Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
168c1210d7ffe0.jpeg
1 aý ozal
“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

San-Fransiskoda däp bolan tanyşdyrylyş dabarasynda dünýä belli “Apple” kompaniýasy kabelsiz gulaklyklaryň, “akylly” sagatlaryň we “iPhone 17” smartfonlarynyň täzelenen görnüşlerini hödürledi.

168c11f632d60c.webp
1 aý ozal
Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Amerikada Ak Tamyň howandarlygynda geçirilýän emeli intellekt (AI) bilimi başlangyçlary çäginde iri kompaniýalar, jemgyýetçilik guramalary we bilim edaralary täze borçnamalaryny yglan etdiler. Maksat — K-12-den başlap kollež derejesine çenli AI sowatlylygyny giňeltmek, mugallymlary taýýarlamak we okuwçylara häzirki zaman gurallaryny elýeterli etmek. Bu işde Ak Tamyň AI Bilim boýunça topary bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygy möhüm orun eýeleýär.

168a2c40b16154.jpeg
1 aý ozal
Turkish Airlines Hytaýa gatnaw sanyny köpelder

Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasy Hytaýa uçuş maksatnamasyny giňeltmek kararyna geldi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Bilal Ekşi sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.

1689d80a28acad.jpeg
1 aý ozal
“Starlink” Gazagystanda ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlady

Amerikanyň awiakosmos kompaniýasy “SpaceX”-iň bölümi bolan “Starlink” kompaniýasy Gazagystanyň çäginde ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlaýar, diýip Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we awiakosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

16888584951aa9.jpeg
2 aý ozal
Eýran goňşy ýurtlara otly gatnawlaryny ýola goýar

Eýran goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we sebitara demir ýol ulgamyny ösdürmek maksady bilen üç sany täze demir ýol ugry açmaga taýýarlanýar. Bu barada Eýran Demir Ýollary Milli Kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory hem-de Ýol-ulag we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Jebbar Aly Zakeri habar berdi.

1688856f5e5a19.jpeg
2 aý ozal
ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar

Şanhaýda geçirilen Bütindünýä Emeli aň maslahatynda emeli aň boýunça global innowasiýalar indeksine degişli hasabat tanyşdyryldy. Bu hasabat Hytaýyň Ylym we tehnologiýa maglumat Instituty bilen Pekin uniwersiteti tarapyndan taýýarlanyldy diýip, metbugat neşirleri habar berýär.

168831680b098e.jpeg
2 aý ozal
Transowgan demir ýolunyň gurluşygy 5 ýyl dowam eder

Transowgan demir ýolunyň gurluşygy, Özbegistany Owganystanyň üstünden geçip, Pakistan portlary bilen baglanyşdyrjak taslama bolup, bäş ýylyň dowamynda durmuşa geçiriler diýip garaşylýar. Bu barada “Uzbekistan 24” teleýaýlymyna beren interwýusynda Özbegistanyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýew habar berdi.

1686629bb807e5.jpeg
3 aý ozal
Türkiýe ýurduň portlaryna girmän, Bosfor we Dardanel bogazlaryndan geçýän gämiler üçin üstaşyr tölegi 15% ýokarlandyrýar

Türkiýäniň Ulag ministrligi Bosfor we Dardanel bogazlaryndan gämileriň üstaşyr geçmegi üçin tölegiň möçberini hasaplamak üçin ulanylýan şertli birligiň bahasyny 1-nji iýuldan başlap 14,7% göterim ýokarlandyrjakdygyny yglan etdi.

1686628fc4d449.jpeg
3 aý ozal
Özbegistanyň milli emeli aň modeli dörediler

Özbegistanda ilkinji milli emeli aň modeli işläp taýýarlanylýar. Ulgam häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda düzüler, emma şol bir wagtyň özünde ýurduň medeniýetini, gymmatlyklaryny we taryhy mirasyny şöhlenendirer. Özbegistanyň milli emeli aňy, esasan hem, ýaşlaryň arasynda täze pikirleriň we döredijeligiň platformasy bolar.

168662836446e9.png
3 aý ozal
Ilon Mask täze Grok 4 AI-modelini yglan etdi

Ilon Mask, xAI kompaniýasynyň täze Grok 4 emeli añ modeliniň 4-nji iýuldan soňra çykjakdygyny habar berdi. Ilkibaşda bu model Grok 3.5 hökmünde işlenip başlandy, emma taýýarlaýyş döwründe ady üýtgedildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.