«Türkmenhowaýollary» agentligi

18-01-22

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän uly göwrümli maksatnamalar ýurduň ösüşiniň täze tapgyry üçin düýpli esas goýuldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyly içinde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda we işjeňleşmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilip, halklaryň bolelinligini gazanmakda kesgitleýji orun eýeleýän bu özgertmeleri, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu üstünlikler bolsa ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegine mümkinçilik döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe howa ulaglary pudagynyň ýokary depginli ösüşini gazanmakda hem uly aladalar edilip, halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Howa ulag pudagyndaky daşary ykdysady gatnaşyklar dünýä döwletleri bilen baglaşylan halkara ylalaşyklaryň esasynda we raýat awiasiýa pudagyndaky halkara konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar, şeýlelik bilen bu pudak daşary ýurtlar bilen 50-den gowrak dürli ylalaşyklaryň gatnaşyjysydyr, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO), Howa giňişligini ulanma geňeşiniň, şeýle hem Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa agentligi (EASA) bilen bilelikde hereket edýär.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylyp, içerki we halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda, halk hojalyk ýüklerini daşamakda öz wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň howa ulaglary ulgamynyň ýerüsti infrastrukturasy barha pugtalandyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň halkara derejeli howa menzilleri, Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebi, lukmançylyk merkezi, “Laçyn” myhmanhana toplumy, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem awiasiýa işlerini we Türkmenistanyň howa giňişliginde üstaşyr geçelgeleriniň üpjünçiligini howpsuz ýerine ýetirilmesi boýunça bitewi önümçilik-tehnologiki prosesini üpjün edýän beýleki awiasiýa gulluklary pudagyň özenini düzýär.

Uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýurdumyzyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmak üçin “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” ugurlary boýunça täze howa ugurlary açylýar, bu bolsa gatnaw­laryň dolanyşygyny artdyrmaga mümkiçilik berýär. Howpsuz aeronawiga­sion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri howa gatnawynyň dolandyrmasynyň radio­lokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan.

Howa ulaglary pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Bu pudak ýyl-ýyldan güýçli depginler bilen özgerip, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda özüne degişli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň howa menzilleriň iş usullaryny döwrebaplaşdyrmak ýaly işleri maksat edinip, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu ugurda guramaçylykly çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, şeýle hem raýatlarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tehniki taýdan üpjünçiligi we onuň häzirki zaman uçarlar parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» gullugynyň işiniň has-da kämilleşip, tehniki taýdan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, howa ulaglary pudagyna degişli binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, täze uçarlaryň birnäçesiniň satyn alynmagy umumy gazanylan ýokary netijeleriň gysgaça beýanyny düzýär. Aýratyn hem, soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň tehniki esasy hem düýpgöter özgerdi we kuwwatlandy. «Laçyn» nyşanly türkmen «Boeing» uçarlary bilen yzygiderli üsti ýetirilýän milli raýat awiasiýamyz dünýäde özüni kämil, döwrebap awiasiýa kompaniýasy we ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy.

«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasynda bu pudagyň işini özgertmek babatda köp sanly işler durmuşa geçirildi.  Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlaryň depginliligini artdyrmaga mümkiçilik berýär.

Howpsuz aeronawigasion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri «Thales» öňde baryjy fransuz kompaniýa synyň howa gatnawynyň dolandyrmasynyň radiolokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki günde ýurduň howa giňişliginde Howa gatnawyny dolandyrma gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine hyzmat edilýär. Esasy howa menzilleriň biri bolan Aşgabat Halkara howa menzili Türkmenistanyň baş “howa derwezisidir”, yklym we yklymara awiaýollaryndaky iri üstaşyr nokadydyr. Bu aeromenzil toplumy iki ýolagçy terminaldan we VIP-terminaldan ybarat bolup, onda sagatda 2000 ýolagça golaý hyzmat edilýär, bu bolsa, öz gezeginde, hemmesini jemläp aýdanyňda ýylda 17 milliondan köpräk ýolagçylara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly ýylda dürli ýükleriň 200 müň tonnasyny işläp taýýarlamaga ukyplydyr. Aşgabat aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO-4F/САТ-III. “Türkmenhowaýollary” agentligiň awiasion-tehniki bazasy, howa gämilerine hyzmat etmek boýunça uly döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awiasion-tehniki merkezi bar, ol şol bir wagtyň özünde 5 sany inçe fýuzelýažly we 3 sany inli fýuzelýažly howa gämileriň hyzmat etmesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilmesiniň çäklerinde 2010-njy ýylyň aprel aýynda geçiriji ukyplygy sagatda 800 ýolagçy bolan, islendik görnüşli howa gämilerini kabul etmek üçin 3.500 metr uzynlykda emeli uçuş-gonuş zolagy bolan Türkmenbaşy halkara howa menziliniň desgalarynyň täze toplumy açyldy. Türkmenbaşy aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-I. Türkmenbaşynyň iri howa gawany Ýewropany, Kawkazy we Merkezi Aziýany birleşdirýän deňiz, howa, demir ýol we awtomobil ýollarynyň çatrygyndaky ýurduň iň ileri tutulýan sebitleriň biri bolan deňiz kenarynyň uly depginli ösüşi bilen berk baglanşykda bolandygy wajypdyr, ol depginli ösýän deňiz ýakasyndaky ýerleriň üsti bilen howa gatnawynyň ösmeginde pozitiw roly ýerine ýetirmelidir. Täze awiaulag toplumy ilkibaşdan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “howa derwezisi” bolmak üçin niýetlenendir.

2008-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde uçuşlaryň ýerüsti üpjünçiligiň serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmasy bilen täze emeli uçuş-gonuş zolagy we geçirijilik ukyby sagatda 550 ýolagçy bolan awiaýolagçylara hyzmat etmek üçin täze terminal işe girizildi. Mary aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II. 

2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menzili ulanylmaga berildi. Merkezi Aziýada iri hem-de tehnologiýa üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjy bu döwrebap toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär hem-de desgalaryň 100-den gowragyny, şol sanda esasy desgalaryň 48-sini öz içine alýar. Milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlaryna laýyklykda, sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Aşgabadyň Halkara howa menzili ýurdumyzyň awiasiýasyny has-da depginli ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we medeni aragatnaşyklaryny, syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, Türkmenistanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna ýardam etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň howa ulaglary pudagyny ösdürmek baradaky öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, halkara howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen sagatda 500 ýolagçy geçirmäge niýetlenen täze häzirki zaman halkara howa menzilleriniň toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Bu howa menzil toplumy uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylaryň hyzmat etme hilini ýokary derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar we tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Türkmenabat aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO -4Е/САТ-II. Türkmenabat howa menziliniň amatly geografiki ýerleşişi Ýewropadan, Günorta-gündogar Aziýadan, Uzak gündogardan we Pars aýlagy sebitinden uçuşlary ýerine ýetirýän howa gämileriň tehniki gonmasyny ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

Daşoguz şäherinde uzynlygy 3800 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy tamamlandy, howa gämilerini ýangyç bilen doldurmak üçin merkezleşdirilen stansiýanyň desgalary, howa gatnawyny dolandyrma minarasy, magistral we sürme ýodalary, howa gämileriň duralga ýerleri bilen perron guruldy. Daşoguz aerodromynyň häsiýetlendirmesi: ICAO-4Е/САТ-II.

Häzirki wagtda welaýat merkezlerinde hereket edýän maddy-tehniki üpjünçiligi boýunça dünýä ülňülerine doly gabat gelýän Halkara howa menzilleri Ýewropadan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa tarap howa ýollarynyň ugrunda ýurdumyzy möhüm üstaşyr merkeze, sebitiň «howa derwezesine» öwürýär.

Geçen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde geçirijilik ukyby sagatda 100 ýolagçy bolan döwrebap howa menzilini gurlup ulanmaga berildi . Bu desga ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, howa ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga itergi berer, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli gumanitar gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine, syýahatçylygyň giň gerime eýe bolmagyna ýardam edýär.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde geçirijilik ukyby sagatda 100 ýolagça deň bolan täze döwrebap howa menziliniň gurluşygy hem meýilleşdirilýär. Täze howa menzil toplumlaryň taslamalary tehnologiki innowasiýalary we milli binagärligiň we bezegiň iň gowy däplerini utgaşdyrýan özboluşly dizaýn çözgütlerini birleşdirýän bu pudakdaky iň täze tehnologiýalary we öňde baryjy ýetilenleri hasaba almak bilen amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparky dolulygyna täzelendi. Dünýäniň meşhur awiaulaglary öndürijileriň 37 sany howa gämisi we 14 sany dikuçar, şol sanda «Boeing» kysymly 29 sany howa gämisi bilen milli raýat awiasiýamyzyň ulag-tehniki binýady pugtalandyryldy.

Türkmenistan transmilli howa ulag ulgamyny ösdürmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisini çagyrýar, ol sebitiň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, harytlaryň täze bazarlara çykarylmagyna we ulag harajatlarynyň kemeldilmegine ýardam eder, munuň özi diňe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergini üpjün eder.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtlaryna ýüzlenip bilersiňiz:

https://caa.gov.tm/ru hem-de https://turkmenistanairlines.tm 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.