Ýagtylygyň täsin syrlary.

23-05-22

Ýagtylyk – bu ajaýyp hadysadyr. Ýagtylyk  diňe bir şöhle saçman ol durmuşymyzy köp tarapdan ýagtylandyrýar.Birleşen Milletler Guramasy 2015-nji ýyly “Halkara ýagtylyk ýyly” diýip yglan etdi.

Ýagtylygyň özboluşly birnäçe syrlary bardyr:

Gün Kosmosdan seredeniňde ol ak reňkde bolýar, sebäbi onuň ýagtylygy atmosferamyz tarapyndan ýaýramaýar. Wenera planetadan bolsa gün asla görünmeýär, sebäbi ol ýerde atmosfera gatlagy örän galyň. Gün şöhlesi ummanyň 80 metr çuňlugyna aralaşyp bilýär. Gün 1 sekuntda bütin dünýäni million ýyllap üpjün etmek üçin ýeterlik energiýa ýaýradýar.

Deňiziň 2000 metr çuňlugyna aralaşsaň ol ýerde pidalaryny özüne çekýän şöhle saçýan balyklaryny görüp bilersiňiz.

Ösümlikler ýagtylygy özüne kabul edip fotosintez hadysasyny amala aşyrýar. Şonuň hasabynada ol ýaşyl reňke boýalýar.

Dünýäniň Demirgazyk we Günorta taraplarynda ýüze çykýan auralar gün şöhlesiniň täsirinde ýüze çykýar. Gadym döwürde adamlar bu ýagtylyga aradan aýrylanlaryň ruhy diýip aýdypdyrlar.

Dünýäniň iň uzak wagtlap ýanyp durýan çyrasy diýip Koliforniýanyň ýangyn bölüminde otyrdylan bu çyra 1901-nji ýyldan bäri yzygiderli öçürilmän ýakylyp gelinýär.

Adamlaryň ählisi diýen ýaly gün şöhlesine seredip asgyrýarlar. Ýöne munuň sebäbini şu güne çenli hiç kim düşündirip bilmändir. Munuň sebäbini bilmek üçin adamlar köp ýyldan bäri iş çalyşyp gelýärler.

Älemgoşar ýagtylyk bilen suwuň arasynda ýüze çykýar.  Eger-de älemgoşar iki sany dörese onda ol reňkler tersine bolýar.

Käbir haýwanlar adamlaryň görüp bilmaýän ýagtylygyny  görýärler. Ýagny arylar ultramelewşe şöhlelerini görýärler, alakalar bolsa infragyzyl şöhlelerini görýärler.

Niagara şarlawugy ilkinji gezek 1879-njy ýylda elektrik çyralary bilen yşyklandyryldy. Bu şarlawugy yşyklandyrmak üçin  çyralaryň 32000 sanysy ýakyldy. Häzirki wagtda Niagara şarlawugyna 250 million çyra harçlandy.

Adamlaryň gözüne görünýän ýagtylyk gözümiziň görýän elektromagnit spektriniň diňe bir bölegidir. Şonuň üçin LED çyralary gaty tygşytly.

Şöhle saçýan tomzajyklar 100 göterim netijelilik bilen himiki riaksiýa arkaly sowuk öwüşgin berýär. Alymlar has köp energiýa tygşytlamak üçin  ýarymgeçiriji-diodly çyralary döretmek üçin olara ökünmegiň üstünde işleýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Bibijan MYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

ARY BALYNYŇ GELIP ÇYKYŞY

Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda balarylar grekler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.


Giňdir dünýä, geňdir dünýä

Leonardo da Winçi, Albert Eýnşteýn... ýaly adamlar dünýäniň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşup, taryhda atlaryny goýup gitdiler. Şeýle ajaýyp zehinleriň biri-de saz sungatynyň ösüşini ilerletmegi başaran ajaýyp sazanda Lýudwig wan Bethowendir. Ol özüniň ajaýyp eserleri bilen adam duýgularyny — gynanjy, şatlygy täzeçe beýan etmegi başardy


Bir ýylda iki aý akýan derýa

Bu derýanyň hakykatdan-da bardygyny köpçülik bilmeýär.Bu derýa Antarktidada ýerleşýär.Onuň ady Oniks derýasy  bolup, ol Antarktidadaky iň uzyn derýa hasaplanýar.Uzynlygy 30 kilometre deň bolup hakykatdan hem Oniks derýasy ýylda iki aý akýar, ýylyň galan bölegini  diňe buz halynda geçirýär.Oniks Wiktoriýa sebitlerinde ýerleşip öz gözbaşyny Braýnort kölünden alyp gaýdyp,Wanda kölüne guýýar. 


Reňkleriň manylary we psihologik täsiri

Reňkler we olaryň manylary durmuşymyzda olar hemme ýerde irden gözümizi açýan wagtymyz bilen ýapanymyzda köp reňklere sezewar bolýarys. Agaçlar, jaýlar we hatda köçdäki adamlar hem reňklidir. Durmuşymyzda gaty köp bolan reňkler bize köp tarapdan täsir edýär.


1634c1fe17476c.jpeg
Älemgoşar – reňkleriň sazlaşygy

Älemgoşar eýýäm biziň üçin ýyly pikirleri özünde jemleýän täsin waka. Hakykatdan hem asmanyň ýüzüni gara bulut tutup ýagyş ýagandan soň bulutlar derrew dargaýar we asmanyň ýüzini köp reňkli zolak tutýar. Ol zolak adama umyt we bagt berýär. Adamlar älemgoşaryň reňkini elmydama gowy zat bilen baglanyşdyrýarlar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.