Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary

Azerbaýjanda täze howa menziliniň açylyş dabarasy boldy
Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk gününde Laçin etrabynda gurlan halkara howa menziliniň açylyş dabarays geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdylar.

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar
Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi hökümeti giň gerimli taslama – emeli aň tehnologiýasy ornaşdyryljak dünýäde ilkinji şäheriň gurluşygyna badalga berdi. Täze megapolis “Aion Sentia” diýlip atlandyrylar we Emirligiň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy merkezine öwrüler. Taslamanyň maýa goýumynyň möçberi 3.3 milliard dollara deň bolar we ony 2027-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hytaýda dünýäde iň beýik awtoulag köprüsi guruldy
Hytaýda täze awtoulag köprüsiniň gurluşygy tamamlandy, ol dünýäde iň beýik awtoulag köprüsi diýen ada dalaşgärlik edýär. Köpri deňiz derejesinden 625 metr belentlige ýetip, uzynlygy 3 kilometre golaý diýip, «MIR 24» habar berdi.

Hytaýyň eksporty 850 milliard dollardan geçdi
Hytaýyň 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 6.13 trillion ýuana (850 mlrd &) deň bolup, degişli hasabat döwründe importuň möçberi 6 göterim azalyp, 4.17 trillion ýuana deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berilýär.

Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygy ýola goýmaga taýýarlanýar
Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygyñ täze tehnologiýasyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Bu bolsa ýurtda telekommunikasiýalaryñ ösmeginde möhüm ädim bolar.

Samsung eplenilýän smartfonlar dünýäsinde düýpgöter özgeriş taýýarlady
Samsung kompaniýasy täze enjamy bilen eplenilýän smartfonlar dünýäsinde düýpgöter özgeriş taýýarlaýar. Täze enjamyñ iki tarapa eplenmegiň ajaýyp mümkinçiligi bolar. Munuň özi ulanyjylara bildirişler we esasy wezipeler üçin häzirki zaman eplenilýän enjamlarda ulanylýan daşky ekranyň zerurlygy hökman däl diýmegi aňladýar.

Türkiýe özüniň smartfonlaryny döredýär
Türkiýe Respublikasynyň Türk Telekom Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy türk smartfonlaryny işläp taýýarlamak boýunça taslamanyň ýola goýulandygy barada habar berdi. Ol “Milli we ýerli kommunikasiýa enjamlary” atly has giň başlangyjyň bir bölegi bolar.

Gazagystan bilen Russiýanyň serhedindäki gümrük nokady düýpli abatlanar
Gazagystan-Russiýa serhedindäki Abaý sebitindäki «Auyl» gümrük nokady düýpli abatlanar. Bu barada «Sputnik Gazagystan» neşiri habar berýär. Serhet gözegçilik nokady 2011-nji ýylda gümrük nokadynyň binasynda ýerleşipdi we şondan bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmändi. Desganyň durkunyň täzelenmegi 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylda ýük ugradyjylaryň köpüsi ýüklerini otlyda däl-de, ýük awtoulagynda ibermek kararyna geldiler
Russiýanyň «Rosstat» gullugynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Russiýada ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň umumy möçberi 5,5% ýokarlanyp, 9,4 milliard tonna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde demir ýol arkaly ýük daşamak 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4,2% azaldy we 1,19 milliard tonna, ýol ulaglary bilen bolsa 8,3% ýokarlanyp, 7 milliard tonna çenli azaldy.

Hytaýyň ulaga ýük ýüklemeleri 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 4,8% ýokarlandy
Hytaýyň Milli statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, Hytaýda ulaga ýüklenip iberilýän ýükleriniň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 7,66 milliard tonna bolanlygynda, ol 2025-nji ýylyň ilkinji iki aýynda 8 milliard tonna (geçen ýyl bilen deňeşdirilende +4,8%) boldy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.