Täsin deñiz kirpileri

29-05-22

Deňiz kirpisi - (Latynça Echinoidea) - iňňebedenliler kylasyna degişli täsin jandar. Olaryň 800-den gowrak görnüşleri ýazgy edilen. Bedeni tegelek şeklinde bolup, ululygy  23-30 sm aralygyndadadyr. Daşy berk plastinkalar bilen örtülen we olar kirpiniň ýygrylyp ýazylmagyna päsgelçilik döredýär. Daşky şekili boýunça olar iňňeli we iňňesiz  diýen iki topara bölünýär. Iňňe şekillileriň bedeni adatça tegelek bolup,olaryň tikenleri bäşýyldyzy ýada salýar.

Iňňesiz şekillileriň bedeni tekiz şekilli bolup,bedeniniň öň we arka taraplary düýpli tapawutlanýar. Iňňeler olara daşky gurşawyň ýaramaz şerlerinden goranmak we iýmit tapmak üçin ýardam berýär. Iňňesiz görnüşlerde bolsa ýörite zäher haltajygy bolýar. Duşman howp salanda şol zäherini suwa pürkýär, haçan-da aw awlamak islese şol zäherini äwunyň üstüne syçradýar. Ýöne ýaňky zäher özi üçin zyýansyzdyr. Eger-de adam endamyna düşen ýagdaýynda dürli agyr keselleri döredip bilýär.

Deňiz kirpileriniň zäherli görnüşler ýuwaş we hindi ummanlarynyň 7 km çuňlugynda, tropiki we subtropiki sebitlerinde köp duş gelýär. Ýaşaýyş aýratynlyklary boýunça duzly suwda ýaşamagy halaýar. Baltika, Gara, Hazar deňizleri ýaly duzlulygy pes deňizlerde duş gelmeýär. Iň giňden ýaýran ýerleri koral rifleriniň ýany we deňziň kenarýaka böleginde, käbir ýagdaýlarda düýp çägelerinde süýrenip ýaşaýarlar we köpelýärler. Olaryň agyzjygynda “Aristotel fanarjygy” ýerleşýär. “Aristotel  fanarjygy” olara iýmitini we hinini tapmaga kömek edýär. Suw gurşawynda kirpiler kooperasiýa sezewar bolýarlar, özi bilmedik ýagdaýynda simbiozy amala aşyrýarlar, ýagny, kirpileriň iňňeleriniň içinde köp ownujak  jandarlar duşmanlaryndan goranýar, olar bolsa kirpiniň bedenini arassalap berýär.

Köpeliş döwründe kirpiler bedeniniň ýokarky böleginde ýerleşen mäzlerinden suwuklyk bölüp çykarýar,soňra bedeni agymtyl sary reňke boýalýar.Şol pursatda millionlarça ýumurtgalar çykýar. Olar köp ýumurtga guzlasalarda daşky ýaramaz şertleriň bolmagy sebäpli köpçüligi gyrylýar.

Deňiz kirpileriniň köpüsi balyk tutmakda hyzmat edýär. Olar Ortaýer deňziniň, demirgazyk we günorta Amerikanyň, Täze Zelandiýanyň, Ýaponiýanyň kenarynda ýaşaýanlaryň adaty tagamy hasaplanýar. Onuň süýdinde we işbiline ýokary baha berilýär, esasanam 34,9% çenli ýag, 19-20% çenli belok saklaýar. Kirpileriň daşky iýilmeýän gabyklary topraga dökün bolup hyzmat edýär. Sebäbi bedeninde kalsiý we fosfor köp toplaýar.

Göwher MERDANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Malina miwesi baradaky maglumatlar

Malina A, B, demir, kaliý, magniý, sink, kalsiý, ýaly peýdaly birleşmeleri öz içine alýar. Malina lukmançylykda işjeň ulanylýar esasanda, zyýanly maddalary ýok etmek üçin ulanylýar. Onuň miweleri  hoşboý ysly bolup ondan taýýarlanylýan içgi dermanlaryň tagamyny ýokarlandyrýar.  Lukmançylykda dümewden we sowuklamalardan we gyzzyrmadan ejir çekýän näsaglara malina iýmeklik  maslahat berýärler.


Meduzalar barada

Direliş we ölüm ähli janly-jandarlara mahsusdyr. Emma zoologlar ýer ýüzünde hiç haçan ölmeýän we hemişe täzeden döreýän jandaryň bardygyny tötänleýin tapdylar. “Turitopsis Nutricula” atly meduza, bu görnüş indi planetamyzda ýeke-täk ölmez jandar hasaplanýar. Meduza adamlar üçin düýbünden keseki jandar däl.


Tokaý fenegi

Tokaý fenegi-fenekler urugyna degişli bolan bu kiçi ýyrtyjynyň boýunyň uzynlygy 20 sm, guýrugy bilen hasap ediňde 65 sm barabar. Agramy 1,5 kg golaý bolýar. Onuň daşky keşbi örän gelşikli bolup, tumşugy we burny uzalan görnüşde bolýar.


Gara reňkli sarymsak­­­­­­­­

Gara reňkli sarymsak adaty  ak sarymsakdan bäş esse köp peýdalydyr. Bu adam saglygyna peýdaly hem-de  üýtgeşik tagamlydyr. Sarymsagyň sowuklamany bejermekde ulanylýan iň ýönekeý we ähmiýetli serişdedigini ählimiz bilýäris. Immunitet ulgamyny kämilleşdirýän, mikroplary ýok etýän we zerur bolsa wiruslardan goraýan güýçli tebigy antibiotikdir.


PAPAÝA AGAJY

Papaýanyň watany Merkezi we Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Papaýanyň miwesi “mämişi gün” diýip we ösýän agajy “çörek miwesi” agajy diýip atlandyrylýar. Papaýa agajy atanak güllüler maşgalasyna degişlidir. Papaýanyň agajy şahasy bolmadyk, inçe baldakly bolup baldagynyň uzynlygy 10 metre çenli ýetip bilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.