Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
1670e0ac6b1ec0.jpeg
3 aý ozal
Almaty şäheriniň golaýynda sygymlylygy 100 müň TEU bolan konteýner terminaly açylar

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň aýagyna çenli Almaty şäheriniň golaýynda ýerleşýän Burundaý stansiýasynda Burundaý konteýner terminalynyň (BCT) birinji tapgyry açylar. Bu barada geljekki terminalyň baş direktory Pulat Haitow «#Законтейнерами» maslahatynyň dowamynda gürrüň berdi we has aýdyň bolar ýaly, terminalyň çäginde häzirki wagtda meýdany 50 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň plitasyny örtmek işleriniň tamamlanýandygyny aýtdy.

1670e0a186523f.jpeg
3 aý ozal
FESCO Pars aýlagynyň portlaryna konteýner hyzmatyny ýola goýup başlar

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda FESCO ulag kompaniýalar topary Noworossiýsk, Hindistan we BAE FESCO Indian Line West portlarynyň arasyndaky yzygiderli ugruň esasynda Pars aýlagynyň ýurtlaryna deňiz konteýner hyzmatyny ýola goýup  başlar. Bu barada «FESCO Integrirlenen Ulag» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Alekseý Krawçenko «#Законтейнерами» atly maslahatynynyň barşynda gürrüň berdi.

1670e08b29d6eb.jpeg
3 aý ozal
Hytaý Merkezi Aziýa awtoulaglar üçin ýük otlusyny işe goýberýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom etraby Gazagystanyň Almaty şäherine ýük otlusynyň gatnawyny ýola goýýar. Umumy bahasy 27 mln ýuana deň bolan ulag serişdeleri ýüklenen ilkinji ýük otlusy golaýda etrabyň paýtagty Urumçi şäherinden Gazagystana ýola düşdi. Bu barada «Daryo.uz» ýazýar.

1670039ba2b7a8.jpeg
4 aý ozal
“Türk Howaýollary” Bişkekden Şanhaýa oba hojalyk önümlerini daşar

Gyrgyzystanyň Oba hojalygy ministrliginiň habaryna görä, Türkiýäniň “Türk Howaýollary” awiakompaniýasy  Bişkekden Şanhaýa hepdede 300 tonna çenli oba hojalyk önümlerini daşar.

166feea7317c62.jpeg
4 aý ozal
2025-nji ýylda halkara elektron ýol-ulag resminamasy Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň derejesine çykar

2025-2026-njy ýyllarda elektron CMR-i Russiýada we Belarusda senagat taýdan ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada «ДМТК» awtonom telekeçilik däl guramasynyň halkara ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Wladimir Korostelýow «Sanly transportasiýa — 2024» forumynda eden çykyşynda beýan etdi.

166fb8dcdb2cfc.jpeg
4 aý ozal
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoly 5 ýylda gurlar

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýolunyň 5 ýylda guruljakdygy bellenildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow halkara ylmy maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi.

166f4eb388a582.jpeg
4 aý ozal
«Awtoulag ýükden köp»: ýük daşaýjy nyrhlaryň peselmegini ýük gatnatmaklyga islegiň pese gaçmagy bilen düşündirýär

Russiýada awtoulagda ýük daşamak islegi juda azaldy. Bu barada «Cargo Dragon» ulag kompaniýasynyň baştutany Maksim Kriştopow «Kommersantyň» žurnalistlerine gürrüň berdi.

166e13eb75c958.jpeg
4 aý ozal
Awgust aýynda täze ýeňil täjirçilik awtoulaglarynyň satuwy 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejäni gaýtalady

Tomus aýynyň soňky aýynda Russiýada 9374 täze ýeňil täjirçilik awtoulagy (LCV) satyldy – diýip, AUTOSTAT gullugynyň hünärmenleri «AUTOSTAT Operatiwka. Russiýanyň awtoulag bazary boýunça operatiw maglumatlar. 2024-nji ýylyň awgust aýynyň netijeleri» ady bilen geçirilen onlaýn-ýaýlymda habar berdiler.

166e13dfd3680b.jpeg
4 aý ozal
Gazagystanyň ulag ministrligi ýük awtoulaglarynyň we awtobuslaryň sürüjileriniň Iş we dynç alyş düzgüniniň berjaý edilişini gözden geçirer

Gazagystanda Awtomobil ulaglary we ulag gözegçiligi komitetiniň başlangyjy bilen sürüjileriň Iş we dynç alyş düzgünini berjaý edişlerine gözegçilik etmekligiň «Tahograf» ady bilen biraýlyk geçirilýär. Lardi.Today bu barada BAMAP Halkara awtoulag arkaly ýük daşaýjylar birleşiginiň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habara salgylanýandygyny belledi.

166e13c891c72f.jpeg
4 aý ozal
Özbegistanda howa ulagy arkaly ýük daşamagyň möçberi artdy

2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda howa ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 5,900 tonna barabar boldy. Özbegistanyň Statistika gullugyna salgylanmak bilen, bu barada «Trend» saýty habar berýär. Habarlar agentligi bu görkezijiniň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2% ýokarydygyny belleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.