Ulag we kommunikasiýalar agentligi

18-01-22

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň köpugurly, örän oýlanyşykly daşary syýasatyna dünýäde yzygiderli ösüşiň möhüm we aýrylmaz ugry hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň hemişelik oňyn bitaraplyk hukuk derejesine bolsa Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara düşünişmäge we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýagdaýy döretmegiň netijeli usuly diýlip hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmagynda galýar hem-de häzirki döwürde onuň innowasion taýdan ösdürilmeginde esasy orun tutýar.

Be­ýik Ýüpek ýo­lu­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüşi­ni täze de­re­jä göter­mäge, halk­la­ryň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, prog­re­siň ga­za­nan­la­ry­ny ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rýär. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hasaplanýan bu gadymy ýoluň dikeldilmeginiň berkarar döwle­timiziň halkara söwda aragatnaşygyny ösdürmekde, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwa­tyny pugtalandyrmakda ähmiýeti uludyr.

Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asudalygy, hoşniýetli we parahatsöýüjili­k­li daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýeti tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň girişmegi bilen «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça gurlan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar.

Häzirki wagtda oňyn bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistan dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen hoşniýetli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar hem-de bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýar.

Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynda we berkidilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, Bitarap Türkmenistan sebitiň ýurtlary, şol sanda iri sebitleýin guramalar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan möhüm ähmiýetli ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýa üçin multimodal ýoly döretmek barada ozal öňe süren başlangyjyny amala aşyrmak maksady bilen, BMG-niň Ýewropa Ykdysady topary, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki guramalar bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny ugur edinýär. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we sebitde durnuklylygyň saklanmagy bu gatnaşyklaryň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu wezipeler Türkmenistanyň durnuklylygyň üpjün edilmegine we işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, sebitleýin we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi ýaly sebitleýin gatnaşyklaryň deňeçer ösüşine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryna gabat gelýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag infrastruk­tura­syny ösdürmek meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän esasy strategiki ugurlarynyň biri bolmak bilen, diňe ýurt ýa-da sebit möçberinde däl, eýsem dünýä derejesinde hem hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy, parahatçylygy pugta­landyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bu babatda «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlaryna öwrüldi. Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman, öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezlerini döredýär. Ol ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga daýanýar, bu bolsa oňa dünýäniň senagat düzüminde mynasyp orny eýelemegine uly mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bu konsepsiýany öňe ilerletmek bilen, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan, parahatçylyk, dostluk-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik  Bitarap Türkmenistan wajyp halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we olary üstünlikli amala aşyrýar. Munuň netijesinde ulaglar ulgamynda birnäçe halkara ähmiýetli birnäçe Kararnamalar hem kabul edildi.

2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýanyň, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde  “Ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek” atly Rezolýusiýanyň, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigine we onuň ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan öňdengörüjilikli ulaglar syýasaty mähriban halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine, köpasyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine we medeni däplerine daýanyp, ählumumy parahatçylygy we öňe gitmegi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu kabul edilen Rezolýusiýalar ekologiýa taýdan amatly, howpsuz, netijeli, ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň harytlaryň we adamlaryň ondan-oňa amatly geçirilmegi hem-de durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýetini ykrar edýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda ulaglar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ýurdumyz halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň merkezie öwrüldi. Bu babatda 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly halkara maslahatyň, 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda “Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň”, 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda “Ulag we logistika” boýunça halkara maslahatyň, 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA VII)”,  2018-nji ýylyň 2-nji maýynda “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň we beýlekileriň ýurdumyzda geçirilmegi ulag geçelgelerini has netijeli dolandyrmaga, halkara ulag we logistika ulgamyny okgunly ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmaga uly giň mümkinçilikleri döretdi.

Bu ulgamyň ösdürilmegi bolsa, dünýä hojalyk gatnaşykla­rynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda «Demirgazyk – Günor­ta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleriň durmuşa geçirilmegi ýur­dumyzyň ulaglar ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyr­maga itergi berdi.

Bu işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyzy kuwwatly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwürýän halkara geçelgeleriniň uly ähmiýeti bar. Bu döwletleriň özara bähbitli gatnaşyklarynyň amala aşyrylmagynda esasy ugurlar bolup, milli ulaglar ulgamymyzyň kämilleşmeginde we ösüş maksatly işleriň hasyl bolmagynda iň wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň dürli çäklerinden halkara geçelgeleriniň birnäçesi geçip, Türkmenistan döwletimizi sebitde ulaglaryň dürli görnüşleriniň iri gatnawlar merkezi hökmünde çykyş etmegine esas döredýär.

2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda sebitde esasy ulag geçelgeleriniň biri bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesiniň açylyp berilmegi netijesinde «Demirgazyk – Günor­ta» ugry boýunça işjeň gatnawlar amala aşyrylyp başlandy. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebit we halkara derejesindäki ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny ýola goýmaga şert bolup durýar. Bu halkara demir ýoly diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa örän oňyn täsir etmäge ukyply düýpli geosyýasy mümkinçiligi döredýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň örän möhüm bölegi bolan täze halkara demir ýolunyň üç döwletiň diňe bir halk hojalyk toplumlary üçin wajyp däl-de, eýsem dünýäniň ulag geçelgelerine birleşmekde taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi babatda möhüm ähmiýeti bardyr.

Sebitde özara bähbitli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen 2014-nji ýylyň 20-nji martynda Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman ýurtlarynyň arasynda ulag ugruny döretmek hakyndaky baglaşylan dörttaraplaýyn Ylalaşyk güýje girdi. Bu dörtaraplaýyn Ylalaşyk Ýewraziýanyň Gündogar — Günbatar ugrunda ýollaryň has gysgalmagyna, ýükleriň gatnaw çykdajysynyň görnetin arzanlamagyna şert döredýär. Bu Ylalaşyga sebitiň beýleki döwletleri hem uly gyzyklanma bildirýärler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesi sebitde ulag gatnawlary arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ugur bolup, Aziýa döwletleriniň birnäçesine çykmaga mümkinçilikleri döredýär.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi hem öz nobatynda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu babatda 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçen «Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatda» ýoluň geljegi, ony ösdürmegiň ugry we mümkinçilikleri dogrusynda pikirler alşyldy. Merkezi Aziýa — Kawkaz — Ýewropa (TRASEKA) halkara ulag geçelgesi Hytaý Halk Respublikasyndan başlap, bütin yklymy birleşdirýän ugur bolup durýar. Bu maksatnamanyň çäginde dünýäniň esasy ulag-üstaşyr geçelgeleri kesişip, bu ugur halklaryň ýakynlaşmagynda, bütin dünýäniň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde kesgitleýji orny eýeleýär. Çünki bu ýollaryň özara birleşmegi ýükleri daşamakdaky we ýolagçylary gatnatmakdaky sarp edilýän wagty we serişdeleri ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgasynyň esasy ugry hökmünde Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe döwletlerini birikdirýän «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesini bellemek bolar. Bu geçelge esasynda ýola goýlan gatnawlar häzirki güne çenli ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam etdi. 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 14-15-i aralygynda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahatyň (RECCA VII) çäginde bu halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen goňşy Owganystanyň haryt dolanşygyny ýokarlandyrmaga, owgan harytlaryny Ýewropa bazarlaryna çykarmaga mümkinçilikler döredilýär. Multimodal ulag geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz ýakalaryny, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoyk­dysady çäklerde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) böleginiň gurlup ulanmaga berildi. Bu giň möçberli taslama Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgeleriniň hil taýdan täze kartasynyň döremegine, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy bilen Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm halkasyny kemala getirilmeginde, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde hem-de tutuş sebiti ösdürmekde ähmiýetli uly orun eýelär. Bitarap Türkmenistan tarapyndan gurulýan bu ýollar halkara parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýollaryna öwrülýär.

Be­ýik Ýüpek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen ýurt­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň we dost­lu­gyň berk köp­rüsi­niň esa­sy we­zi­pe­si­ ýur­du­my­zyň ulag­lar we telekommunikasiýa toplumynyň pa­ýy­na düş­ýär. Bu hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp hal­ka­sy bo­lan Türk­me­nis­tan­ Wa­ta­ny­myz­da äh­li şert­le­riň bar­dy­gy­ny anyk aýt­mak bo­lar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag-aragatnaşyk düzümi yzygiderli kämilleşýär. Demir, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglary pudaklarynyň tehniki parklarynyň dünýäde iň kämil ulag serişdeleri bilen üsti ýetirilip durulýar, aragatnaşyk pudagyna ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Şunlukda, kämil we döwrebap otlulary, awtomobilleri, uçarlary, gämileri hem-de häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary halkymyz tarapyndan giňden peýdalanylýar. Ulag we kommunikasiýa toplumyna ösen innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ulag kärhanalarynyň girdejililigi we bäsdeşlik ukyby ýokarlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza Ýer ýüzünde ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyz ýörite karary bilen «Türkmenaragat­naşyk» agentligini Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýip kesgitledi. Ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet tiz­lik, amat­lylyk, tyg­şyt­ly­lyk dü­şün­je­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­den gör­nü­şi ýa­ly, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ýur­duň ösüş dep­gi­ni­niň çalt­lan­ma­gy­na we sanly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ha­sa­by­na ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, şeý­le-de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň düý­bün­den ta­pa­wut­lan­ýan tä­ze hi­le geç­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­myz­da ila­ta hö­dür­len­ýän dür­li gör­nüş­li hyz­mat­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp baryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.     

Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeter edildi.

Türkmenistan döwletimiz özüniň ilkinji «Türkmen Älem 52 E» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen kosmosy öwreniji we özleşdiriji döwletleriň hataryna goşuldy. Indi ýurdumyz dürli görnüşli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we Ýer ýüzüniň beýleki onlarça döwletlerine hödürlemäge mümkinçilik aldy. Häzirki wagtda  hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ikinji emeli hemrany, ýagny Türkmenistanyň älem giňişliginden ýer üstüne gözegçilik edýän milli emeli hemrasyny gurmak we älem giňişligine çykarmak baradaky tabşyrygyna laýyklykda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenilmegi bilen maglumatlar eýýamyna gadam basan dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmek, sanly ykdysadyýete geçmek, elektron resminamalar dolanyşygyny gurnamak ýaly möhüm wezipeler aragatnaşyk pudagynyň paýyna düşýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzüminde «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Altyn Asyr», «Aşgabat şäher telefon ulgamy», «Türkmen hemrasy», «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri hereket edip, olar ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça giň mümkinçiliklere eýedir.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilýän häzirki wagtynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Döwlet hyzmatlary» portaly döredilip, bu portal döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk maglumat ulgamyny üpjün edýär.

Kämil maglumat geçiriş ulgamyň bolmagy ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň barha artmagyna, elektron resminama dolanşygyna, maglumat geçirijiligine we netijede önümçiligiň ýokarlanmagyna getirer. Munuň özi pudak edaralaryna dürli görnüşli hyzmatlar bermeklige mümkinçilik döreder. Ýagny ulag pudagy üçin ulag we logistika ulgamyny döretmeklige, söwda toplumy üçin internet söwdalaryny we internet marketing ulgamlaryny guramaklyga, bilim ulgamy üçin uzak aralykdan interaktiw-multimediýa okuwlary gurnamaklyga, saglygy goraýyş pudagynda Milli emeli hemranyň üsti bilen telemedisina ulgamy, internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmak bilen ilata maglumat arkaly maslahatlary bermek, şeýle hem, beýleki pudaklarda kämil aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge, maglumat geçirijiligini artdyrmakda giň mümkinçilikler berer.

Ýurdumyzda halkymyzyň internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Internet ulgamynyň göwrümi giňeldilip, daşarky ýokary tizlikli internet akymynyň tizligi hem yzygiderli artdyrylýar. Olaryň häzirki wagtdaky göwrümleri halkymyzyň we halk hojalygynyň dürli pudak edara-kärhanalarynyň Internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar.

Bu günki gün ýurdumyz halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde sebitde esasy baglanyşdyryjy merkezi emele getirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlaryny, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işi netijeli alnyp barylýar, optiki-süýümli magistral ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar. Döwletimiz diňe bir merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem Gündogaryň we Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsini emele getirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda 5 sany döwletara optiki süýümli maglumat geçiş ugurlary hereket edýär.

Häzirki döwürde gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Päkistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy geljekde Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrar, sebitde söwda-ykdysady we maglumat-kommunikasiýa gatnaşyklary ulgamynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň, halklar arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy ýoly hasaplanylýar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan dünýä ähmiýetli işler, giň gerimli taslamalardyr özgertmeler milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň beýik sepgitleri nazarlap, olara üstünlikli barýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän uly göwrümli maksatnamalar ýurduň ösüşiniň täze tapgyry üçin düýpli esas goýuldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda we işjeňleşmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilip, halklaryň bolelinligini gazanmakda kesgitleýji orun eýeleýän bu özgertmeleri, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu üstünlikler bolsa ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegine mümkinçilik döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe howa ulaglary pudagynyň ýokary depginli ösüşini gazanmakda hem uly aladalar edilip, halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Howa ulag pudagyndaky daşary ykdysady gatnaşyklar dünýä döwletleri bilen baglaşylan halkara ylalaşyklaryň esasynda we raýat awiasiýa pudagyndaky halkara konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar, şeýlelik bilen bu pudak daşary ýurtlar bilen 50-den gowrak dürli ylalaşyklaryň gatnaşyjysydyr, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO), Howa giňişligini ulanma geňeşiniň, şeýle hem Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa agentligi (EASA) bilen bilelikde hereket edýär.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylyp, içerki we halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda, halk hojalyk ýüklerini daşamakda öz wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň howa ulaglary ulgamynyň ýerüsti infrastrukturasy barha pugtalandyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň halkara derejeli howa menzilleri, Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebi, lukmançylyk merkezi, “Laçyn” myhmanhana toplumy we seýilgähi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem awiasiýa işlerini we Türkmenistanyň howa giňişliginde üstaşyr geçelgeleriniň üpjünçiligini howpsuz ýerine ýetirilmesi boýunça bitewi önümçilik-tehnologiki prosesini üpjün edýän beýleki awiasiýa gulluklary pudagyň özenini düzýär.

Uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýurdumyzyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmak üçin “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” ugurlary boýunça täze howa ugurlary açylýar, bu bolsa gatnaw­laryň dolanyşygyny artdyrmaga mümkiçilik berýär. Howpsuz aeronawiga­sion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri howa gatnawynyň dolandyrmasynyň radio­lokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan.

Howa ulaglary pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Bu pudak ýyl-ýyldan güýçli depginler bilen özgerip, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda özüne degişli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň howa menzilleriň iş usullaryny döwrebaplaşdyrmak ýaly işleri maksat edinip, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu ugurda guramaçylykly çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, şeýle hem raýatlarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tehniki taýdan üpjünçiligi we onuň häzirki zaman uçarlar parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» gullugynyň işiniň has-da kämilleşip, tehniki taýdan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, howa ulaglary pudagyna degişli binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, täze uçarlaryň birnäçesiniň satyn alynmagy umumy gazanylan ýokary netijeleriň gysgaça beýanyny düzýär. Aýratyn hem, soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň tehniki esasy hem düýpgöter özgerdi we kuwwatlandy. «Laçyn» nyşanly türkmen «Boeing» uçarlary bilen yzygiderli üsti ýetirilýän milli raýat awiasiýamyz dünýäde özüni kämil, döwrebap awiasiýa kompaniýasy we ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy.

«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasynda bu pudagyň işini özgertmek babatda köp sanly işler durmuşa geçirildi.  Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlaryň depginliligini artdyrmaga mümkiçilik berýär.

Howpsuz aeronawigasion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri «Thales» öňde baryjy fransuz kompaniýa synyň howa gatnawynyň dolandyrmasynyň radiolokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki günde ýurduň howa giňişliginde Howa gatnawyny dolandyrma gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine hyzmat edilýär. Esasy howa menzilleriň biri bolan Aşgabat Halkara howa menzili Türkmenistanyň baş “howa derwezisidir”, yklym we yklymara awiaýollaryndaky iri üstaşyr nokadydyr. Bu aeromenzil toplumy iki ýolagçy terminaldan we VIP-terminaldan ybarat bolup, onda sagatda 2000 ýolagça golaý hyzmat edilýär, bu bolsa, öz gezeginde, hemmesini jemläp aýdanyňda ýylda 17 milliondan köpräk ýolagçylara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly ýylda dürli ýükleriň 200 müň tonnasyny işläp taýýarlamaga ukyplydyr. Aşgabat aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO-4F/САТ-III. “Türkmenhowaýollary” agentligiň awiasion-tehniki bazasy, howa gämilerine hyzmat etmek boýunça uly döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awiasion-tehniki merkezi bar, ol şol bir wagtyň özünde 5 sany inçe fýuzelýažly we 3 sany inli fýuzelýažly howa gämileriň hyzmat etmesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilmesiniň çäklerinde 2010-njy ýylyň aprel aýynda geçiriji ukyplygy sagatda 800 ýolagçy bolan, islendik görnüşli howa gämilerini kabul etmek üçin 3.500 metr uzynlykda emeli uçuş-gonuş zolagy bolan Türkmenbaşy halkara howa menziliniň desgalarynyň täze toplumy açyldy. Türkmenbaşy aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-I. Türkmenbaşynyň iri howa gawany Ýewropany, Kawkazy we Merkezi Aziýany birleşdirýän deňiz, howa, demir ýol we awtomobil ýollarynyň çatrygyndaky ýurduň iň ileri tutulýan sebitleriň biri bolan deňiz kenarynyň uly depginli ösüşi bilen berk baglanşykda bolandygy wajypdyr, ol depginli ösýän deňiz ýakasyndaky ýerleriň üsti bilen howa gatnawynyň ösmeginde pozitiw roly ýerine ýetirmelidir. Täze awiaulag toplumy ilkibaşdan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “howa derwezisi” bolmak üçin niýetlenendir.

2008-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde uçuşlaryň ýerüsti üpjünçiligiň serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmasy bilen täze emeli uçuş-gonuş zolagy we geçirijilik ukyby sagatda 550 ýolagçy bolan awiaýolagçylara hyzmat etmek üçin täze terminal işe girizildi. Mary aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II. 

2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menzili ulanylmaga berildi. Merkezi Aziýada iri hem-de tehnologiýa üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjy bu döwrebap toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär hem-de desgalaryň 100-den gowragyny, şol sanda esasy desgalaryň 48-sini öz içine alýar. Milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlaryna laýyklykda, sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Aşgabadyň Halkara howa menzili ýurdumyzyň awiasiýasyny has-da depginli ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we medeni aragatnaşyklaryny, syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, Türkmenistanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna ýardam etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň howa ulaglary pudagyny ösdürmek baradaky öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, halkara howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen sagatda 500 ýolagçy geçirmäge niýetlenen täze häzirki zaman halkara howa menzilleriniň toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Bu howa menzil toplumy uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylaryň hyzmat etme hilini ýokary derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar we tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Türkmenabat aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II. Türkmenabat howa menziliniň amatly geografiki ýerleşişi Ýewropadan, Günorta-gündogar Aziýadan, Uzak gündogardan we Pars aýlagy sebitinden uçuşlary ýerine ýetirýän howa gämileriň tehniki gonmasyny ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

Daşoguz şäherinde uzynlygy 3800 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy tamamlandy, howa gämilerini ýangyç bilen doldurmak üçin merkezleşdirilen stansiýanyň desgalary, howa gatnawyny dolandyrma minarasy, magistral we sürme ýodalary, howa gämileriň duralga ýerleri bilen perron guruldy. Daşoguz aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II.

Häzirki wagtda welaýat merkezlerinde hereket edýän maddy-tehniki üpjünçiligi boýunça dünýä ülňülerine doly gabat gelýän Halkara howa menzilleri Ýewropadan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa tarap howa ýollarynyň ugrunda ýurdumyzy möhüm üstaşyr merkeze, sebitiň «howa derwezesine» öwürýär.

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde geçirijilik ukyby sagatda 100 ýolagçy bolan döwrebap howa menzilini gurmak baradaky gol çeken Kararyna laýyklykda häzirki döwürde işler ýokary depdinlerde alnyp barylýar. Bu desganyň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, howa ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga itergi berer, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli gumanitar gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine, syýahatçylygyň giň gerime eýe bolmagyna ýardam eder.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde geçirijilik ukyby sagatda 100 ýolagça deň bolan täze döwrebap howa menziliniň gurluşygy hem meýilleşdirilýär. Täze howa menzil toplumlaryň taslamalary tehnologiki innowasiýalary we milli binagärligiň we bezegiň iň gowy däplerini utgaşdyrýan özboluşly dizaýn çözgütlerini birleşdirýän bu pudakdaky iň täze tehnologiýalary we öňde baryjy ýetilenleri hasaba almak bilen amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparky dolulygyna täzelendi. Dünýäniň meşhur awiaulaglary öndürijileriň 37 sany howa gämisi we 14 sany dikuçar, şol sanda «Boeing» kysymly 29 sany howa gämisi bilen milli raýat awiasiýamyzyň ulag-tehniki binýady pugtalandyryldy.

Türkmenistan transmilli howa ulag ulgamyny ösdürmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisini çagyrýar, ol sebitiň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, harytlaryň täze bazarlara çykarylmagyna we ulag harajatlarynyň kemeldilmegine ýardam eder, munuň özi diňe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergini üpjün eder.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikler ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly üstünlikler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar.

Häzirki wagtda pudagyň ulaglar parkynyň düzümini «Iran Khodro», «Hyundai», «Toyota», «PAZ», «Kamaz», «Yutong» kompaniýalarynyň kämil awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň kararlaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerinde 100 orunlyk awtomenzil we 70 orunlyk awtoulag kärhanasy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde 100 orunlyk awtomenzil, Aşgabat şäherinde Halkara awtomenzili gurlup ulanmaga berildi.

Berkarar döwletimiziň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ak patasy bilen paýtagtymyzda ulanmaga berlen Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi ýurdumyzyň ilatynyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň myhmanlaryna we ilatyna edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, şeýle hem awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamakgyň derejesini ýokarlandyrmaga we bu işleri döwrebaplaşdyrmaga uly ýardam berýär hem-de Agentligiň kärhanalarynyň işgärleri üçin oňaýly iş şertleri döredýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy boýunça bina edilen sebitde we ýurdumyzda iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça öňdebaryjylaryň biri bolan bu häzirki zaman ulag toplumy 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär we birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birşeşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyndan ugur alyp, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugurda degişli işler alnyp barylýar. Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky («Aşgabat jarnamasy») hem-de Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky («Lapis-Lazuli») ylalaşyklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 18 döwlete, ýagny Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Päkistan, Belarus, Russiýa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Ukraina, Latwiýa, Ruminiýa, Sloweniýa we Bahreýn ýaly ýurtlaryň Awtomobil ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hakynda hem ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem awtoulag boýunça ýurdumyz ýedi sany halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň agzalyklaryna saýlanandygyny belläp bileris.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygynda Hazarýaka döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürlen teklipleri we bu duşuşykda kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde, «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergisini hem-de hazarýaka döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygy ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda,  2018-nji ýylyň noýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzili hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasyny gurmak bellenip, bu wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy (walidator) ornaşdyryldy, ýeňil taksi awtoulaglaryny internet ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek hyzmatlar ýola goýuldy, paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylýan şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlary elýeter edildi, Aşgabat şäherindäki kärhanalarynyň hasabyndaky döwrebap awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda, ýük awtoulaglarda we welaýatlardaky kärhanalaryň hasabyndaky döwrebap ýük awtoulaglarda GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy.

Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri özüniň mynasyp miwesini berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler Bitaraplygyň umumy kabul edilen ýörelgelerine gabat gelýär. 2020-nji ýyla «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip at berilmegi hem munuň bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda «Türkmendemirýollary» agentliginde alnyp barylan birnäçe gaýragoýulmasyz işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde, türkmen harytlarynyň dünýäniň ähli künjeklerine ykdysady taýdan bähbitli ugurlar bilen aralaşmagynda, içerki bazarlarymyzyň daşary ýurt önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde demir ýol ulaglary pudagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şol nukdaýnazardan, bu ulgamy täze belentliklere götermek ýurdumyzyň ileri tutýan wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzda «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Üstünlikleriň zamany bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzda gurlan ilkinji üstaşyr demir ýol geçelgesi — Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýoly daşary ýurtlara göni çykmaga mümkinçilik döretdi. Milli demir ýol ulgamynyň esasy halkasyna öwrülen Türkmenabat — Kerki demir ýoly ýurduň içinde ýolagçylary hem-de ýükleri gatnatmak mümkinçiligini has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň demirgazyk we günorta sebitlerini gysga ugur bilen birikdiren Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýollary dünýä ýaň salan desga hökmünde häsiýetlendirilip, dünýäde «Garagumuň Altyn halkasy» adyny aldy. Amyderýanyň iki kenaryny birleşdiren ilkinji häzirki zaman inženerçilik desgasy — Kerki — Kerkiçi hem-de Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsi ýurdumyzyň ulaglar düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň mynasyp dowamy boldy.  Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky «köpri» bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly ýurtlaryň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýollar bilen çykmaga, harytlaryň getirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny artdyrmaga, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga güýçli täsir edýär. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly döwlet hem-de halkara ähmiýetli demir ýol gurluşygy boýunça baý tejribe toplan türkmen demirýolçularynyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde gazanan ýene-de bir ýeňşi hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu wakanyň paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilen wagtyna gabat gelmegi bolsa onuň ähmiýetini has hem artdyrýar. Şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýoly ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysady mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen demirýolçularynyň ýol gurluşygynda toplan baý tejribesiniň netijesinde sebitiň möhüm ulag taslamasy durmuşa geçirilip, döwletleriň arasyndaky ulag gatnawlarynyň esasy ulgamy döredildi. Bu halkara ulag geçelgeleriniň ulanmaga berilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň sebitiň demir ýol ulgamyndaky eýeleýän mynasyp ornuny has-da berkitdi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurlup ulanylmaga berilýän «polat ýollar», demir ýol menzilleri diňe bir bagtyýar türkmen halkyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny artdyryp, dünýä halklarynyň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat edýär. Bu ugurda Akina stansiýasynda gurlan goşmaça 10 kilometr demir ýol şahalarynyň açylyş dabarasyny hem-de Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyny ýatlap bileris. Türkmen-owgan demir ýolunyň gurluşygyny Türkmenistan dolulygyna öz üstüne almagy aýratyn bellärliklidir. «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan täzeden gurlan demir ýoluň netijesinde Turgundy bekediniň geçirijilik ukyby artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak hem-de ýurda gysga we amatly ýol bilen import harytlaryny getirmek mümkin döredi.

Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň esasy we barha kämilleşýän ugurlarynyň biri bolan demir ýol ulaglary pudagy ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam edýär. Pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, ýolagçylary gatnatmak, ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Şeýlelikde, ýurdumyz «polat ýollary» arkaly geografik taýdan amatly ýerleşmegi, zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde uly abraýa eýe bolýar.

«Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan demir ýoluň ýolagçylary üçin täze hyzmat ýola goýuldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap işe girizilen bu häzirki zaman hyzmat ýolagçylar üçin internet arkaly (onlaýn) ýol petegini satyn almaga mümkinçilik döretdi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň taýýarlan elektron programma üpjünçiligi arkaly ýa-da «railway.gov.tm» internet sahypasyndan peýdalanyp, ýolagçylar islendik wagt internet ulgamynyň üsti bilen özüne gerekli otly gatnawy barada maglumat alyp bilýärler.

Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan «polat ýollary» hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan «polat ýollary» arkaly diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, sebitde demir ýol ulaglarynyň gatnawy üçin möhüm ähmiýetli ýere öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda ulag ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamynyň ösüşiniň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýe­timiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Bu başlangyçlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda mynasyp dowam etdirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri ähli ulgamlarynda, esasan hem ulag ulgamynda belent sepgitlere ýetdi. Muny «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem görmek bolýar. Agentlik ýolagçy we ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň ösüş depginine uly goşant goşýar. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň öňünde halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmaklyk, portlary we port nokatlaryny ösdürmek, söwda deňiz gatnawlarynda gämileriň ýüzüşleriniň howpsuzlygyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak boýunça wezipeler durýar.

2014-nji ýyl deňiz we derýa ulaglary pudagynyň taryhynda wajyp ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýylda Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düýbi tutuldy we 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dabaraly açylyp, ulanyşa berildi.

Deňiz portunyň umumy tutýan meýdany 150 gektardan gowrak bolup, umumy ýükler, konteýner, ýolagçy hem-de ürgün ýük terminallaryny öz içine alýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze binasyny we ozalky hereket edip gelýän terminallaryny hasaba almak bilen 1 ýylda umumy ýük geçirijilik kuwwaty 25,8 million tonna deňdir. Şeýle-de portuň bir ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük awtoulaglaryna hyzmat etmäge mümkinçiligi bardyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň bir wagtda  17 sany gämini kabul etmäge we ýükleme-düşürme işlerini geçirmäge ukyplydyr.

Umumy meýdany 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminaly ýylda 400 müň konteýner geçirmäge ukyply. Gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 480 metr bolan terminal, bir wagtyň özünde 5000 tonna çenli doly göterijilik ukyby bolan 3 gämini kabul edip bilýär, bu bolsa Türkmenistanyň ulag-logistika infrastrukturasyny berkidip, eksportyň we importyň ösmegine uly goşant goşýar.

Polipropileni saklamak we ýükläp ugratmak boýunça ýöriteleşdirilen terminalynda ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de täze açylan Gyýanlydaky polimer zawodynda çykarylýan polipropilen önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmakda wajyp orunlary eýeleýär.

Ýolagçy-parom terminalynyň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulagyna hyzmat etmäge mümkinçiligi bar.

Umumy ýükler terminalynyň umumy meýdany 261,000 inedördül metr bolup, ýylda 4 000 000 tonna ýük geçirmäge ukyplydyr. Bu terminal polat, demir, agaç materiallary, ulaglar, enjamlar we agyr ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenendir.

Umumy ýyllyk ýük geçirijilik ukyby 3000 000 tonna ýük bolan Ürgün ýükler terminaly demir magdany, sement, kömür, kükürt, galla, şeker, duz we beýleki köp sanly ürgün ýük ýaly ýükleri ýükleme-düşürmek we saklamak üçin niýetlenendir.

«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň ýylda 12 müň tonna demri işläp taýýarlamaga, 4 gämini gurmaga we 20 gäminiň abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçiligi bar. Şeýle-de toplumlaryň ählisinde bioarassalaýjy enjamlar oturdyldy. Bu bolsa portuň ekologiýa taýdan arassadygyny görkezýär. Bu zawody gurmak Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmegiň esasy tapgyrlarynyň biri bolup, deňiz ulaglaryna bolan islegi we olary abatlamak zerurlygyny doly kanagatlandyrmaga hem-de bu ulgamyň tehniki-önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň agyr senagaty pudagynyň we gämi gurluşyk ulgamynyň kemala gelýändigine aýdyň subutnamadyr. Bu desga 166 müň inedördül metr meýdany eýelär. Onda önümçilik meýdançalary, edara, tehniki we hyzmat ediş binalary hem bardyr.

Türk­menbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda sebitiň iri üstaşyr merke­zi bolup durýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan «Ulag we logistika — durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň, Hazarýaka döwletleriň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisleriniň we bulardan başga-da logistiki düzümi has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesindäki maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi halkara deňiz ýük gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, port düzümlerini ösdürmekde we logistik maglumatlary alyşmakda ähmiýeti uludyr. Bu maslahatlaryň çäginde Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere seredilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köpsanly we howpsuz halkara ulag-logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Hazaryň kenarynda bina edilmegi hem tutuş porty Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwürmäge gönükdirilendir. Geljekde bu portuň ulanylmagynyň netijesinde Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykjakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliliginiň ýokarlanjakdygy şübhesizdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender-Abbas, Enzeli, Amirabad portlaryna, Russiýanyň portlaryna ýa-da Azerbaýjanyň Baku portuna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açýar. Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlary üçin Ýakyn we Orta Gündogar hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki ýurtlaryň haryt we çig mal bazarlaryna çykmaga hem aňrybaş amatly şertleri üpjün edýär. Şunlukda, ol giň möçberli ýük gatnawlarynyň ýoluna harçlanýan wagty has gysgaltmaga şert döredýär. Munuň özi bolsa logistikanyň esasy şertleridir. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine goşant goşup, täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn şert döretdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, 2018-nji ýyl da «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Bu kompaniýa üstaşyr we eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe ulag görnüşleri arkaly multimodal gatnawlary amala aşyrmak arkaly ýük alyja eltmekde logistiki çözgütleri hödürleýän kompaniýa bolup durýar.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň, Baltiýa, Eýran, Owganystan, Hytaý, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň ekspeditor kompaniýalary bilen gazanylan hyzmatdaşlyklar esasynda, bäsdeşlige ukyply bahalarda logistiki hyzmatlaryny hödürleýär.

Şeýle-de, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Türkmenistanyň çäginde demir ýol ulaglary bilen konteýner kerwenlerini daşamakda hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň ýeke-täk operatory derejesi berildi. Häzirki wagta çenli, Ýewropa bilen Aziýa ýurtlaryny Türkmenistanyň üsti bilen birikdirilýän Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Hytaý-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran, Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbeýjan – Gruziýa – Türkiýe we beýleki halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň üsti bilen konteýner kerwenleriniň birnäçe gatnawlary amala aşyryldy we olaryň depginleri has-da artdyrylýar.

Ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol ulaglarynda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran dört taraplaýyn ylalaşyk esasynda 2018-nji ýyl boýunça 4 sany konteýner kerwenlerini, Hytaý-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran bäş taraplaýyn ylalaşyk esasynda 2019-njy ýyl boýunça 3 sany konteýner kerwenlerini «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan operator hökmünde amala aşyryldy.

Mundan başgada 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň  Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzyň Kelif demir ýol stansiýasyndan bir konteýner kerweni ýükini ýükläp, 2020-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portyndan polipropileni ýükini konteýner kerweni görnüşinde Hytaý Halk Respublikasynyň Çindau portuna ugradyldy. 2020-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasyndan “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça konteýner kerweni görnüşinde Gazagystanyň döwletiniň üsti bilen 2 sany konteýner kerwenleri getirildi.

“Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga” (Lapis Lazuli Ylalaşygyna) gatnaşyjy agza ýurtlaryň Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýanyň arasynda geçelgäni ösdürmek boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen awtomobil we demir ýol arkaly ýük gatnawlaryny ösdürmek maksady bilen milli operator edip «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bellenildi. Şol bir hatar-da Türkmenistandan Baku-Tblisi-Kars ugry boýunça konteýner gatnawyny ýola goýulyp, bu ugry sepleşdirmek işleri giňden alnyp barylýar.

Şeýle-de, 2020-nji ýylyň iýun aýynda Lapis Lazuli ugry boýunça «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Gruziýadan-Azerbaýjan-Türkmenistan-Owganystan ugry boýunça ýöriteleşdirilen konteýnerlerde tiz zaýalanýan et önümleri synag görnüşinde geçirildi.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan halkara demir ýolunyň hem-de deňiz ýolunyň infrastruktura mümkinçliklerini doly derejede peýdalanmak maksady bilen Azerbeýjan demir ýollarynyň konteýnerleri daşamak boýunça ýöriteleşdirilen kärhanasy bilen bilelikde Türkmenbaşy – Alýat – Türkmenbaşy ugurda konteýner düzümlerini yzygiderli gatnatmak üçin rejeli fider deňiz gämisiniň yzygiderli gatnawlary ýola goýuldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropa – Kawkaz – Aziýa (TRASEKA) söwda ýolunyň ugrunda ýerleşýän Ýewraziýada möhüm geosyýasy ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Bu ýerden gämiler bilen daşalýan ýükleriň gatnawlary Türkmenbaşydan Hazarýaka döwletleriniň portlaryna çenli yzygiderli amala aşyrylýar. Rumyniyanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylda gurnalan dört taraplaýyn duşuşykda ýagny, Türkmenistan – Azerbeýjan – Gruziýa – Rumyniýa ugry boýunça döredilen iş toparyna «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem operator hökmünde çagyryldy.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen, Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlardan Oman Soltanlygynyň gatnaşmagynda ulag-logistika ugry, Aşgabat Ylalaşygy boýunça Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman synag geçelgesi boýunça daşary ýurt hyzmatdaşlarymyz bilen täze taslamalaryň üstünde işlenilýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Özbegistan, Gazagystan, Azerbeýjan we beýleki goňşy hem-de sebit ýurtlaryň milli logistika hyzmatdaş kompaniýalary bilen gündelik maglumat alyşyp-berişmegi ýola goýdy. «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti GDA we beýleki daşary döwletleriň hyzmatdaşlary bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanlarynda Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri boýunça mahabat çäreleri yzygiderli ýerine ýetirilýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gazagystan Respublikasynyň demir ýollarynyň golçur kompaniýasy bolan “KTZ Express” PJ-i bilen, Gruziýa demir ýollarynyň golçur kompaniýasy bolan “GR Logistics & Terminals” JÇJ-i bilen, Özbegistan demir ýollarynyň golçur kompaniýasy bolan “Ozbektemiryolekspeditsiya” birleşen kärhanasy bilen giňden uly depginde hyzmatdaşlygy alyp barýar.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i tarapyndan ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliginiň germini has giňeltmek, netijeli ulanmak we ulag toplumynyň bäsleşige ukyplygyny ýokarladryrmak boýunça işlerini gelejekde has-da ösdürmek we işlerini döwrebap usullary girizmak bilen kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli özgertmeler bolup geçýär.  Bu toplum Türkmenistan Watanymyz öz Garaşsyz­lygyny alanyndan soň ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynyň we telekommunikasiýa ulgamynyň öňdebaryjy, barha kämilleşýän ulgamlarynyň biri hökmünde milli ykdysadyýe­timiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berip gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda bagtyýarlyk döwrüniň eşretli hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyza bu ugurda edilýän hyzmatlaryň görnüşleri-de, hili-de barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-aragatnaşyk kärhanalarynyň işiniň döwrebap derejelerde gurnalmagy, olara kuwwatly ulaglaryň alnyp berilmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk aragatnaşyk enjamlar bilen üpjün edilmegi ilata edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.