Halkyň ruhy baýlygy

20-06-20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyzyň her bir güni, sözüň doly manysynda, toýlara ulaşýar. Şu şatlykly günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli medeniýetimizi ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasyp derejede geçirmek maksady bilen 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly dabara bilen şatlyk-şowhuna beslenip toýlanar.

Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyýar türkmen halkynyň taryhy müňýyllyklara uzaýan medeniýeti özüniň ýokary derejelerdäki ösüşini başdan geçirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä medeniýetleriniň dostlukly gatnaşyklar arkaly pugtalanmagyna, dünýä halklarynyň milli medeniýetleri bilen tanyşmaklyga giň ýol açyldy. Häzirki döwürde bu medeni gatnaşyklaryň has-da täze derejelere çykarylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýar. Şonuň üçin hem türkmen medeniýetine, maddy we medeni mirasyna goýulýan sarpa Gahryman     Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanmak bilen dünýä ýüzünde öz ykraryny tapýar. Munuň hut şeýledigini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň taryhy-arheologik ýadygärlikleriniň aýawly saklanyp, ony geljekki nesillere ýetirmek babatdaky alnyp barylýan işler hem subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty, milli mirasymyzy öwrenmäge, ony täzeçe röwüşde dikeltmäge gönükdirilen başlangyçlary türkmen medeniýetiniň taryhyny we nazaryýetini öwrenmekde, şu günki ýagdaýyny seljermekde wajyp ähmiýete eýedir.

Güneşli Diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän türkmen medeniýetini, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýän we bu ugurda uly tagallalary edýän  hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Ogulhajat SARYÝEWA, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.


aragatnaşyk ulgamy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar

Günsaýyn özgerýän döwletimiziň aragatnaşyk ulgamynyň tehniki binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän esasy strategik ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.


Halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyzyň her bir güni, sözüň doly manysynda, toýlara ulaşýar. Şu şatlykly günlerde 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly dabara bilen şatlyk-şowhuna beslenip toýlanar.


SAGDYN DURMUŞY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA

Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň mejlisler zalynda «Neşe serişdesine, seri dumanladyjy maddalaryna garşy jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek» maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.


«Altyn köl» dynç alyş zolagy myhmanlaryny kabul edýär

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän kölüň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç alyş toplumyny döretmek baradaky başlangyjy bu gün durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy boldy.


hemişelik BITARAPLYK — ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyz BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar.

2.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.