Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
1641168cca49d0.jpeg
1 ýyl ozal
Adamlar baradaky alada — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugry

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

1640ffc1328768.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

1640eb52739b27.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary

11-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

1640eb0167c9fb.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi.

1640c9c67eb71a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

1640969d48a351.jpeg
1 ýyl ozal
Durmuş ulgamyny ösdürmek — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi.

16409677c47b20.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.

16409628fbe148.jpeg
1 ýyl ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna

Sizi gözelligi, ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan, bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16406c87206666.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

164056c0767f3c.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy..

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.