Giňdir dünýä, geňdir dünýä
19-11-22
Şanly sene
Leonardo da Winçi, Albert Eýnşteýn... ýaly adamlar dünýäniň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşup, taryhda atlaryny goýup gitdiler. Şeýle ajaýyp zehinleriň biri-de saz sungatynyň ösüşini ilerletmegi başaran ajaýyp sazanda Lýudwig wan Bethowendir.
Ol özüniň ajaýyp eserleri bilen adam duýgularyny — gynanjy, şatlygy täzeçe beýan etmegi başardy. Onuň döreden 5-nji simfoniýasyny bolsa eşitmedik adam ýok bolsa gerek. Bethoweniň zehinini ajaýyp kompozitor Mosart hem ykrar edip, ilkinji gezek diňlän dessine onuň sazlarynyň muşdagyna öwrülipdir. 1801-nji ýyldan kerligiň alamatlarynyň dörändigine seretmezden, Bethowen ajaýyp saz eserlerini döretmegini dowam edipdir. Bu ýyl bolsa adamzat beýik sazandanyň 252 ýaş toýuny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli sazandanyň eserleriniň esasynda konsertleriň birnäçesini gurnamak meýilleşdirilýär.
Syýahatçylygyň sanawy
Dünýäde geňligi, täsinligi bilen tapawutlanýan ýerler köp. Dünýäniň iň beýik suratkeşleridir ýazyjylary döredijiliginde, ilki bilen, tebigatdan ruhlanypdyrlar. Bu babatda syýahatçylyk boýunça iri saýt hasaplanylýan “Trip Advisoryň” berýän maglumatlary bellenilmäge mynasypdyr.
Saýt gözlegleriň we seslenmeleriň esasynda iň meşhur ýerleriniň sanawyny düzdi. Birinji orna gadymy Rimiň binagärlik ýadygärligi — Kolizeý eýe boldy. Bu gözel ýer eýýäm iki ýyl bäri yzly-yzyna sanawyň başyny çekip gelýär. Ikinji orny Parižiň Luwr muzeýi eýeledi. Üçlüge Watikan muzeýleri goşulyp, syýahatçylar ol ýerlerdäki mukaddes hasaplanýan ýerlere baryp görýärler hem-de hepdede bir gezek Rim Papasynyň resmi kabul edişligine gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar.
Taýýarlan Batyr NURYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Adam beýnisi barada
Beýni bedenimiziň 3 göterimini tutýar. Ýöne alýan kislorodymyzyň 20 göterimine eýeçilik edýär.
Näme üçin pallaýarys we pallamak näme üçin ýüze çykýar?
Adamlaram, haýwanlaram - her kimem pallaýar. Aslynda bu häsiýet, çaga düwünçejik ösüşiniň 12-nji hepdesinde başlaýar. Alymlar bu hadysany dürli sebäplere görä bolup biler we olaryň ählisinede howply däl diýip hasaplap bolmaýar diýip belläpdirler.
Reňkler barada
Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.
Telewizor hakynda
1931-nji ýylda telewizor önümçiliginde öňegidişlikler peýda bolupdyr. Elektron trubka arkaly şekilleriň görkezilip başlamagy bilen has ýokary hilli telewizor öndürmäge mümkinçilik döräpdir.
Täze ýyl baýramçylygy barada
Täze ýyl — ýagşy niýetleriň ýürege beslenilýän pursatlary-da golaýlap gelýär. Eger geljek ýyla gadam basylýan ajaýyp sepgitde nähili arzuwlary kalba düwjekdigiňizi mälim etmedik bolsaňyz şunuň ýaly usullara salgylanyp bilersiňiz. Bu gezek Siziň dykgatyňyza Demirgazyk hem-de Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan usullar ýetirilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.