BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY WE MERDANA ZENANLAR

26-07-21

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda merdana pederlerimiziň dünýä giňişligine uzaýan dost-doganlyk ýollary, asyrlara şaýat bolup oturan taryhy ýadygärliklerimiz, älem-jahanda beýik ykrarnama eýe bolan milli nusgalarymyz bilen bir hatarda, türkmen gelin-gyzlarynyp asyllylygy, mertligi, edep-ekramy, ugurtapyjylygy hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Bilşimiz ýaly, gojaman taryhyň dürli döwürlerinde türkmen zenanlarynyň hormatyna belent-belent galalar, köşki-eýwanlar saldyrylypdyr. Munuň özi türkmen zenanlarynyň beýik mertebä eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eseriniň birinji kitabynyň  “Jeýhunyň ýakasy” bölüminde söhbet açylýan Daýahatyn binasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň beýan etmegine görä, ol ýeriniň hökümdarynyň asyllydan görkana aýaly bolupdyr. Ýöne bir duşman onuň aýalyna müňkür bolmagy üçin hile gurapdyr. Hökümdar aýaly hakynda aýdylan ýalan töhmede ynanyp, öýkeläp, derwüş sypatyna girip, dogduk mekanyny taşlap gidipdir. Namysjaň, wepaly aýaly bolsa, sabyr-takada gol berip, ýan-ýoldaşyna garaşypdyr hem-de ötüp-geçip duran kerwenleriň hal-ýagdaýyna ýarajak belent kerwensaraý gurmagyň aladasy bilen bolupdyr. Kyn şertlere garamazdan, gurluşyk uly depginde alnyp barlypdyr. Şeýle günleriň birinde Daýahatyn gurluşykçylaryň arasynda öz adamsyny tanapdyr. Ýöne özüni oňa tanatmandyr. Soňra merdemsi zenan adamsyna ýalňyşandygyny duýar ýaly ýagdaý döredýär. Adamsy hem göbek ganynyň daman topragyna dolanýar.

Rowaýatdan görnüşi ýaly, türkmen zenany her hili pursat-ada öz ojagyna, ömürlik ýan-ýoldaşyna ýokary ahlaklylygy bilen wepadarlygyň beýik nusgasyny görkezmegi başarýar.

 Dünýä medeniýetiniň altyn ojagy hökmünde asyrlaryň dowamynda şöhratlanyp gelen gadymy Merwdäki Uly we Kiçi Gyzgala hem zenanlaryň hormatyna bina edilen arhitektura nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiz “Gadymy Merw” bölüminde bu galalar bilen baglanyşykly halk arasynda giň ýaýrawa eýe bolan rowaýalatlar hakynda söhbet açýar. Ol rowaýatlarda ýigitleriň ömürlik hemrasyny tapmagy üçin döredilen erkin durmuş hakynda gürrüň berilýär.

Nusgawy kitabyň sahypalarynda bu künjekde öndürilen zergärçilik önümleri – şaý-sepler, monjuklar, kosmetik önümler we ýüpek matalar zenan gözelligine aýratyn ähmiýet berlendigini alamatlandyrýar.

Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda batyrlygy hem-de päk ahlagyny goraýjylygy taryhyň sahypalarynda uly yz galdyrypdyrlar. Eziz Arkadagymyz kitabynyň “Nusaýdan Dehistana çenli” bölüminde bu hakda dürli maglumatlary beýan edýär. Ol maglumatlaryň biri gadymy Paraw obasynda ýaşan, halk arasynda Parawbibi ady bilen tanalan edenli, edepli, hoşniýetli gyz hakynda.

Halk rowaýatlaryna görä duşmanlar Parawbibiniň kastya çykypdyrlar. Öz ýaryna wepaly zenan dagyň jümmüşine aralayyp, beýik Taňrydan pena isläpdir hem-de dagyň gaýasy süýşüp, onuň goýnunda hemişelik galypdyr.

Eziz Arkadagymyz kitabynda Parawbibiniň hormatyna belent daglaryň jigerinde ýerleşen aramgähine halk tarapyndan uly hormat goýulýandygy, häzirki döwürde onuň adamlaryň ýygy-ýygydan gelýän zyýaratgähdigini beýan edýär.

Özünde gojaman taryňyň set-mümlerçe wakalaryny saklap ýatan Beýik Ýüpek ýoly täsinliklere eýe. Ýeriň süňňüne gatbar-gatbar gatlanan zerrin guşaga çalymdaş ol ýollarda türkmen zenanlarynyň öz mertebesini buýsanç bilen saklap, özünden soňky nesillere päk ahlak, mertlik, ýanbermezlik ýaly belent sypatlara eýe bolan durmuş ýoluny miras goýandygy buýsançlydyr.  

Aýna NEDIROWA,
Halaç etrabyndaky 49-njy orta mekdebiň 1-nji derejeli mugallymy.

16143a4b62d98c.jpeg
GARAŞŞYZLYK - GANATYMYZ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine şu günler Türkmenistanda baş döwlet baýramy – Garaşsyzlyk baýramy uly we köp öwüşgünli dabaralar bilen belleniýär. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.


16143a74b195d9.jpeg
Düşündiriş işleri geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdymyzda her bir raýatyň saglygy barada alada edilip, ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak, dikeltmek, bejermek, ömür dowamlylygyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdymyzyň çar künjinde saglyk maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär.


1613e47eaae918.jpeg
Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly bilen

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň ajaýyp menziline öwrülýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly toýuň üstünlikleriň hem ýeňişleriň, dünýä giňişligine ýaň salan umumadamzat bähbitli tutumlara beslenýän pursatlarynyň täze taryhymyzdan mynasyp orun alýandygyny indi dünýä jemgyýetçiligi doly ykrar edýär.


1613e32d0803f8.jpeg
GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY GIŇEÝÄR

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurt hem-de dünýä derejesinde durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga, şeýle hem dünýäde parahatçylygy, asudalygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilýär.


«BU ÝOLLARDAN DOGRY BARGAN DÜZ AŞDY... »

Ynsan ömrüniň bütin dowamy ýollar bilen baglanyşykly. Adam ogly şol ýollarda kemala gelýär, gadam urýar, ýortýar, maksadyna ýetýär. Ýol temasy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köpgyraňly döredijilginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik akyldar ak ýola gadam goýan ynsany ýolaryň maksat-myradyna ýetýändigini sazlaşykly setirlerinde öwran-öwran nygtapdyr.  

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.