Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

23-07-20

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ilkinji ýöriteleşdirilen merkeziň açylmagy alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny üpjün etmek meselelerine häzirki döwürde möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy. Bu waka hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna gabat geldi.

Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Assosiasiýanyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda milli Liderimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak wezipesi durýar.

Şeýle hem şol gün Änew şäherinde düýpgöter täze desgalaryň — weterinar bejerişhanasynyň hem-de öý jandarlaryny saklamak üçin toplumyň gurlup ulanmaga berilmegi türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we olary giňden wagyz etmäge, kinologiýa işini we itşynaslygyň döwrebap ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen wajyp ädime öwrüldi. Desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdy.

Weterinar hassahanasy öý haýwanlaryna hyzmat etmekde iň kämil toplum bolup durýar. Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary ýokary derejede bejermek üçin ýörite niýetlenen öňdebaryjy weterinar enjamlary bilen üpjün edildi.

Täze toplum haýwanlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Munuň özi epizootik abadançylygy üpjün etmek üçin möhüm şert bolup durýar. Bu ýerden uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi.

Bu toplum döwlet derejesinde döredilen Türkmenistandaky şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir. Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle merkezleriň gurulmagy türkmen halkynyň tebigata örän aýawly çemeleşýändigi, olaryň daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket edýändigini alamatlandyrýar. Türkmen jemgyýetiniň asylly ýörelgeleri ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, halkymyzyň aňynda pugta orun eýeledi we onuň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirildi.

Assosiasiýanyň agzalary milli Liderimize ýene bir gezek çäksiz hoşallyk duýgularyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň arassalygyny saklamaga hem-de täze ugurlaryny döretmäge we sanyny artdyrmaga gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işini maksadalaýyk alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýatlaryň bölümleriniň ýanynda şunuň ýaly weterinar toplumlary gurmak üçin olaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak barada çözgüt kabul edildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alabaý itleriniň gurulmagy meýilleşdirilýän tohumçylyk merkezleriniň, şeýle hem paýtagtymyzda bina edilmegi göz öňünde tutulýan türkmen alabaý itleriniň bäsleşik merkeziniň taslamalary taýýarlandy.

Alabaý hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Şeýlelikde, bahar paslynyň ajaýyp pursatlarynda milli Liderimiz özüne sowgat berlen Pälwan atly alabaý güjügine şu aşakdaky şahyrana setirleri bagyşlady.

 

Pälwansyň sen, alabaýym,

Edermensiň sen, alabaýym.

Gerek bolsa gerçeksiň sen, alabaýym,

Türkmen milletiniň buýsanjysyň sen, alabaýym.

 

Milli Liderimiz özüniň şahyrana döredijiligi bilen alabaýlaryň gaýduwsyzlygyny we edermenligini wasp edip, olary milletiň buýsanjy we gymmaty hasaplanýan ahalteke bedewler bilen bir hatarda görýär.

Ine, bu gün bolsa milli Liderimiz “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde ösdürilip ýetişdirilýän Pälwan atly alabaý iti bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde gezelenç etdi.

Dag etekleriniň we belent baýyrlaryň tutuş gurşawynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi bu ýerlerde ýakymly howa gurşawynyň döremegini we ajaýyp künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu töwerekleriň ösümlik dünýäsi ynsan kalbyna ýakymly täsir edip, adamlaryň ruhuny göterýär.

Bilelikde gezelenç etmegi hem öz içine alýan toplumlaýyn esasda geçirilýän işler netijesinde dünýäde gaýduwsyz, edermen, şol bir wagtyň özünde wepaly, goýun sürülerini we emlägi goramaga ukyply itler hökmünde dünýäde ykrar edilen alabaý kemala geldi.

Alabaý itiniň döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir.

Hut şonuň üçin hem alabaý itleriniň bu gymmatly häsiýetlerini saklamak, ösdürmek, olary köpeltmegiň tejribelerini öwrenmek we umumylaşdyrmak, bu ugurda tejribe alyşmak häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Köpasyrlyk däplere daýanmak bolsa alabaý itleriniň tohum arassalygyny saklamaga, olaryň beýleki tohumdaky itlerden tapawutly aýratynlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde dünýäde meşhur bolan türkmen alabaýynyň heýkelini oturtmak baradaky çögüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň wepaly syrdaşy hasaplanylýan alabaýyň hormatynyň belent tutulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz özüniň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Alabaý biziň milli buýsanjymyz. Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip nygtaýar..

Hormatly Prezidentimiz alabaýyň sazlaşykly ösýändigini, onuň beden gurluşynyň türkmen alabaýyna mahsusdygyny guwanç bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda uly gadyr goýulýan alabaý tohumyndaky itleriň häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Milli Liderimiz dag eteginiň ajaýyp künjeginde alabaý bilen gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.


«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.


hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

15-nji iýulda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr.


Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

PREZ_00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.