Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Geçen hepdäniň wakalary döredijilikli ýol bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň durnukly ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
-
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. -
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. -
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.