Parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasy

11-07-21

Biz merdana pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan bagtyýarlyk, abadançylyk we parahatçylyk döwründe ýaşaýarys. Türkmen halky özüniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýaly ýörelgelerini, ata-babalarymyzdan miras geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrdan-asyra aşyryp gelýär.

Döwrüň görnükli syýasatçysy, parahatçylykly ösüşiň döwrebap ýoluny dörediji, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iň netijeli çözgütlerini tapmakda syýasy Lider hökmünde dünýäde özüni tanadan Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary we başlangyçlary biziň milli buýsanjymyzy artdyrýan taryhy pursatlardyr. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, adalatly syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini däl-de, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde, her bir türkmenistanlynyň ruhy baýlygyny gazanmakda hem möhüm ähmiýetlidir. Garaşsyzlygy berkitmek ugrundaky kuwwatly hereketiň ugrukdyryjysy bolan düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, Gahryman Arkadagymyz adamlaryň özygtyýarly, eşretli zamanada Garaşsyzlygyň bagtdygyny duýup ýaşamaklaryny gazandy.

Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda meşhur Şükür bagşy bilen baglanyşykly rowaýaty töwerekleýin esasda açyp görkezýär. Rowaýatda bagşynyň keşbiniň üsti bilen türkmeniň islendik ýagdaýda-da parahatçylyk ýoly bilen, ýarag ulanmazdan öz milli häsiýeti, ugurtapyjylygy bilen baş çykarandygy açylyp görkezilýär. Ata-babalarymyz berk ynam duýgusy arkaly-da öz durmuşlarynda ýüze çykan kynçylyklary ýeňip gelipdirler. Ol hakykat ynsanlaryň arasyndaky ylalaşykly gatnaşyga, maksatlaryň myrat tapmagyna, tutumlarynyň amala aşmagyna bolan berk ynamyň esasyna daýanypdyr. Ynam duýgusynyň maksatlary birleşdirmek bilen, parahatçylygy gazanmagyň ygtybarly ýoly hökmündäki özboluşlylygy hemişe ýörelge edinilipdir. Bu dowamat biziň häzirki okgunly ösüş döwrümize hem mahsuslygy bilen alamatlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işlerinde dünýä jemgyýetçiligi üçin abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, ählumumy howpsuzlyk öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrmak bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hem şeýle syýasaty durmuşa geçirýär. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirýär. Bu bolsa döwletimiziň geljekde alyp barjak halkara işleriniň uly üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrylýar.

Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny ýöredýän, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!

Aýman ERKÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

160fef7dd27773.jpeg
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY WE MERDANA ZENANLAR

 Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda merdana pederlerimiziň dünýä giňişligine uzaýan dost-doganlyk ýollary hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.


160ea081b97802.jpeg
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasy

Biz merdana pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan bagtyýarlyk, abadançylyk we parahatçylyk döwründe ýaşaýarys. Türkmen halky özüniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýaly ýörelgelerini, ata-babalarymyzdan miras geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrdan-asyra aşyryp gelýär.


160ea06aa19607.jpeg
Saglyk - baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy baradaky aladasy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amal edildi, saglygy goraýyş ulgamy dürli özgertmeler ýoly bilen barha kämilleşdirildi. Tomus paslynda daşky gurşawyň dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda agyz-burun örtükleri uly ähmiýete eýedir.


Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Halkymyzda “Öý alma – goňşy al”, “Uzakdaky garyndaşyňdan – ýakyndaky goňşyň ýagşydyr”, “Kyýamat güni goňşydan”, “Aýrylmaz goňşyňa unydylmaz söz aýtma” – ýaly nakyllar ýöne ýere döremandir. Müň ýyl  alysda galan wakalara ser salsaň türkmenleriň hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylygy söýüjiligi, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky ir döwürlerde-de beýleki halklar bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr.


160d4e1e98d126.jpeg
Ýüzärlik - müň bir derdiň dermany

“Eger çölde azaşaýsaň, ýüzärlik köpçykyberse, ýa-ha öňüňden guýy çykar, ýa-da obaçylyk” diýip ýaşuly adamlar ýönelige aýtmaýalar. Diýmek ol oturymly ýerlerde bitýär. Dag eteginde, düzlikde, toýunly, çägesow toprakda ösýär. Bu ösümlik ýurdymyzyň köp ýerlerinde gabat gelýär. Giň ýaýranlygy üçin halkymyz ony adraspan, ýüzärlik,üzärlik iswent diýip atlandyrýar.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.