Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

30-11-21

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtly, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemişe açykdygyny nygtady. Dünýäde uglewodorod serişdelerini öndürýän iri döwletleriň biri bolan ýurdumyz ýangyç-energetika ulgamynda umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy, ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy bu hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda hukuk kadalaryna hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm şert bolup durýar.

Işewür Türkmenistanda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen öňden gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu pudaga innowasion häsiýetli, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady, bu ugurda Russiýanyň iri kompaniýasy oňyn tejribe toplady.

Işewür hormatly Prezidentimizi “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň häzirki wagtda ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, bildirilýän ynam üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

Geljegi uly türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de kemala getirilen ygtybarly hukuk binýadynyň uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegine, ugurdaş düzümleriň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini goýmak üçin ygtybarly kepil bolup durýandygy bellenildi.

“Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň geljekde hem üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

161f1ffeabdcc8.jpeg
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady.


161f1fec328293.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy.


161f0ae0b6769a.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşdy

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.


161ef5d1156fe6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlary, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar.


161edb539405a8.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň depginlerini ýokarlandyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, giň gerimli binagärlik taslamalaryny ilerletmek, milli mirasymyzy we medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, gorap saklamak hem-de öwrenmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrundaky işler geçen hepdäniň wakalarynyň esasyny düzdi.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.