,,Ýürek’’ şekilli hoz

29-05-22

Juglanus urugyna degişli bolup, Grek hozundan öziniň ýokumlylygy, tagamy, ýaglylygynyň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Ýürek şekilli hozyň watany Ýaponiýa. Ol Honsuý adalarynda ýabany görnüşde ösýär. Baldagy çal reňkli bolup, ýaş pudaklary şepbeşik we tüýjümeklidir. Agajynyň boýy 12-15 metre ýetýär. Tohumlarynyň ululygy 3 sm-den hem geçýär.

Ýapraklary örän ulydyr, 50-den 100 sm-e çenli ýetýär, süýri, kesilen barmak şeklinde.

Hoz agajy maý aýlarynda gülleýär. Miweleri sentýabyr aýlarynda bişip ýetişýär. Bişen miwesiniň ululygy 5 sm-e  ýetýär.Miwesi has süýjüli we tagamly.

Ömrüniň dowamlylygy birnäçe onýyllara uzalyp gidýär.Uly ýaşly hoz agajynyň 1 düýbünden 100-120 kilograma çenli hasyl alyp bolýar. Aýaza durnuklylygy -30 gradusda hem sowuk urmaýar.

Ekologiki ähmiýeti - Giň ýapraklary howany parnik gazlaryndan, we beýleki zyýanly: benzin, asetilen gazlardan arassalaýar.Kökünden bölünip çykýan atraktantlar mikroorganizmleri özüne çekip, topragy baýlaşdyrýar. Hozyň daşynyň ýaşyl gabygy kaliý we fosfora baý bolanlygy üçin owradyp,dökün hökmünde bermek peýdalydyr.

Lukmançylyk ähmiýeti. Aşgazan içege ýollaryny arassalaýar.Beýniniň işleýşini güýçlendirýär.Ýapraklary çaý hökmünde demlenip içilýär we ol ,,Rahatlandyryjy derman’’ hasaplanýar. Düzüminde Omega 3 ýagy köp bolup, ýürek damar işini sazlaýar. Olardan başga-da hoz anemiýadan halas edýär, awitaminozyň öňüni alýar, ganyňy arassalaýar, görejiňi ösdürýär.

Tawus HOJANEPESOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Malina miwesi baradaky maglumatlar

Malina A, B, demir, kaliý, magniý, sink, kalsiý, ýaly peýdaly birleşmeleri öz içine alýar. Malina lukmançylykda işjeň ulanylýar esasanda, zyýanly maddalary ýok etmek üçin ulanylýar. Onuň miweleri  hoşboý ysly bolup ondan taýýarlanylýan içgi dermanlaryň tagamyny ýokarlandyrýar.  Lukmançylykda dümewden we sowuklamalardan we gyzzyrmadan ejir çekýän näsaglara malina iýmeklik  maslahat berýärler.


Meduzalar barada

Direliş we ölüm ähli janly-jandarlara mahsusdyr. Emma zoologlar ýer ýüzünde hiç haçan ölmeýän we hemişe täzeden döreýän jandaryň bardygyny tötänleýin tapdylar. “Turitopsis Nutricula” atly meduza, bu görnüş indi planetamyzda ýeke-täk ölmez jandar hasaplanýar. Meduza adamlar üçin düýbünden keseki jandar däl.


Tokaý fenegi

Tokaý fenegi-fenekler urugyna degişli bolan bu kiçi ýyrtyjynyň boýunyň uzynlygy 20 sm, guýrugy bilen hasap ediňde 65 sm barabar. Agramy 1,5 kg golaý bolýar. Onuň daşky keşbi örän gelşikli bolup, tumşugy we burny uzalan görnüşde bolýar.


Gara reňkli sarymsak­­­­­­­­

Gara reňkli sarymsak adaty  ak sarymsakdan bäş esse köp peýdalydyr. Bu adam saglygyna peýdaly hem-de  üýtgeşik tagamlydyr. Sarymsagyň sowuklamany bejermekde ulanylýan iň ýönekeý we ähmiýetli serişdedigini ählimiz bilýäris. Immunitet ulgamyny kämilleşdirýän, mikroplary ýok etýän we zerur bolsa wiruslardan goraýan güýçli tebigy antibiotikdir.


PAPAÝA AGAJY

Papaýanyň watany Merkezi we Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Papaýanyň miwesi “mämişi gün” diýip we ösýän agajy “çörek miwesi” agajy diýip atlandyrylýar. Papaýa agajy atanak güllüler maşgalasyna degişlidir. Papaýanyň agajy şahasy bolmadyk, inçe baldakly bolup baldagynyň uzynlygy 10 metre çenli ýetip bilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.