SAGLYK - BAŞ BAÝLYK
23-12-25
Saglyk — bu tebigatyň ynsana beren peşgeşi, ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi. Ýöne, şol saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamynyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmak bolmaz.
Her bir adamyň kesellerden goranmagy, sagdyn ýaşamagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmegi arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüniň alynmagyna ýardam edýär. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň göreldesi, olaryň keselleriň öňüni almaga gönükdirilen degerli maslahatlary, şol sanda, arassaçylygyň dogry we doly berjaý edilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Güýz paslynda howanyň salkynlamagy, üýtgemegi, onda zyýanly tozanjyklaryň peýda bolmagy bilen keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar köpelýär. Güýz aýlarynda ýüze çykýan näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyga, kadaly we dogry iýmitlenilmegine aýratyn üns bermeli.
Häzirki döwürde ýurdumyzda keselleriň öňüni almak babatda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän çäreler bolsa suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmekligi, akaba suwlaryň daş-töweregini arassa saklamaklygy, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmekligi we saglyk hakynda wagyznesihat işlerini geçirmekligi öz içine alýar. Şeýlelikde, azyk önümlerini ýygnamakda, saklamakda, taýynlamakda hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda we çagalar edaralarynda, mekdeplerde sanitar ýagdaýlary gözegçilikde saklanýar.
Keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar daşky gurşawda durnukly saklanýanlygy sebäpli suwda we azyk önümlerinde öz kesel ýaýradyjy häsiýetlerini ýitirmeýärler. Bu bolsa adamlara kesellemek howpuny salýar. Hut şonuň üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini dogry we doly berjaý etmelidirler. Her bir adam öýlerini, otaglaryny arassa saklamaly, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli, penjireleri açyp ýelejiretmeli we howasyny çalşyp durmaly, jaýyň we howlynyň daş-töweregini süpürip, zir-zibilleri aýyrmaly. Mundan başga-da, otaglarda üzärligi tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýratmak hem birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Bakteriýalaryň ýok edilmegine, adam bedeniniň kesele durumlylygyna ýardam edýär.
Günüň dowamynda adamlar, ylaýta-da, çagalar elleri bilen öýde, ýolda, ulagda tutawaçlary tutýarlar, meýdançalarda oýun oýnaýarlar. Bu ýagdaýlar bolsa ellerimizde göze görünmeýän keselleri dörediji mikroblary köp mukdarda galdyrýar. Her bir adam daşardan gelnenden soň, nahardan öň we soň, okuwçylar bolsa okuw esbaplaryny, smartfony, planşeti ulanandan soň hökmany suratda sabyn bilen ellerini gowy ýuwmalydyr. Sebäbi, howply keselleriň köpüsi elleriň üsti bilen geçýär. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen gowy ýuwup durmaly. Ilki bilen, eliň aýasyny, soňra daş ýüzüni, barmaklaryň arasyny sabyn bilen gowy ýuwup, akar suwuň aşagynda elleri durlamaly, soňra bolsa elsüpürgiji ýa-da desmal bilen pugta süpürmeli.
Dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklary bilen hem meşgullanmalydyr. Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky ylymdyr. Arassaçylygy egin-eşik, aýakgap gigiýenasy, iýmit gigiýenasy, zähmet gigiýenasy, jemgyýet gigiýenasy ýaly toparlara bölmek bolýar.
Şahsy beden arassaçylygyna birnäçe talaplar degişli bolup, ol adamyň zähmete bolan ukybyny gowulaşdyrýar, uzak ýaşamagyny üpjün edýär, kesellerden goraýar. Beden arassaçylygynyň talaplary dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Bedeniň arassalygy egin-eşige, aýakgaba, ýorgan-düşegiň arassalygyna-da baglydyr. Ýene-de aýratyn nygtalmy zatlaryñ biri, adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa, oýnawaçlar oýnalandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, düşündirmelidir. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara aýdyp, ýatladyp durmalydyr. Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr.
Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Lukman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Jümagül AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.