DÖWREBAP MERKEZ
30-04-26
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.
Şeýle okuw jaýlarynyň biri hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizdir. Ýakynda ýokary okuw jaýymyzyň çäginde talyplarymyzyň okuw derslerini hasda kämilleşdirmek maksady bilen «Lu Ban ussahanasy» açyldy. Bu bolsa Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegi ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, şeýle-de iki ýurduň arasynda tejribe alyşmakda giň mümkinçilikleri döreder. Bu ýerde oturdylan enjamlar häzirki zaman döwrebap ýokary derejeli bolup talyplar we ýaş alymlar üçin geologiýa buraw işleri gazhimiýa we maglumat ulgamlary boýunça hytaýly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga amatly şert bolup durýar.
Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» işe girizilmegi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry bolup, iň täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyna ýardam berer. Bu merkez nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we hytaýly hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm binýady emele getirer.
Öňdengörüjilikli, parasatly başlangyçlary bilen döwletimizi dünýäniň innowasion ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Annamuhammet HAJYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.