Rubrikalar / Saglyk burçy
Saglyk burçy
Saglyk – baş baýlyk
Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen bagly. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar - gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.
Näme üçin baş aýlanýar?
Baş aýlanma sagdyn adamda seýrek bolýar we adatça aşa işlemek ýa-da tebigy faktorlar sebäpli döräp biler. Umumy saglyk ýagdaýy erbetleşip, baş aýlanma ýüze çykan halatynda, lukmana baryp görmegi gijikdirmeli däl.
Saglyk – baş baýlyk
Her bir ynsanyň iň uly islegi sagdyn ýaşamakdyr. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
SAGLYGA PEÝDALY GÖK ÖNÜMLER WE MIWELER
2021-nji ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak dabaraly pursatlara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler biz — bilim işgärleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öz bilim derejelerimizi yzygiderli kämilleşdirýäris we ösüp gelýän ýaş nesillerimize, talyp ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde ýadawsyz zähmet çekýäris.
Kömelekleriň beýni we süňk saglygy üçin peýdasy
Kömeleksiz nahary göz öňüne getirip bilmeýänler üçin ajaýyp habar bar. Kömelekler naharyň tagamyny gowulaşdyrmakdan başga-da saglyga oňyn täsir edýändigini aýdyp beýan edip bolýar.
Beden üçin magniýe baý möhüm 7 önüm
Magniý adam bedeni üçin iň möhüm elementlerden biridir. Beden üçin möhüm diýip hasaplanýan B toparyndaky witaminlerden, ösümlik belogyndan başga-da, başga bir möhüm komponent - magniý bar. Magniý ganyň şeker derejesine, süňk saglygyna, gan basyşyna gözegçilik etmekde oňyn täsir edýär we iň esasysy ýürek üçin peýdalydyr. Merkezi nerw ulgamyny güýçlendirmek we energiýa derejesini ýokarlandyrmak hem onuň wezipelerinden biridir.
Sagdyn ösüşe eýe bolmak
Ösüp barýan bedene ýokum, has-da mal ýokumy, şeýle-de aminoturşulyklar, kalsiý, kaliý we witaminler aýratyn-da gerek.
Bedene eti barada
Bedene eti ýeňil özleşdirilýän berhizlik önümlere degişlidir. Onuň düzüminde süňkler we myşsalar üçin peýdaly bolan beloklar köp mukdarda saklanýar. Bu bolsa sport bilen meşgullanýan adamlara, şeýle hem ösüp barýan çagalara peýdalydyr. Bedene etinde süňk we myşsa derisininiň ýagdaýyny gowulandyrýan kaliý, fosfor, mineral düzümleri, iýmit siňdiriş, nerw ulgamlarynyň işine oňaýly täsir edýän B witamin toparlary bar.
Dogry iýmitlenmek
Öz agramyny kadaly ýagdaýda saklamak barada alada edýän adamlaryň aglabasynda şeýle sowal ýüze çykan bolsa gerek: Nähili çäre görse gowy bolar — berk berhiz saklamalymy ýa-da dogry iýmitlenmek ýörelgelerine salgylanmaly? Köpler üçin bu çäreleriň ikisem şol bir zat ýaly, emma, aslynda bu beýle däldir. Olaryň hersi özbaşyna bir ýörelgedir.
Zeýtun ýagy
Zeýtun ýagynyň bejergi üçin ähimiýeti örän ýokary bolansoň, ol saglyk üçin iň gymmatly iýmit önümleriniň biri hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa, dünýäde harçlanýan ýaglaryň bary ýogy üç göterimi zeýtun ýagynyň paýyna düşýär. Ýogsa zeýtun ýagy, örän seýrek gabat gelýän, adam organizminde ýüz göterim özleşip bilýän iýmitleriň hataryna girýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.