Aždar agajy

09-05-22

Agajyň gelip çykyşy baradaky rowaýat

Hindi rowaýatlaryna görä gadym döwürlerde Arap deňziniň Sokotra adasynda pillere topulyp, olara gün bermeýän, ganhor aždar bolupdyr. Bir gün garry we äpet pil, aždardan  ýeňilýär we şol bada äpet göwrümi bilen aždaryň üstüne ýykylýar. Iki haýwan şol ýerde jan beripdir, olaryň gany akan şol meýdanda bolsa agaçlar ösüp çykypdyr. Bu agaja “dratsena” diýip at berýäler.Ol türkmençä terjime edilende ”aždaryň urkaçysy“ diýen manyny aňladýar.

Aždar agajy (lat. Dracaena cinnabari) – Asparagaceae maşgalasynyň Dracaena urugyna degişli agaçdyr.Afrikanyň tropik we subtropik sebitlerinde hem-de Günorta-Gündogar Aziýa adalarynda ösýär. Sokotra – hindi okeanynda ýerleşýän alty sany adalaryň biridir bu agaç edil hem şu sebitde ýüze çykypdyr. Bu agaç şol sebitiň  iň meşhur endemik görnüşi hasaplanýar. Beýikligi 10 metre çenli bolan bu agaç hemişe ýaşyl öwüsýän agaçlara degişli edilýär.

Bu agajyň dykyz ýerleşen  telpekligi bolup  saýawana  meňzeşdir. Käwagt ony ýaşyl kömelege meňzedipdirler. Bu agaç 600 ýyldan gowrak ýaşap bilýär. Beýik rus ensiklopediýasynda (2007) bu agajy ösümlikler dünýäsiniň iň täsin agaçlarynyň biri  diýip atlandyrypdyrlar. Sokortanyň tanymal akademigi Witaliý Naumkin  hem bu görnüşi “ajaýyp gözelligiň agajy”diýip atlandyrypdyr. Agajyň arapça ady “dam al ahwalin”  bolup ol “iki doganyň gany” diýmegi aňladypdyr.

Bu agaç diňe dag eteklerinde we daglarda adatça deňiz derejesinden azyndan 500 metr belentlikde duş gelip bilýär. Bu agaç ýagyş suwlary arkaly suwlanýar. Agajyň owadan telpekligi ýaşyl reňkli ýapraklary, ak reňkdäki dykyz ýerleşen gülleri bilen has-da özüne çekiji görünýär. Bu agaç senagatyň dürli pudaklarynda reňk almakda, kosmetikada we lukmançylykda daşky çişlere garşy, aşgazan agyrsyny aýyryjy dermanlarda, weterinariýada şeýle-de ýaralary bejeriji serişdeler we ondan başga-da birnäçe önümleri almakda giňden  peýdalanylýar.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

ARY BALYNYŇ GELIP ÇYKYŞY

Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda balarylar grekler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.


Giňdir dünýä, geňdir dünýä

Leonardo da Winçi, Albert Eýnşteýn... ýaly adamlar dünýäniň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşup, taryhda atlaryny goýup gitdiler. Şeýle ajaýyp zehinleriň biri-de saz sungatynyň ösüşini ilerletmegi başaran ajaýyp sazanda Lýudwig wan Bethowendir. Ol özüniň ajaýyp eserleri bilen adam duýgularyny — gynanjy, şatlygy täzeçe beýan etmegi başardy


Bir ýylda iki aý akýan derýa

Bu derýanyň hakykatdan-da bardygyny köpçülik bilmeýär.Bu derýa Antarktidada ýerleşýär.Onuň ady Oniks derýasy  bolup, ol Antarktidadaky iň uzyn derýa hasaplanýar.Uzynlygy 30 kilometre deň bolup hakykatdan hem Oniks derýasy ýylda iki aý akýar, ýylyň galan bölegini  diňe buz halynda geçirýär.Oniks Wiktoriýa sebitlerinde ýerleşip öz gözbaşyny Braýnort kölünden alyp gaýdyp,Wanda kölüne guýýar. 


Reňkleriň manylary we psihologik täsiri

Reňkler we olaryň manylary durmuşymyzda olar hemme ýerde irden gözümizi açýan wagtymyz bilen ýapanymyzda köp reňklere sezewar bolýarys. Agaçlar, jaýlar we hatda köçdäki adamlar hem reňklidir. Durmuşymyzda gaty köp bolan reňkler bize köp tarapdan täsir edýär.


1634c1fe17476c.jpeg
Älemgoşar – reňkleriň sazlaşygy

Älemgoşar eýýäm biziň üçin ýyly pikirleri özünde jemleýän täsin waka. Hakykatdan hem asmanyň ýüzüni gara bulut tutup ýagyş ýagandan soň bulutlar derrew dargaýar we asmanyň ýüzini köp reňkli zolak tutýar. Ol zolak adama umyt we bagt berýär. Adamlar älemgoşaryň reňkini elmydama gowy zat bilen baglanyşdyrýarlar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.