Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy

03-07-20

2-nji iýulda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.

Birinjiden, hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi.

Ikinjiden, ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerlerini: deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Üçünjiden, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça we yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Dördünjiden, milli Liderimiz «Bitewi äpişge» ýörelgesi boýunça gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi. Bäşinjiden, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugrunyň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we şu ýylyň iýul aýynda üç ýurduň ulag ulgamlarynyň we beýleki degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn düzgüninde duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny aýratyn nygtady.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz türkmen kärdeşine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen ýokary derejedäki üç taraplaýyn duşuşygyň ahyrynda gepleşiklere gatnaşyjylar halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.


«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.


hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

15-nji iýulda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr.


Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

PREZ_00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.