STEWIÝA – TÄSIN OT

29-05-22

Stewiýa (lat.Stevia rebaduiana Bext) köp ýyllyk otjumak ösümlik bolup Ýaponiýa, Hytaý, Indoneziýa, Bolgariýa, Braziliýa ýaly döwletlerde giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümligiň boýy 1,5 metre çenli ýetip bilýär. Tagamy boýunça onuň ýapragy stewiozidi saklaýandygy üçin gantdan 10-15 esse süýjüdir. Onuň düzüminde glýukoza, stewiol we beýleki birleşmeler bardyr.

Stewiozid arassa görnüşinde gantdan 300 esse süýjüdir, hem-de ol süýjediji hökmünde giňden ulanylýar. Az kaloriýaly, şonuň üçin hem ol sagdyn adamlar üçin gandyň ýerine, aýratyn hem berhizli, semizlikden, ýürek – damar kesellerinden ejir çekýänler üçin gandyň  ýerine ulanylýar. Onuň ösýän ýurtlarynda bolsa, ony çaýa ýa-da kofe goşup içýärler.

Stewiýa medeni ösümlik hökmünde eýýäm 1500 ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär.Bu gymmatly ösümligi Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilikler uludyr. Stewiýa Aşgabada Hindistandan 2012-nji ýylda getirildi we häzirki wagtda oňa alymlar Botanika bagynyň ýyladyşhana şertlerinde gözegçilik edýärler. Stewiýa otunyň düzüminde  kwarsetin, rutin, kalsiý, fosfor, kaliý, hrom, magniý,mis ýaly peýdaly elementler saklanýar.

Ondan başgada bu ösümlikde A, C, E, B witaminler topary hem saklanýandyr. Şeýle-de ol dürli ýaralary bejermekde-de ähmiýetli serişde hasaplanýandyr. Onuň düzümindäki şekeriň ýokary bolandygyna seretmezden bu ösümlik, şeker diabeti kesellerine zyýansyz ösümlikdir. Häzirki wagtda dürli ýurtlarda şekeri öndürmekde bu ösümlikden peýdalanmaklyk giňden ýola goýlandyr.

Taýýarlan  Mekan ŞAMMYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Malina miwesi baradaky maglumatlar

Malina A, B, demir, kaliý, magniý, sink, kalsiý, ýaly peýdaly birleşmeleri öz içine alýar. Malina lukmançylykda işjeň ulanylýar esasanda, zyýanly maddalary ýok etmek üçin ulanylýar. Onuň miweleri  hoşboý ysly bolup ondan taýýarlanylýan içgi dermanlaryň tagamyny ýokarlandyrýar.  Lukmançylykda dümewden we sowuklamalardan we gyzzyrmadan ejir çekýän näsaglara malina iýmeklik  maslahat berýärler.


Meduzalar barada

Direliş we ölüm ähli janly-jandarlara mahsusdyr. Emma zoologlar ýer ýüzünde hiç haçan ölmeýän we hemişe täzeden döreýän jandaryň bardygyny tötänleýin tapdylar. “Turitopsis Nutricula” atly meduza, bu görnüş indi planetamyzda ýeke-täk ölmez jandar hasaplanýar. Meduza adamlar üçin düýbünden keseki jandar däl.


Tokaý fenegi

Tokaý fenegi-fenekler urugyna degişli bolan bu kiçi ýyrtyjynyň boýunyň uzynlygy 20 sm, guýrugy bilen hasap ediňde 65 sm barabar. Agramy 1,5 kg golaý bolýar. Onuň daşky keşbi örän gelşikli bolup, tumşugy we burny uzalan görnüşde bolýar.


Gara reňkli sarymsak­­­­­­­­

Gara reňkli sarymsak adaty  ak sarymsakdan bäş esse köp peýdalydyr. Bu adam saglygyna peýdaly hem-de  üýtgeşik tagamlydyr. Sarymsagyň sowuklamany bejermekde ulanylýan iň ýönekeý we ähmiýetli serişdedigini ählimiz bilýäris. Immunitet ulgamyny kämilleşdirýän, mikroplary ýok etýän we zerur bolsa wiruslardan goraýan güýçli tebigy antibiotikdir.


PAPAÝA AGAJY

Papaýanyň watany Merkezi we Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Papaýanyň miwesi “mämişi gün” diýip we ösýän agajy “çörek miwesi” agajy diýip atlandyrylýar. Papaýa agajy atanak güllüler maşgalasyna degişlidir. Papaýanyň agajy şahasy bolmadyk, inçe baldakly bolup baldagynyň uzynlygy 10 metre çenli ýetip bilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.