Geňdir dünýä, giňdir dünýä ...

22-09-22

 • Pluton planetasynyň bir ýyly Ýeriň 247 ýylyna deňdir.

 • Eger Ýerden Güne reaktiw uçar baryp bilýän bolsady onda ol 800 km / sag tizligi bilen 21 ýylda baryp ýeterdi.

 • Her ýyl Aý Ýerden takmynan 4 santimetr daşlaşýar.  Munuň birnäçe sebäpleri bardyr,olaryň biri ýeriň aýlanyş döwrüniň günde 2 millisekunt haýallamagydyr .

 • Gün sekuntda milliard kilogramdan gowrak agram ýitirýär.  Bu gün ýeli, Günüň üstünde dürli tarapa hereket edýän bölejikleriň akymy bilen amala aşyrylýar.  Diňe gün ýeliniň bir bölejigi (kiçijik tohum ululygynda) 160 km daşlykda duran adamyda öldürip biler.

 • Ortaça 96 km / sag tizlikli awtoulag hem iň ýakyn ýyldyzymyz – “Proxima Centauri”-ä ýetmegi üçin takmynan 48 million ýyl gerek bolar.

 • Ganimed  Ýupiteriň planetasynyň iň uly hemralarynyň biri bolup ol Merkuriý planetasyndan hem uludyr.  Ganimediň diametri takmynan 5269 kilometre deňdir.

Taýýarlan Baýrammyrat GURBANMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini
ň 4-nji ýyl talyby.

ARY BALYNYŇ GELIP ÇYKYŞY

Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda balarylar grekler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.


Giňdir dünýä, geňdir dünýä

Leonardo da Winçi, Albert Eýnşteýn... ýaly adamlar dünýäniň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşup, taryhda atlaryny goýup gitdiler. Şeýle ajaýyp zehinleriň biri-de saz sungatynyň ösüşini ilerletmegi başaran ajaýyp sazanda Lýudwig wan Bethowendir. Ol özüniň ajaýyp eserleri bilen adam duýgularyny — gynanjy, şatlygy täzeçe beýan etmegi başardy


Bir ýylda iki aý akýan derýa

Bu derýanyň hakykatdan-da bardygyny köpçülik bilmeýär.Bu derýa Antarktidada ýerleşýär.Onuň ady Oniks derýasy  bolup, ol Antarktidadaky iň uzyn derýa hasaplanýar.Uzynlygy 30 kilometre deň bolup hakykatdan hem Oniks derýasy ýylda iki aý akýar, ýylyň galan bölegini  diňe buz halynda geçirýär.Oniks Wiktoriýa sebitlerinde ýerleşip öz gözbaşyny Braýnort kölünden alyp gaýdyp,Wanda kölüne guýýar. 


Reňkleriň manylary we psihologik täsiri

Reňkler we olaryň manylary durmuşymyzda olar hemme ýerde irden gözümizi açýan wagtymyz bilen ýapanymyzda köp reňklere sezewar bolýarys. Agaçlar, jaýlar we hatda köçdäki adamlar hem reňklidir. Durmuşymyzda gaty köp bolan reňkler bize köp tarapdan täsir edýär.


1634c1fe17476c.jpeg
Älemgoşar – reňkleriň sazlaşygy

Älemgoşar eýýäm biziň üçin ýyly pikirleri özünde jemleýän täsin waka. Hakykatdan hem asmanyň ýüzüni gara bulut tutup ýagyş ýagandan soň bulutlar derrew dargaýar we asmanyň ýüzini köp reňkli zolak tutýar. Ol zolak adama umyt we bagt berýär. Adamlar älemgoşaryň reňkini elmydama gowy zat bilen baglanyşdyrýarlar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.