilmegini şertlendirdi.

Baky bitarap Watanymyz döwrümizi sanlylaşdyrmak boýunça öňden gelýän we hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar hasaplanylýan «NOKIA», «HUAWEI», «Tech Investment Сo», «SSI Monaсo», «Thales Alenia», «Afghan Wireless», «Airbus», «Delta Teleсom Ltd», «Rosteleсom», «Eastwind», «Azerteleсom» we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy barha ýygjamlaşdyrýar.

Hyzmatdaşlary bilen alyp barýan ýygjam gatnaşyklary netijesinde güneşli Diýarymyzyň innowasion ösüş ýoluna düşmeginde maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda, internet we hemra aragatnaşygynyň eýýamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy adaty ugurlary hem-de olaryň ösüşiniň nusgalaryny düýpli özgertdi.

Watanymyzda esasy optiki-süýümli ulgamlaryň ikisi, ýagny Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Daşoguz — Aşgabat halkalaýyn hem-de Garabogaz — Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Kerki — Ymamnazar ulgamlary hereket edýär. Olar goňşy döwletleriň ulgamlaryna sepleşýär. Olary gurmagyň taslamalary DWDM (Dense Wavelength Division Multipleхing — dykyz tolkunlaýyn multipleksirleme) tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyryldy.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň ýagdaýynyň maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriň jemgyýetiň durmuşyndaky ornunyň artmagy bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Ykdysadyýet özgerýär, has innowasion ýagdaýa eýe bolýar, şu özgerişlikleriň esasynda bolsa ýokary tizlikli, aragatnaşyk we internet ulgamlary durýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn wagtda ylmyň soňky gazananlary esasynda sanly hyzmatlarynyň has-da kämilleşdirilmegine, täze sanlylaşdyrylan hyzmatlarynyň çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine giň mümkinçilikleri açar.

Daghan ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

IŇ KÖP SUW ÇÜWDÜRIMLERI ŞÄHERI HAÝRAN EDÝÄR

Eziz Arkadagymyzyň «Aziýanyň dür Merjeni», «Dost-doganlyk merkezi» diýip wasp edýän ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly pähim-paýhasy, binagärlik sungaty bilen ähli babatda dünýäde ak şäher hökmünde adygan gözel paýtagtymyz aýdymlaryň gözbaşy, sazlara sözbaşy, nepislige naýbaşy bolup kalbymyza ylham, ýüreklerimize joşgun berýär.


1609ad4dbc3556.jpeg
SANLY ULGAM – ÇÄKSIZ MÜMKINÇILIKLER

Häzirki wagtda sanly ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ykrar edilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ykdysady güýjüniň artmagyna mümkinçilik berýär. Olar döwletiň önümçilik, gaýtadan işleýän senagat, hyzmatlar we eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar.


1609ac8d32c597.jpeg
Halkara ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere eýe bolýar. Daşary ýurtlar, hususan-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy halklaryň arasynda dostluk duýgularyna ýugrulan hoşniýetli gatnaşyklaryň has hem pugtalanmagyna ýardam berýär.


1609c2f358378e.jpeg
AŞGABADYM – GÖWÜN ŞADYM

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni uly ruhubelentlige, toýdur-baýramlara beslenýär. Ine, şeýle toýlarymyzyň biri hem 25-nji maýda baýramçylyk dabarasyna öwrüljek ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günüdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäherimiziň şanly 140 ýyllygy uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçiler.


1609aa08a83b98.jpeg
Magtymguly Pyragynyň ESERLERINDE BEDEW WASPY

Çeper söz ussady bolan Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi eýýamyň ugryny esaslandyran şahyrdyr. Akyldar şahyr indi iki ýarym asyrdan gowrak wagt bäri edebiýat meýdanynda agyr kerweniň kerwen başysy bolup gelýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde her bir milli aýratynlyklarymyz, gymmatlyklarymyz şeýle hem edim-gylym, däp-dessurlarymyz giňden öz beýanyny tapýar.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.