Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
Gruziýa Azerbaýjanyň we Ermenistanyň çäklerine barýan tizlikli ýollary gurar
Gruziýanyň sebitleýin ösüş we infrastruktura ministrligi Azerbaýjan bilen Ermenistanyň çäklerine tizlikli awtomobil ýoly gurmak üçin tender yglan etdi.
“iPhone 16 Pro” Hindistanda öndüriler
“Apple” kompaniýasy ”iPhone 16 Pro” kysymly smartfonlarynyň önümçiligini bölekleýin esasda Hytaýdan Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär. Telefonlaryň bu modeli Hytaýda öndürilmedik modelleriň biri bolar.
Türkiýede halkara howa menzili açyldy
Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.
“Eutelsat” dünýädäki iň uly ýerüsti hemra aragatnaşyk kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär
Fransiýanyň emeli hemra operatory “Eutelsat” bahasy takmynan €790 million ($863 million) ýerüsti hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýa döretmek isleýändigini mälim etdi.
Peterburgdan Hytaýa ýük daşamak on güne çenli gysgaldy
Demirgazyk deňiz ýolunyň ugrunda täze ulag ýoly işe girizildi. Munuň özi harytlaryň eltip bermek möhletini on gün azaldar. Aziýa ýurtlaryndan ýollanan harytlar bary-ýogy 25 günüň dowamynda Sibiriň üstünden uzaýan magistraldan ýol salyp, ulag gijikdirmelerinden geçip, göni Sankt-Peterburg portuna gelýär.
Siandan ýola düşen täze konteýner otlusy Gazagystanyň üstünden geçip, bäş günüň içinde Daşkende geldi
Kasym-Žomart Tokaýew we Şawkat Mirziýoýow Siýandan Daşkende Hytaý — Gazagystan — Özbegistan ugry boýunça barýan ýola konteýner otlusynyň gelmegi mynasybetli guralan resmi dabara gatnaşdylar. Bu barada «Akorda» salgylanýan «inbusiness.kz» habar berýär.
Täjigistan hytaý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär
Täjigistanyň hökümeti daşary ýurtly taraplar bilen hyzmatdaşlygyň çäginde elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmak isleýär. Bu barada Täjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir metbugat ýygnagynda habar berdi.
«Turkish Airlines»-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatda ýerleşýän satuw ofisinde ýolagçy howa gatnawy mahalynda goşlary we zatlary uçarda, şeýle hem ýanyň bilen daşamagyň düzgünleri barada gürrüň berdiler. Awiakompaniýanyň wekilleri howa gatnawlarynyň halkara düzgünlerine laýyklykda, käbir zatlary uçarda we el goşuň hökmünde ýanyňda daşamagyň gadagan edilýändigini düşündirdiler.
“Täjik demir ýollary” GDA ýurtlaryndan ýükleri daşamak üçin uly arzanladyşlar hödürleýär
“Täjik demir ýollary” Döwlet bitewi kärhanasy GDA ýurtlaryndan demir ýol arkaly gatnawlar üçin uly arzanladyşlary hödürleýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, Täjigistanyň milli habarlar gullugy «Ховар» habar berýär.
“Boeing” kompaniýasyna täze ýolbaşçy bellendi
“Boeing” korporasiýasynyň täze baş direktory wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda wezipesine girişer.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.