Saýgaklar hakyndaky täsinlikler

29-05-22

Saýgak - antilopalar maşgalasyna degişli görnüş bolup, burny hortum görnüşli goşa toýnakly sähra antilopasydyr. Ol örän täsin jandar. Ol baradaky täsinlikleriň biri hem hortumjyga meňzeş burnunyň bolmagydyr. Munuň şeýle bolmagy ýöne ýere däl ýagny, onuň hortumjygy ýüň bilen örtülen bolup, dem alýan howasyny toýnaklarynyň täsirinde döreýän tozan bölejiklerinden arassalaýar.

Saýgaklar  hemişe ýaşaýan ýerlerinde  iýmitiň gözleginde bolýarlar. Olar iýmitiň gözleginde wagty köp hereket etmeli bolýarlar.Şonuň üçin olaryň çanaklyk süňkine birigen yzky aýagynyň bogny ösen bolup, olara köp hereket etmäge kömek edýär. Haçanda olara howp abananda ýagny, ýyrtyjylar, möjekler,tilkiler hüjüm edende olar özüni halas etmek üçin öňki aýaklaryny epip, dik ýokary bökmek esasynda gaçýarlar.

Saýgagyň aýratynlyklarynyň biri hem onuň tizliginiň ýokary bolmagydyr. Olar sagatda 80 km tizlik bilen hereket edýärler. Saýgaklaryň  beýleki antilopalardan tapawudy olaryň erkekleriniň  “S” şekilinde hortumunyň bolmagydyr. Olaryň beýle hortumynyň bolmagy pes tolkuny sesi  duýmaklyga ýardam berýar. Şol sanda jübütleşme döwründe urkaçy saýgaklary özüne çekmeklige kömek edýär.                

Taýýarlan Laçyn DURDYLYÝEWA,
Turkmen oba hojalyk institutynyn talyby.

Malina miwesi baradaky maglumatlar

Malina A, B, demir, kaliý, magniý, sink, kalsiý, ýaly peýdaly birleşmeleri öz içine alýar. Malina lukmançylykda işjeň ulanylýar esasanda, zyýanly maddalary ýok etmek üçin ulanylýar. Onuň miweleri  hoşboý ysly bolup ondan taýýarlanylýan içgi dermanlaryň tagamyny ýokarlandyrýar.  Lukmançylykda dümewden we sowuklamalardan we gyzzyrmadan ejir çekýän näsaglara malina iýmeklik  maslahat berýärler.


Meduzalar barada

Direliş we ölüm ähli janly-jandarlara mahsusdyr. Emma zoologlar ýer ýüzünde hiç haçan ölmeýän we hemişe täzeden döreýän jandaryň bardygyny tötänleýin tapdylar. “Turitopsis Nutricula” atly meduza, bu görnüş indi planetamyzda ýeke-täk ölmez jandar hasaplanýar. Meduza adamlar üçin düýbünden keseki jandar däl.


Tokaý fenegi

Tokaý fenegi-fenekler urugyna degişli bolan bu kiçi ýyrtyjynyň boýunyň uzynlygy 20 sm, guýrugy bilen hasap ediňde 65 sm barabar. Agramy 1,5 kg golaý bolýar. Onuň daşky keşbi örän gelşikli bolup, tumşugy we burny uzalan görnüşde bolýar.


Gara reňkli sarymsak­­­­­­­­

Gara reňkli sarymsak adaty  ak sarymsakdan bäş esse köp peýdalydyr. Bu adam saglygyna peýdaly hem-de  üýtgeşik tagamlydyr. Sarymsagyň sowuklamany bejermekde ulanylýan iň ýönekeý we ähmiýetli serişdedigini ählimiz bilýäris. Immunitet ulgamyny kämilleşdirýän, mikroplary ýok etýän we zerur bolsa wiruslardan goraýan güýçli tebigy antibiotikdir.


PAPAÝA AGAJY

Papaýanyň watany Merkezi we Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Papaýanyň miwesi “mämişi gün” diýip we ösýän agajy “çörek miwesi” agajy diýip atlandyrylýar. Papaýa agajy atanak güllüler maşgalasyna degişlidir. Papaýanyň agajy şahasy bolmadyk, inçe baldakly bolup baldagynyň uzynlygy 10 metre çenli ýetip bilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.