Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
27-04-26
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Beýleki ençeme döwletler bilen bir hatarda, strategik hyzmatdaş hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklar barha ösdürilýär hem-de hil taýdan täze derejä çykarylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan wagtyndan Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlygy hökmünde özara-deňhukukly gatnaşyklary ýol goýdy. 2002-nji ýylda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama, 2017-nji ýylda RF-niň Prezidenti W.Putiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem-de 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnama gol çekilmegi iki ýurduň özara gatnaşyklaryň döwrüň talabyna görä, yzygiderli ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynda (noýabr, 2022ý.) Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryny asyrlaryň çuňlugyna uzaýan goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär, munuň özi mizemez dostlugyň binýadyny döredýär, diýip aýdan sözlerini aýratyn ýatlasymyz gelýär.
Şu ýerde milletleriň özara gatnaşyklarynda dil bilmekligiň ähmiýetiniň uludygyny, has takygy – milletleriň özara ysnyşmaklarynda onuň örän zerurdygyny belläp aýtmak isleýärin. Çünki köp dil bilýän adamyň intellektual derejesi ýokary bolup, ol kämilleşen şahsyýete öwrülýär. Durmuş hakykatyndan ugur alsaň, öň hem, Adamzat siwilizasiýasynyň häzirki ösüş döwründe hem köp dil bilmeklik taryhy zerurlyk bolupdyr diýmek ýalňyş bolmaz. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň, şol sanda arap, iňlis, rus, nemes, ýapon, hytaý we beýleki milletleriň dillerini öwrenmekleri we olary kämil özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar.
Ýurdymyzda rus diline berilýän ünsüň aýratynlygyny bellemek gerek. Rus dili çagalar bagyndan başlap orta mekdeplerde, dürli derejedäki hünär berýän, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Okuw mekdeplerinde rus dilinde okaýan toparlar bar. Ýörite, A.S.Puşkin adyndaky rus mekdebi (Aşgabat ş.) işleýär. Ýakyn geljekde Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň filiallaryny açmak göz öňünde tutylýar. Bu meýilleşdirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen-rus ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de berkidilmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň döwrebab derejede bilim almaklary, ylym öwrenmekleri – şunlukda öz hünäriniň ussady, döredijilikli zähmet çekmäge ukyply hem-de başarjaň bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýär, tagallalar edýär. Beýleki döwletler, milletler bilen özara bähbitli köpugurly gatnaşyklary ýola goýýar. Şolaryň hatarynda ylym-bilim, medeni-gumanitar gatnaşyklara hem üns berilýär.
Biziň institutymyzda hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň tanymal, dürli derejedäki okuw mekdepleri bilen onlaýn arkaly okuw sapaklary, ylmy-amaly maslahatlar hem-de bäsleşikler geçirilip durulýar. Bu tagallalaryň hemmesi biziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredýär.
- “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar höhmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”, diýmek bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär.
Ýurdumyzyň geljegi, ýaş nesillerimiziň hem-de ähli türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin dyngysyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, alyp barýan belent maksatly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Maýa ÝAZMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň rus dili mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.