«Türkmendemirýollary» agentligi

18-01-22

Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri özüniň mynasyp miwesini berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler Bitaraplygyň umumy kabul edilen ýörelgelerine gabat gelýär. 2022-nji ýyla «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip at berilmegi hem munuň bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda «Türkmendemirýollary» agentliginde alnyp barylan birnäçe gaýragoýulmasyz işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde, türkmen harytlarynyň dünýäniň ähli künjeklerine ykdysady taýdan bähbitli ugurlar bilen aralaşmagynda, içerki bazarlarymyzyň daşary ýurt önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde demir ýol ulaglary pudagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şol nukdaýnazardan, bu ulgamy täze belentliklere götermek ýurdumyzyň ileri tutýan wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzda «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Üstünlikleriň zamany bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzda gurlan ilkinji üstaşyr demir ýol geçelgesi — Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýoly daşary ýurtlara göni çykmaga mümkinçilik döretdi. Milli demir ýol ulgamynyň esasy halkasyna öwrülen Türkmenabat — Kerki demir ýoly ýurduň içinde ýolagçylary hem-de ýükleri gatnatmak mümkinçiligini has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň demirgazyk we günorta sebitlerini gysga ugur bilen birikdiren Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýollary dünýä ýaň salan desga hökmünde häsiýetlendirilip, dünýäde «Garagumuň Altyn halkasy» adyny aldy. Amyderýanyň iki kenaryny birleşdiren ilkinji häzirki zaman inženerçilik desgasy — Kerki — Kerkiçi hem-de Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsi ýurdumyzyň ulaglar düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň mynasyp dowamy boldy.  Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky «köpri» bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly ýurtlaryň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýollar bilen çykmaga, harytlaryň getirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny artdyrmaga, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga güýçli täsir edýär. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly döwlet hem-de halkara ähmiýetli demir ýol gurluşygy boýunça baý tejribe toplan türkmen demirýolçularynyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde gazanan ýene-de bir ýeňşi hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu wakanyň paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilen wagtyna gabat gelmegi bolsa onuň ähmiýetini has hem artdyrýar. Şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýoly ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysady mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen demirýolçularynyň ýol gurluşygynda toplan baý tejribesiniň netijesinde sebitiň möhüm ulag taslamasy durmuşa geçirilip, döwletleriň arasyndaky ulag gatnawlarynyň esasy ulgamy döredildi. Bu halkara ulag geçelgeleriniň ulanmaga berilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň sebitiň demir ýol ulgamyndaky eýeleýän mynasyp ornuny has-da berkitdi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurlup ulanylmaga berilýän «polat ýollar», demir ýol menzilleri diňe bir bagtyýar türkmen halkyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny artdyryp, dünýä halklarynyň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat edýär. Bu ugurda Akina stansiýasynda gurlan goşmaça 10 kilometr demir ýol şahalarynyň açylyş dabarasyny hem-de Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyny ýatlap bileris. Türkmen-owgan demir ýolunyň gurluşygyny Türkmenistan dolulygyna öz üstüne almagy aýratyn bellärliklidir. «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan täzeden gurlan demir ýoluň netijesinde Turgundy bekediniň geçirijilik ukyby artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak hem-de ýurda gysga we amatly ýol bilen import harytlaryny getirmek mümkin döredi.

Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň esasy we barha kämilleşýän ugurlarynyň biri bolan demir ýol ulaglary pudagy ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam edýär. Pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, ýolagçylary gatnatmak, ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Şeýlelikde, ýurdumyz «polat ýollary» arkaly geografik taýdan amatly ýerleşmegi, zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde uly abraýa eýe bolýar.

«Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan demir ýoluň ýolagçylary üçin täze hyzmat ýola goýuldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap işe girizilen bu häzirki zaman hyzmat ýolagçylar üçin internet arkaly (onlaýn) ýol petegini satyn almaga mümkinçilik döretdi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň taýýarlan elektron programma üpjünçiligi arkaly ýa-da «railway.gov.tm» internet sahypasyndan peýdalanyp, ýolagçylar islendik wagt internet ulgamynyň üsti bilen özüne gerekli otly gatnawy barada maglumat alyp bilýärler.

Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan «polat ýollary» hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan «polat ýollary» arkaly diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, sebitde demir ýol ulaglarynyň gatnawy üçin möhüm ähmiýetli ýere öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda ulag ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamynyň ösüşiniň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtlaryna ýüzlenip bilersiňiz:

https://railway.gov.tm hem-de https://turkmendemiryollary.gov.tm

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.