Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar toplumy
26-07-25
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň köpugurly, örän oýlanyşykly daşary syýasatyna dünýäde yzygiderli ösüşiň möhüm we aýrylmaz ugry hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň hemişelik oňyn bitaraplyk hukuk derejesine bolsa Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara düşünişmäge we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýagdaýy döretmegiň netijeli usuly diýlip hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmagynda galýar hem-de häzirki döwürde onuň innowasion taýdan ösdürilmeginde esasy orun tutýar.
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä götermäge, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, progresiň gazananlaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hasaplanýan bu gadymy ýoluň dikeldilmeginiň berkarar döwletimiziň halkara söwda aragatnaşygyny ösdürmekde, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ähmiýeti uludyr.
Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asudalygy, hoşniýetli we parahatsöýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýeti tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň girişmegi bilen «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça gurlan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar.
Häzirki wagtda oňyn bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistan dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen hoşniýetli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar hem-de bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýar.
Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynda we berkidilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, Bitarap Türkmenistan sebitiň ýurtlary, şol sanda iri sebitleýin guramalar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan möhüm ähmiýetli ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýa üçin multimodal ýoly döretmek barada ozal öňe süren başlangyjyny amala aşyrmak maksady bilen, BMG-niň Ýewropa Ykdysady topary, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki guramalar bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny ugur edinýär. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we sebitde durnuklylygyň saklanmagy bu gatnaşyklaryň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu wezipeler Türkmenistanyň durnuklylygyň üpjün edilmegine we işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, sebitleýin we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi ýaly sebitleýin gatnaşyklaryň deňeçer ösüşine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryna gabat gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny ösdürmek meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän esasy strategiki ugurlarynyň biri bolmak bilen, diňe ýurt ýa-da sebit möçberinde däl, eýsem dünýä derejesinde hem hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bu babatda «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlaryna öwrüldi. Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman, öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezlerini döredýär. Ol ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga daýanýar, bu bolsa oňa dünýäniň senagat düzüminde mynasyp orny eýelemegine uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bu konsepsiýany öňe ilerletmek bilen, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan, parahatçylyk, dostluk-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan wajyp halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we olary üstünlikli amala aşyrýar. Munuň netijesinde ulaglar ulgamynda birnäçe halkara ähmiýetli birnäçe Kararnamalar hem kabul edildi.
2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýanyň, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde “Ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek” atly Rezolýusiýanyň, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigine we onuň ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan öňdengörüjilikli ulaglar syýasaty mähriban halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine, köpasyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine we medeni däplerine daýanyp, ählumumy parahatçylygy we öňe gitmegi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bu kabul edilen Rezolýusiýalar ekologiýa taýdan amatly, howpsuz, netijeli, ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň harytlaryň we adamlaryň ondan-oňa amatly geçirilmegi hem-de durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýetini ykrar edýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda ulaglar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ýurdumyz halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň merkezie öwrüldi. Bu babatda 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly halkara maslahatyň, 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda “Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň”, 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda “Ulag we logistika” boýunça halkara maslahatyň, 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA VII)”, 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň we beýlekileriň ýurdumyzda geçirilmegi ulag geçelgelerini has netijeli dolandyrmaga, halkara ulag we logistika ulgamyny okgunly ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmaga uly giň mümkinçilikleri döretdi.
Bu ulgamyň ösdürilmegi bolsa, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ulaglar ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga itergi berdi.
Bu işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyzy kuwwatly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwürýän halkara geçelgeleriniň uly ähmiýeti bar. Bu döwletleriň özara bähbitli gatnaşyklarynyň amala aşyrylmagynda esasy ugurlar bolup, milli ulaglar ulgamymyzyň kämilleşmeginde we ösüş maksatly işleriň hasyl bolmagynda iň wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň dürli çäklerinden halkara geçelgeleriniň birnäçesi geçip, Türkmenistan döwletimizi sebitde ulaglaryň dürli görnüşleriniň iri gatnawlar merkezi hökmünde çykyş etmegine esas döredýär.
2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda sebitde esasy ulag geçelgeleriniň biri bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesiniň açylyp berilmegi netijesinde «Demirgazyk – Günorta» ugry boýunça işjeň gatnawlar amala aşyrylyp başlandy. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebit we halkara derejesindäki ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny ýola goýmaga şert bolup durýar. Bu halkara demir ýoly diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa örän oňyn täsir etmäge ukyply düýpli geosyýasy mümkinçiligi döredýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň örän möhüm bölegi bolan täze halkara demir ýolunyň üç döwletiň diňe bir halk hojalyk toplumlary üçin wajyp däl-de, eýsem dünýäniň ulag geçelgelerine birleşmekde taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi babatda möhüm ähmiýeti bardyr.
Sebitde özara bähbitli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen 2014-nji ýylyň 20-nji martynda Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman ýurtlarynyň arasynda ulag ugruny döretmek hakyndaky baglaşylan dörttaraplaýyn Ylalaşyk güýje girdi. Bu dörtaraplaýyn Ylalaşyk Ýewraziýanyň Gündogar — Günbatar ugrunda ýollaryň has gysgalmagyna, ýükleriň gatnaw çykdajysynyň görnetin arzanlamagyna şert döredýär. Bu Ylalaşyga sebitiň beýleki döwletleri hem uly gyzyklanma bildirýärler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesi sebitde ulag gatnawlary arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ugur bolup, Aziýa döwletleriniň birnäçesine çykmaga mümkinçilikleri döredýär.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi hem öz nobatynda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu babatda 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçen «Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatda» ýoluň geljegi, ony ösdürmegiň ugry we mümkinçilikleri dogrusynda pikirler alşyldy. Merkezi Aziýa — Kawkaz — Ýewropa (TRASEKA) halkara ulag geçelgesi Hytaý Halk Respublikasyndan başlap, bütin yklymy birleşdirýän ugur bolup durýar. Bu maksatnamanyň çäginde dünýäniň esasy ulag-üstaşyr geçelgeleri kesişip, bu ugur halklaryň ýakynlaşmagynda, bütin dünýäniň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde kesgitleýji orny eýeleýär. Çünki bu ýollaryň özara birleşmegi ýükleri daşamakdaky we ýolagçylary gatnatmakdaky sarp edilýän wagty we serişdeleri ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgasynyň esasy ugry hökmünde Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe döwletlerini birikdirýän «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesini bellemek bolar. Bu geçelge esasynda ýola goýlan gatnawlar häzirki güne çenli ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam etdi. 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 14-15-i aralygynda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahatyň (RECCA VII) çäginde bu halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen goňşy Owganystanyň haryt dolanşygyny ýokarlandyrmaga, owgan harytlaryny Ýewropa bazarlaryna çykarmaga mümkinçilikler döredilýär. Multimodal ulag geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz ýakalaryny, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady çäklerde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) böleginiň gurlup ulanmaga berildi. Bu giň möçberli taslama Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgeleriniň hil taýdan täze kartasynyň döremegine, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy bilen Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm halkasyny kemala getirilmeginde, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde hem-de tutuş sebiti ösdürmekde ähmiýetli uly orun eýelär. Bitarap Türkmenistan tarapyndan gurulýan bu ýollar halkara parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýollaryna öwrülýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň we dostlugyň berk köprüsiniň esasy wezipesi ýurdumyzyň ulaglar we telekommunikasiýa toplumynyň paýyna düşýär. Bu halkara gatnaşyklaryň wajyp halkasy bolan Türkmenistan Watanymyzda ähli şertleriň bardygyny anyk aýtmak bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag-aragatnaşyk düzümi yzygiderli kämilleşýär. Demir, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglary pudaklarynyň tehniki parklarynyň dünýäde iň kämil ulag serişdeleri bilen üsti ýetirilip durulýar, aragatnaşyk pudagyna ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Şunlukda, kämil we döwrebap otlulary, awtomobilleri, uçarlary, gämileri hem-de häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary halkymyz tarapyndan giňden peýdalanylýar. Ulag we kommunikasiýa toplumyna ösen innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ulag kärhanalarynyň girdejililigi we bäsdeşlik ukyby ýokarlanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza Ýer ýüzünde ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarar.
Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli özgertmeler bolup geçýär. Bu toplum Türkmenistan Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alanyndan soň ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynyň we telekommunikasiýa ulgamynyň öňdebaryjy, barha kämilleşýän ulgamlarynyň biri hökmünde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berip gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda bagtyýarlyk döwrüniň eşretli hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyza bu ugurda edilýän hyzmatlaryň görnüşleri-de, hili-de barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-aragatnaşyk kärhanalarynyň işiniň döwrebap derejelerde gurnalmagy, olara kuwwatly ulaglaryň alnyp berilmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk aragatnaşyk enjamlar bilen üpjün edilmegi ilata edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.