«Altyn köl» dynç alyş zolagy myhmanlaryny kabul edýär

20-06-20

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän kölüň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç alyş toplumyny döretmek baradaky başlangyjy bu gün durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dynç alyş we syýahatçylyk ulgamynyň esasy halkasyna öwrüljek «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy boldy.

Ähli amatlyklary bolan täze dynç alyş toplumy halkara ülňülerine we talaplaryna laýyklykda bina edilip, eýýäm raýatlarymyza ýokary hilli hyzmatyny hödürläp başlady. Raýatlarymyzyň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin niýetlenen desgalaryň gurluşygy tamamlanan birinji tapgyrynda sport meýdançalarynyň, dynç alyş otaglarynyň, saglyk we gözegçilik nokatlarynyň, dükanlaryň, işgärler üçin ýaşaýyş otaglarynyň, «Tiz lukmançylyk kömegi» ulagy hem-de dürli görnüşli awtoulaglar üçin awtoduralganyň we kömekçi desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi.

Aýratyn bellemeli zatlaryň hatarynda şäherden «Altyn köl» dynç alyş zolagyna awtoulag hyzmatynyň işiniň ýola goýulmagydyr.  Mälim bolşy ýaly, bu ugurda «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak üçin 2020-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 3-nji «Awtokombinat — Täze zaman», 7-nji «Teke bazar — Awtomenzil, 11-nji «Parahat 7 — Awtomenzil» ugurlary boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeler hem-de 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» täze awtobus gatnawy işi girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ajaýyp köl geljekde mundan beýläk hem ösdüriler, raýatlarymyzyň oňat dynç almaklary üçin ähli şertler dörediler. Meýilleşdirilýän taslamalarda guruljak kottejler toplumy, durmuş maksatly binalar, suw güýmenjeleri, dolandyryş binalary, çaýhanalar, söwda merkezler, seýilgähler, saglyk öýi, ýaht klub, myhmanhanalar, fitnes zallar we ýapyk görnüşli howuzlar, restoranlar, çagalar üçin oýun meýdançalar we başgada birnäçe desgalar «Altyn köl» dynç alyş zolagyny paýtagtymyzyň iň gelim-gidimli ýerine öwürer.

Gahryman Arkadagymyzyň häzirki dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde döwrebap medeni zolagyny döredip bermegi halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

Bagtyýar raýatlarymyzyň zähmet çekmekleri, dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli amatlyklary döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jeýhun GELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenoba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.


aragatnaşyk ulgamy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar

Günsaýyn özgerýän döwletimiziň aragatnaşyk ulgamynyň tehniki binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän esasy strategik ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.


Halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyzyň her bir güni, sözüň doly manysynda, toýlara ulaşýar. Şu şatlykly günlerde 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly dabara bilen şatlyk-şowhuna beslenip toýlanar.


SAGDYN DURMUŞY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA

Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň mejlisler zalynda «Neşe serişdesine, seri dumanladyjy maddalaryna garşy jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek» maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.


«Altyn köl» dynç alyş zolagy myhmanlaryny kabul edýär

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän kölüň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç alyş toplumyny döretmek baradaky başlangyjy bu gün durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy boldy.


hemişelik BITARAPLYK — ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyz BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar.

2.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.