aragatnaşyk ulgamy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar

20-06-20

Günsaýyn özgerýän döwletimiziň aragatnaşyk ulgamynyň tehniki binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, ulgamda halka edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän esasy strategik ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda il-ýurt bähbitli, giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda kommunikasiýa ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi. Bu ulgamyň kadaly hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, halk hojalygyndaky özgertmelere uly täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça Ministrler Kabinetiniň geçenki mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamyny döretmek we işe girizmek meseleleri barada hasabat berildi. Muňa laýyklykda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk düzgünlerini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler geçirilýär.

Şu ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, edaradyr kärhanalara we guramalara hem-de hususy telekeçilere elektron resminama dolanyşygy ulgamyny, web-saýtlary bellenen tertipde döretmek ugrunda işler ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek üçin ýurdumyzda IT hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmek esasy wezipeleriň birine öwrüldi. Sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de olary ornaşdyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan IT-kompaniýalarynyň, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabatdaky Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen «Sanly çözgüt — IT-meýdança», «Türkmentehnogurluşyk», «Belgi», «Kuwwat merkezi» we «Asman oky» kompaniýalarynyň gatnaşmagy milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmäge ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň täze belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

Şemşat PIRMÄMMEDOWA,
Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy.


aragatnaşyk ulgamy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar

Günsaýyn özgerýän döwletimiziň aragatnaşyk ulgamynyň tehniki binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän esasy strategik ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.


Halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyzyň her bir güni, sözüň doly manysynda, toýlara ulaşýar. Şu şatlykly günlerde 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly dabara bilen şatlyk-şowhuna beslenip toýlanar.


SAGDYN DURMUŞY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA

Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň mejlisler zalynda «Neşe serişdesine, seri dumanladyjy maddalaryna garşy jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek» maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.


«Altyn köl» dynç alyş zolagy myhmanlaryny kabul edýär

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän kölüň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç alyş toplumyny döretmek baradaky başlangyjy bu gün durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy boldy.


hemişelik BITARAPLYK — ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyz BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar.

2.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.