Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

07-09-21

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek hem-de pagta ýygymyna girişmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler, şanly sene mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky gurluşygyň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulýan günlerinde bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlere laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki gurallaryň ekişde doly güýjünde işledilmegi, kärendeçileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçiligi berk gözegçilikde saklanmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygmak üçin ähli zerur şertleri görmek, pagtany kombaýnlaryň kömegi bilen ýygmak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işlerini talabalaýyk geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Şol bir wagtyň özünde welaýatda güýzlük ýeralmadan, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýola goýulmalydyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem welaýatdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekilleriň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak ugrunda edilýän tagallalar, şol bir wagtyň özünde pagta ýygymyna görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk barada hasabat berdi. Häzir ýygym möwsüminde işlediljek kombaýnlar, pagta daşamakda ulanyljak tehnikalar, pagta arassalaýjy kärhanalar we kabul ediş harmanhanalary doly taýýar edildi.

Şeýle hem häkim welaýatyň güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şanly sene mynasybetli gurlup ulanylmaga beriljek desgalaryň taýýarlyk ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine, güýzlük bugdaý ekişiniň bellenilen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine, şol bir wagtyň özünde pagta ýygymyna guramaçylykly girişilmegine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak maksady bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi, gallaçy kärendeçileriň zerur ýokary hilli tohumlar we tehnikalar bilen üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar. Pagta ýygymyna taýýarlyk meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir, güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bir hatarda, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, bugdaý ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki gurallaryň sazlaşykly işini üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde pagta ýygymyna hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 15-nji sentýabrda başlamak, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri we şalynyň ýokary hasylyny almak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin hasabat berildi.

Häkim kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyny mynasyp garşylamak ugrunda welaýatyň etraplarynda alnyp barylýan toplumlaýyn taýýarlyk işleri baradaky maglumatlary aýtdy. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hem durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, şunda daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bugdaý ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň geljekki hasylyň girewidigini belläp, häkime öňde duran işleriň ýokary depginini üpjün etmegi, şonuň ýaly-da, bar bolan serişdeleri, oba hojalyk tehnikasyny ulanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýerleriň hasyllylygyny hem-de agrotehniki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatyndaky işlere ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýeti bellenildi. Bu işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi möhüm talap bolup durýar.

Pagta ýygymy möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň we kabul ediş harmanhanalaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir, güýzlük ýeralmadan, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden, şol sanda şalydan bol hasyl almak ugrunda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyk gelmegi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak meseleleriniň üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetli meseleleri öz içine aljak nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi, bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, kärendeçi gallaçylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişmek we oba hojalygynda möhüm çäre hasaplanylýan ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek, onda işlediljek tehnikalaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Welaýatyň şaly we beýleki güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada aýdyp, häkim bu işleriň agrotehniki talaplara doly laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň baş baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça görülýän çäreler we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobadaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen geçirilýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň doly derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulýan döwründe alnyp barylýan işleriň bellenilen agrotehniki möhletde we ýokary hilli geçirilmeginiň döwrüň talabydygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şol bir wagtyň özünde pagta ýygymy möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň wajypdygy, güýzlük ýeralmadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek üçin zerur tagallalaryň edilmelidigi, şaly ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyk gelmelidigi bellenildi.

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmäge möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda edilýän tagallalar, daýhanlaryň ýokary hilli tohum, dökün, tehnikalar, suwaryş suwy bilen ýeterlik derejede üpjün edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde, möwsüme dahylly ähli gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmek, pagta arassalaýjy kärhanalaryň we kabul ediş harmanhanalaryň taýýarlyk derejesi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyza welaýatda güýzlük ýeralmadan we beýleki ekinlerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda edilýän tagallalar, güýzlük gant şugundyryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berildi.

Şeýle hem häkim Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak maksady bilen degişli işleriň amala aşyrylýandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde zerur işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba zähmetkeşleriniň öňünde güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi hem-de bu işleriň toplumlaýyn esasda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýygym möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, hasyl kabul ediş bölümleriň bökdençsiz işledilmegi wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda güýzlük oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak, gant şugundyryna edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmek döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz kabul edilen döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini, önümçilige häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil usullaryň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine guramaçylykly çemeleşilmelidir.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, birnäçe ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk şu döwrüň talabyna we iki ýurduň bar bolan ägirt uly kuwwatyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklar gazanylar. Şolaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde bu topara möhüm orun degişlidir. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belläp, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi doganlyk Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Häzir dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de halk hojalygynyň köp pudaklaryny öz içine alýan köptaraply türkmen-özbek gatnaşyklary okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar iki ýurduň arasynda özara bähbitlere laýyk gelýän syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere özüniň özbek kärdeşi bilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we gazanyljak ylalaşyklar barada pikir alyşmagy we onuň anyk senesini kesgitlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna ýakynda boljak saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara gol çekiljekdigini aýdyp, bellenilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyl üçin kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň mynasyp derejede garşylanmagynda aýratyn wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimleriniň kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmekleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi.

“Şöhratly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.