«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

03-09-20

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşigiň ugurlary:

- saglygy goraýyş
- ylym we bilim
- senagat
- ulag we kommunikasiýa
- hyzmatlar ulgamy
- orta we kiçi telekeçilik
- akylly şäher

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslary bäsleşigiň ugurlary boýunça özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel – 2020» atly halkara sergisiniň geçirilýan günleri jemlener.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary internet saýtyndan alyp bilerisiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Tel: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13


«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikler geçirdi

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

16-njy sentýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

10-09 001-profile - 00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.