Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça maslahat geçirdi

26-06-20

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň döremeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeleri barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda gutardyş synaglary dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin giriş synaglaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň ösen tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary işjeň peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzda degişli düzümleriň gatnaşmagynda bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärler üçin giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi. Ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakynda aýdyp, milli Liderimiz birnäçe hünärler boýunça täze ugurlary girizmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow häzirki döwürde ýurdumyzyň bank-maliýe toplumynyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem halk hojalygy toplumynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginde, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleri işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýarym ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlise hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi we häzirki çylşyrymly şertlerde gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi, halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeňleşdirilmegi bilen baglanyşykly başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.


2.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.