ULAGLAR ULGAMYNDA HALKARA GATNAŞYKLAR BARHA PUGTALANÝAR

23-07-20

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan syýasy strategiýa esasynda daşary ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ählumumy bähbitler üçin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär we sebit hem-de dünýä ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan iri ulag toplumyny, multimodal logistika merkezini, maglumat pudaklaryny hem-de çäkli-önümçilik ulgamlaryny gurmak bilen dünýä ulag giňişligine doly goşulyşýar. Ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny peýdalanmagyň amala aşyrylmagy, ulag hyzmatlaryny eksport etmegiň milli ykdysadyýetiň iri girdejili çeşmesine öwrülmegi boýunça iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ýükleri daşamagyň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan öz çäkleri boýunça ygtybarly ulag-üstaşyr gatnawyny üpjün edýär. Bu gatnawlar «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleri döretmäge niýetlenen halkara ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Şu babatda Garaşsyz Türkmenistan gysga döwrüň içinde birnäçe iri halkara ähmiýetli ýol-ulag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirdi we bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi.

Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän «Lapis Lazuli» ulag geçelgesi hormatly Prezidentimiziň dünýäde uly goldaw tapýan beýik başlangyçlarynyň miwesidir. Bu multimodal ulag geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde dünýä ykdysadyýetiniň wajyp bölekleriniň biri bolan ulag ulgamyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, çäk taýdan örän amatly ýerleşýän goňşy döwletler bu ugurda ägirt uly kuwwata eýe bolup, ony durnukly ykdysady ösüşi, iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny berkitmek üçin hem niýetlenendir.

Parahatçylygy we durnuklylygy sakla-mak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we sebitde hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyz halklaryň arasynda dostluk köprüsi hökmünde çykyş edýän howpsuz, hemmelere elýeterli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň möhümdigini hemişe nygtaýar. Onuň durmuşa geçirilmegi taslama gatnaşyjy ýurtlara özleriniň sebitiň we yklymlaryň söwda bazarlaryna çykyp bilmeklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge kömek eder.

Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek we täze döwrüň talap edýän ulag geçelgelerini kemala getirmek baradaky başlangyçlaryny uzak möhletleýin goldamak bilen, türkiýeli hyzmatdaşlar deňhukukly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, wideoduşuşygyň çäklerinde taraplar hereket edýän ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şonuň ýaly-da, sebit hem-de global çäklerde netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge hyzmat edýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.


ULAGLAR ULGAMYNDA HALKARA GATNAŞYKLAR BARHA PUGTALANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan syýasy strategiýa esasynda daşary ykdysady gatnaşyklary alyp barýar.


aragatnaşyk ulgamy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar

Günsaýyn özgerýän döwletimiziň aragatnaşyk ulgamynyň tehniki binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän esasy strategik ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.


Halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyzyň her bir güni, sözüň doly manysynda, toýlara ulaşýar. Şu şatlykly günlerde 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly dabara bilen şatlyk-şowhuna beslenip toýlanar.


SAGDYN DURMUŞY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA

Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň mejlisler zalynda «Neşe serişdesine, seri dumanladyjy maddalaryna garşy jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek» maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.


«Altyn köl» dynç alyş zolagy myhmanlaryny kabul edýär

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän kölüň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç alyş toplumyny döretmek baradaky başlangyjy bu gün durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy boldy.

PREZ_00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.